Dünýä giňişligindäki sazlaşykly hyzmatdaşlyk

Dünýäde iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde tanalýan biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär. Türkmenistanda dünýä ykdysadyýetine çuňňur aralaşmak üçin ähli oňaýly şertler bar. Üstesine, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, syýasy taýdan durnuklylygy halkara hyzmatdaşlygyny has berkitmäge ýardam berýär. Bu bolsa Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýar.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşleri durnukly ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Ählitaraplaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady nusgasyny kämilleşdirdi, onuň durmuş ulgamynyň degişli ugurlaryny berkitdi. Işleri ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap senagat kärhanalarynyň uly toplumynyň emele getirilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has güýçlendi. Geçen ýyllarda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisiniň maddy-enjamlaýyn binýady has pugtalandy. Önümçilikleriň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy önümleriň hilini we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdy.

Diwersifikasiýalaşdyrmak önümçiligiň we şonuň üsti bilen tutuş ykdysadyýetiň dünýä bazarynyň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün edip ugrady. Dünýä ykdysadyýetindäki ykdysady-maliýe çökgünlilik Türkmenistanyň ösüşleriniň durnuklylygyny subut etdi. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşini üpjün etmäge getiren diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasiýalary ulanmak arkaly gazanylan netijeler Türkmenistana dünýä bazarynda ýüze çykýan howplara garşy durmaga mümkinçilik berýär.

Ykdysady seljermelere salgylansak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga özara bagly bolan üç ugur boýunça başlangyç berildi. Birinjisinde pudaklaryň we önümleriň görnüşleriniň özgerdilmegi nazarda tutuldy. Olaryň hataryna himiýa we nebitgaz himiýasy, gurluşyk serişdeleri senagatlary, obasenagat toplumynyň pudaklary girýär. Ikinjiden, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny dürli ugurlara gönükdirmek wezipe edinildi. Üçünjiden, ýurdumyzyň tebigy gazyny dünýä bazaryna köp ugurlar boýunça çykarmaga girişildi. Bu ugurlaryň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny biz geçen ýyllaryň mysalynda anyk görüp bilýäris.

Ykdysady ösüşi innowasiýa tarap gönükdirmek esasynda ýurdumyz halkara zähmet bölünişiginde öz ornuny tapýar, dünýä bazaryna islegli önümlerini çykarmakda tejribesini baýlaşdyrýar. Munuň özi dünýä bazarynda geljekde ýene-de ýurdumyza durnukly orny we ýokary girdejileri üpjün eder. Bu bolsa milli pulumyzyň we ykdysady ösüşlerimiziň has durnukly bolmagyna ýardam berýär.

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysady we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň pugta esaslary herekete girýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen aragatnaşygy has berkeýär. Sazlaşykly ösüşleri üpjün edýän milli ykdysadyýetimiziň emele gelen nusgasynyň dünýä ykdysadyýetine oňyn täsirleri hem ýurdumyzyň içerisinde amala aşyrylýan özgertmeleriň hasabyna güýçlenýär.Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda bolup geçen halkara derejesindäki taryhy wakalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli bolup geçen dabaralar ýurdumyzyň halkara abraýyny has belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaralar teleköpri arkaly birleşdirilip, bütin dünýä ýaň saldy. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerindäki bu taryhy wakalar, ýagny, gadymdan bäri ysnyşykly ýaşaşyp gelýän döwletleriň bilelikde gatnaşmaklarynda özara bähbitli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen parahatçylyksöýüjilikli, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär subut etdi. Hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ulanmaga berilmegi bilen iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny, olaryň energetika we kommunikasiýa pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryny, halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny amala aşyrmak üçin mümkinçilikler has giňeldi. Şeýle gatnaşyklaryň beýleki döwletler bilen hem kemala gelýändigini görýäris.

Lebap welaýatynda iş saparynda bolan mahalynda hormatly Prezidentimiz welaýatyň çägindäki «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan gaz gysyjy desganyň işine hem ak pata berdi. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çeken kararyna laýyklykda buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi. Iri desganyň işe girizilmegi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap desga Üçajy gaz käninden, Döwletabat we Galkynyş gaz känlerinden gelýän tebigy gazyň basyşyny güýçlendirmäge, «Malaý» gaz känini doly özleşdirmäge mümkinçilik berer. Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň kerwenbaşysy boldy. Bu gaz gysyjy desganyň Hytaý Halk Respublikasyna barýan gazyň eksport akymyny güýçlendirmegi bilen hyzmatdaş döwletleriň arasyndaky baglaşylan şertnamalarda kesgitlenilen wezipeler hem üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan çig mal ugradyjy ýurt bolanlygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine eýe bolýar. Şeýle buýsandyryjy ýagdaýy pudaklaryň aglabasynda synlamak bolýar. Ýurdumyzyň diňe bir dokmaçylyk pudagynda hereket edýän döwrebap kärhanalaryň 70-den gowragynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly goýberilýän ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri, içerki bazar bilen çäklenilmän, eýsem, dünýäniň çar ýanyna eksporta hem iberilýär. Biziň welaýatymyzda Türkmenabadyň pamyk egriji we pagta egriji, Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji, Seýdiniň pagta egriji kärhanalarynda daşary ýurtlaryň iň kämil tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Olaryň güýji bilen öndürilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümlere ABŞ, Germaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Russiýa, Polşa, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan ýaly döwletlerde isleg örän ýokarydyr.

Başda hem belläp geçişimiz ýaly, ýurdumyzyň ösüşleriniň durnuklylygyny üpjün etmekde kesgitlenilen üç ugruň biri ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny dürli ugurlara gönükdirmekden ybaratdyr. Bu ugruň bütin ýurt möçberinde, şol sanda biziň welaýatymyzyň çäginde hem üstünlikli alnyp barylmagy begendirýär. Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginiň mysalynda hem nah ýüplük önümleriniň dünýä döwletleriniň birnäçesi tarapyndan örän arzylanýandygyna göz ýetirýärsiň. Bu ýerde ýerli çig malyň hasabyna öndürilýän ýüplük önümleri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hili bilen aýratyn tapawutlanýar. Kärhananyň ýolbaşçysy Nargül Abdyýewa 2020-nji ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilendigini aýdýar. Şol önümleriň 80 göterimi Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Polşa ýaly döwletlere eksporta ugradyldy. Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigi hem indi ýigrimi ýyla golaý wagtdan bäri dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň biri hökmünde tanalýar. Fabrigiň önümlerine Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur firmalaryň onlarçasy aýratyn uly isleg bildirýärler. Ykdysatçy Bäşim Orazow diňe bir geçen ýylda öndürilen önümleriň 16 million manatlyga golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilendigini aýdýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy bolsa ýurdumyzda buýan köküni we buýan köküniň önümlerini öndürýän hem-de daşary döwletlere eksport edýän ýeke-täk kärhanadyr. Buýan köküniň gaýtadan işlenilmegi esasynda alynýan goýy we gury ekstraktlary dünýä döwletleriniň onlarçasyna eksporta iberilýär. Türkmenistanyň ýene-de dürli ugurlarda iri önümçilik ýurdy hökmünde dünýä derejesinde öňe çykmagyna garaşylýar. Tebigy baýlyklarymyzy toplumlaýyn özleşdirmek milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan himiýa senagatynyň möhüm wezipeleriniň birine öwrülýär. Bu ugurda Köýtendagyň baýlyklary aýratyn ähmiýetlidir. Şu ýerde ýene bir ýagdaýy belläp geçeliň: Türkmenistan himiýa senagaty üçin zerur bolan mineral serişdeleriň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär.

Çig mal känlerini işläp taýýarlamagyň we olaryň binýadynda ýokary hilli hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleriň önümçilikleriniň ýola goýulmagy ýurdumyz üçin bähbitlidir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzdan netijeli peýdalanmagyň ýoluna düşdük. Köýtendagyň eteginde geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde ýerasty baýlyklaryň onlarça görnüşine eýe bolan ýataklaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Olar kükürdiň, fosfatlaryň, gipsiň, daş duzunyň, selestiniň, hekiň, polimetal magdanynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň birnäçe gönüşini özlerinde jemleýär. Täze usul arkaly gaýtadan işlenilýän kaliý duzlaryndan oba hojalygynda has giňden ulanylýan kaliý hloridiniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurdumyz üçin örän bähbitlidir.

Soňky döwürde himiýa senagatyny ösdürmek boýunça diňe bir biziň welaýatymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurduň çäginde amala aşyrylýan işler çig mallaryň gaýtadan işlenilýän möçberiniň artmagyny üpjün edýär. Bu ugurda zerur bolan önümleriň ýokary hilini üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde olaryň täze görnüşlerini çykarmak pudagyň ösüşinde baş maksat bolup durýar. Himiýa senagatyny ösdürmegiň çäklerinde mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň önümçilik binýatlary emele getirildi. Täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň durkunyň täzelenilmegi bilen önümleriň görnüşleri köpelip, olaryň hili ýokarlandy. Kükürt kislotasyny öndürýän toplumyň işe girizilmegi bilen bu önümçiligiň halk hojalygyna berýän peýdasy görnetin artdy. Ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge barabar bolan toplum bu önüme bolan zerurlygy doly kanagatlandyrýar. Bu ýerde geçen ýylda mineral dökünleriň 270 müň 340, kükürt kislotasynyň 106 müň, hlorly hekiň 550 tonnasy, lukmançylyk we tehniki maksatly kislorodyň 258 müň kub metri öndürildi.

Zawodda kükürt kislotasyny öndürýän toplumyň ýanynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda täze kärhanalaryň ýene-de birini gurmak meýilleşdirilýär. Ol bir ýylda fosfor dökünleriniň 300 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilen döwrebap kärhanadyr.

Pudaga dahylly wezipeler döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýediýyllyk we Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamalarynda hem giň beýanyny tapdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda fosfor, kaliý we beýleki dökünleriň, halk hojalygynda giňden peýdalanylýan himiýa serişdeleriniň önümçiligi giňden ýola goýulýar. Gurlan möhüm desgalar ykdysadyýetiň köptaraplaýyn ösüşlerine badalga berýär. Ägirt uly çig mal potensialyna eýe bolan himiýa senagatymyz hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary hilli mineral dökünleri öndürýän kuwwatlylyklary artdyrmagy nazarlap ösdürilýär. Bu bolsa dökünleri has uly möçberlerde eksport etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň çäginde kükürdiň, fosfatlaryň, gipsiň, daş duzunyň, selestiniň, hekiň, polimetal magdanynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň baý gorlaryndan peýdalanmak üçin oýlanyşykly çözgütlere gelinýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Lebap welaýatyna iş sapary mahalynda beren tabşyryklaryna laýyklykda himiýa kärhanasynda ownuk üwelen kükürt önümçiligiň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly mesele-de içgin öwrenilýär. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrjak ýene-de bir çeşmäniň peýda bolýandygyny buşlaýar. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak ýaly ugurlaryň rowaçlanmagy bu gün milli ykdysadyýetimiziň tapawutlandyryjy häsiýetine öwrülýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,

žurnalist.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19698