Ykdysady işiň döwrebap ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylýan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda degişli ugurda «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ady agzalan Kanunyň kadalarynyň ýerine ýetirilmeginiň berjaý edilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen, «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi ösdürmegiň maksatnamasy hakynda» hem-de «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny halkara standartlaryna geçirmegiň meseleleri hakynda» resminamalar toplumy kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, bulary durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek boýunça çäreleriň meýilnamasy hem işlenilip düzüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde buhgalterleri taýýarlamak, olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça sapaklar guralýar hem-de hereket edýän okuw meýilnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ýurdumyzda ösdürilmegi bilen bagly alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu gün ýurdumyzda ýöriteleşdirilen guramalar bilen buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ösdürilmegi boýunça alnyp barylýan işler hemişelik häsiýete eýe boldy. Öz gezeginde olara ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň tejribeli hünärmenleriniň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň yzygiderli gatnaşmagy bolsa, göz öňünde tutulan işleriň möhüm hil netijesini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine ösen döwrebap tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň hem-de halkara tejribeleriniň has içgin ornaşdyrylýan häzirki döwründe kabul edilýän şeýle çözgütler Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan döwletimizi ykdysady taýdan uzak möhletleýin ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli goldawlary berýän we giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Nurmuhammet ALLANUROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19737