Habarlar
Kuwwatly ykdysadyýetiň daýanjy

Gahryman Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bank ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy, düýpli özgertmeler boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda oňaýly pul-karz syýasaty alnyp barylýar. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan, maýa goýum taslamalary boýunça işleýän kärhanalary we guramalary maliýeleşdirmek, karzlaşdyrmak hem-de olara beýleki bank hyzmatlaryny ýokary hilli amala aşyrmak babatdaky işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň karz edaralary söwdanyň we senagatyň, ilatyň we oba hojalygynyň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýar.

Ýurdumyzda hereket edýän karz edaralary tarapyndan müşderilere hem goýumlaryň birnäçe görnüşleri amatly şertlerde hödürlenilýär. Mysal hökmünde «Maşgala», «Hemaýat», «Bagtyýarlygyň sowgady», «Gahrymanlar», «Ruhubelent», «Kämillik sowgady», «Pensiýa goýum», «Talyp goýumy», «Möhletli», «Watan gerçekleri», «Ruhubelent nesiller», «Galkynan daýhan», «Amatly», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Maşgala süýşürintgileri» ýaly dürli ýaş toparlaryna niýetlenen goýumlar häzirki wagtda işjeň ulanylýar. Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank kartyny saklaýjylarynyň nagt däl hasaplaşyklaryny höweslendirmek maksady bilen, bank kartlary arkaly geçirilýän hasaplaşyklar üçin «Cash back» höweslendiriji hyzmaty ornaşdyryldy. Bu bolsa bu ugurdaky müşderileriň sanyny has-da artdyrmaga uly ýardam etdi.

Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Permandurdy GURBANOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

03.02.2022
Islegi ýetik joraplar

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady strategiýa laýyklykda, ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde, hususy pudagyň paýy hem örän uludyr. Daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek babatda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňde goýulýan anyk wezipelere abraý bilen hötde gelmekde hususyýetçiler belent sepgitleri eýeleýärler. Milli Liderimiziň bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň ýüplük hem-de jorap öndürýän fabriginde hem guwandyryjy işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän «ak altyny» senagat taýdan gaýtadan işläp, önüm almagy ýola goýmak «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň uly üstünlikleriniň biridir. Bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap önümçilik enjamlary pagtany senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly öndürilýän ýüplüklerdir joraplaryň ýokary hilli bolmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär.

Biz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, kärhananyň direktorynyň orunbasary Aýmämmet Amanmämmedow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

— Kärhanamyzyň ýüplük egriji enjamlarynda bir ýylyň dowamynda dürli görnüşli ýüplükleriň 5 müň 15 tonnasy öndürilip, jorap önümçiliginde ulanylýar hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär.

Ýüplük boýagy bölüminde boýalan ýüplükler, esasan, jorap önümçiliginde ulanylýar. Şeýlelikde, jorap önümçiligi bölüminiň ýyllyk önümçilik kuwwaty artýar. Bu bolsa içerki sarp edijileriň jorap önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakdan başga-da, türkmen pagtasyndan öndürilýän ýokary hilli önümleri belli bir möçberde daşarky bazarlara çykarmaga hem mümkinçilik berýär.

Taýýar bolan jorap önümlerini ütüklemek işleri-de döwrebap enjamlar arkaly ýerine ýetirilýär. Jorap we jorap önümlerine daşarky sarp edijileriň gyzyklanmalarynyň artýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kärhanamyza welaýatymyzyň Serdar etrabynyň çäginden 99 ýyl möhlet bilen umumy meýdany 11 müň 639 gektar bolan ýer bölegi oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin berildi. Şonuň 6 müň gektaryna bugdaý ekilip, ideg işleri alnyp barylýar. Kärhanamyz üçin gymmatly çig mal bolan pagta ösdürip ýetişdirmek üçin 3 müň gektar meýdany ýaz ekişine taýýarlaýarys. Mundan başga-da, şugundyr, gök-bakja we ot-iýmlik ekinleri ekmegi hem meýilleşdirýäris.

Biz bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde Arkadag Prezidentimiziň öňde goýýan anyk wezipelerinden ugur alyp, berýän goldawyndan ruhlanyp, zähmet çekýäris. Goý, bize şeýle mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,

«Balkan».

03.02.2022
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda dünýäniň iň uly «Galkynyş» gaz ýatagyna, Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Malaý» gaz känine baryp gördi. Bu welaýatlaryň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýangyç-energetika pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga uly üns berilýär. Şol bir wagtda olaryň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylanda, tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän hem-de daşky gurşawyň howpsuzlygy babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary, geljegi uly ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga aýratyn üns gönükdirilýär. Şeýle çemeleşme ýurdumyzda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge ýardam berýär.

Bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilmeginiň esasynda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Energetika ulgamynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ählitaraplaýyn giňeltmek halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmäge, ýurdumyzyň ägirt uly ýangyç serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam eder.

Bahar ÖDEBERDIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

02.02.2022
Ýürekleri buýsandyrýan üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüşlere beslenýär.

Buýsançly taryhy bolan halkymyz üçin erkin ýaşaýyş, bagtyýarlyk düşünjeleri eşretli durmuşyň beýany bolup ýüze çykýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen belent maksatlar toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän parasatly başlangyçlary täzeçilligi, çuňňur mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin olar halkyň ählumumy goldawyna eýe bolýar.

Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasat halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar. Milli bähbitleri we halkyň bagtyýar durmuşyny ähli zatdan ileri tutýan bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Watanymyz dünýäniň hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz turuwbaşdan belent maksatlara, beýik işlere beslendi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna we paýtagtymyza iş saparlaryny amala aşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş boldy. Munuň özi ildeşlerimizi has-da bagtyýarlyga besledi.

Ykdysady ösüşlerimiziň, rowaçlyklarymyzyň gözbaşy bolan mukaddes ýol-ýörelgeleriň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da rowaçlanýandygynyň şaýady bolmak örän guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyz ösen ykdysadyýeti, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýörelgesinden ugur alyp, möhüm özgertmeleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, innowasiýalaryň hem-de öňdebaryjy halkara tejribesiniň esasynda bu pudagyň tehniki we tehnologik taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Ýurdumyzy ykdysady ösüşlere besläp, öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň beýik işlerinde watansöýüjiligiň belent nusgasy dabaralanýar.

Sahabat DURDYÝEWA,

Dänew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

02.02.2022
Milli senagatymyzyň guwandyryjy üstünlikleri

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, durnukly ösüşi üpjün edýän düýpli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, dürli harytlary öndürmek we eksporty artdyrmak boýunça milli maksatnamalara laýyklykda, önümçilik düzümleri yzygiderli giňeldilýär. Ýerli telekeçiler harytlaryň täze görnüşlerini öndürmäge we eksporty artdyrmaga uly goşant goşýarlar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde senagat toplumy täze pudaklar bilen baýlaşdy, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän önümleriň görnüşleri düýpli artdy. Milli baýlygymyz bolan mineral-çig mal serişdeleriň rejeli ulanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda täsirli ähmiýete eýe bolýan, geljegi örän uly bolan senagat toplumy kemala geldi. Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň 60 göterimden hem köpüsiniň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigini, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýandygyny bellemegi bu ugurdaky ösüşleriň ýokarydygyny görkezýär. Milli Liderimiziň geçen ýylyň 24-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permana gol çekmegi we bu hünär baýramynyň her ýylyň 6-njy awgustynda bellenip geçiljekdigi bu ugra uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.

Senagat önümleriniň köp görnüşleri boýunça ýurdumyzyň import edýän ýurtdan eksport edýän döwlete öwrülýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Senagat toplumynyň köpugurly ösdürilmegi ykdysadyýetimizde çig mala dahylsyz ugruň pugtalanmagyny, ýokary goşmaça girdejisi bolan gaýtadan işleýän pudaklaryň önüm öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny, täze önümçilikleriň döredilmegini şertlendirýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan täze önümçiligi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde täze önümiň nusgalyk tapgyrynyň öndürilendigi, degişli hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalarynyň alnandygy barada habar berildi. Bu täze önüm ýerli çig mal serişdeleri esasynda taýýarlanylyp, ol ekologiýa taýdan arassadyr. Paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Geljekde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny, şeýle-de kwars çägesinden aýna süýümini, ondan bolsa polat armaturasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ine, şeýle täze senagat önümleriniň öndürilmegi milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Täze döredilýän senagat önümçilikleri mineral-çig mal serişdelerimiziň rejeli ulanylmagynda we daşky gurşawyň aýawly saklanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işleri ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar we bu işlere ýaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Çünki ösüşiň yzygiderliligini üpjün etmekde ýaş nesliň üstüne uly wezipe düşýär. Ýaşlaryň Watanyň gülläp ösüşine goşant goşjak mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri bu günki döredilýän mümkinçilikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmeginde täze gurlup, ulanmaga berilýän desgalarda ýola goýlan önümçiliklerde zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa iň kämil tehnologiýalara erk etmäge ukyply, başarjaň, ýokary bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelýändikleriniň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär. Bu ugurda milli hünärmenleri taýýarlamak, berilýän bilimiň derejesini ýokarlandyrmak babatda beýik işler alnyp barylýar. Dünýäniň iň gowy tejribeleri esasynda taýýarlanylýan ýaş hünärmenler bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

01.02.2022
Dokma senagatynyň rowaç gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny we ulgamlaryny gurşap aldy.

Beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýeňil senagatymyz hem aýratyn goşant goşýar. Şoňa görä-de, ýeňil senagatymyzyň pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak, dokma önümlerimiziň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegini gazanmak, görnüşlerini artdyrmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli mahabat-maglumat taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn wezipeler amala aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlyk ýolundaky ynamly gadamlary bolup durýar.

Ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma pudagy gaýtadan işleýän senagatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmagyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, pudagyň önümçilik düzümi düýpli döwrebaplaşdyryldy. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanmak, dokma harytlarynyň öndürilýän möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak, pudaga iň öňdebaryjy tehnologiýalary we bu ugurda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de ösdürmek işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Şeýle hem dokma pudagynyň kuwwatyndan doly peýdalanmak meseleleri berk gözegçilikde saklanylýar.

Dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we eksportuny artdyrmak, import harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek işleriniň dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ýurdumyzy ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmagyň baş strategik ugurlary kesgitlenildi. Bu maksatnama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirilmegine, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiliginiň we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty bilimlere, innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn hem-de eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejesine ýetirýän bazar ykdysadyýetiniň özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmekde esasy wezipe öndürilýän ýerli pagtanyň ähli möçberini ýurdumyzda gaýtadan işlemek üçin öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän dokma önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmakdan we daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzy dokma pudagynda öndürilýän önümleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän we ýetilýän belent sepgitler bilen häsiýetlendirilýän döwletleriň hataryna goşmak, milli haryt öndürijilerimiziň sarp ediş bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýeňil senagat pudaklaryny hem-de hyzmatlar ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemek, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini kemala getirmek, ýerli çig malyň hasabyna ýokary hilli harytlaryň we önümleriň köp görnüşlerini öndürýän, gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi.

31.01.2022
Döwrebap bina ulanylmaga berildi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary ruhubelentlikde toýlanýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasy dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary binanyň açylmagy hem-de baýramçylyk bilen gutlap, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Çuň mazmunly alkyş sözleriniň dowamy aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Milli tanslar bilen bezelen joşgunly aýdym-sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, abadan durmuşymyz, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň beýik tutumlary taryplandy. Binanyň gurluşygynda yhlasly zähmetleri bilen tapawutlanan gurluşykçylara Gahryman Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasynyň iş şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde döredilen şert-mümkinçilikler olarda buýsanç duýgusyny döretdi. Döwrebap binada daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň täze gazananlaryna daýanýan enjamlary ornaşdyrylypdyr. Olaryň kömegi arkaly awtoulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, tizlik ölçeýjisiniň işleýşi, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdary anyklanýar. Kompýuterler arkaly dolandyrylýan gözegçilik enjamlary awtoulaglaryň yşyklandyryş hem-de durzujy ulgamlarynyň bildirilýän talaplara laýyk gelýändiginiň barlaglaryny ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi şäheriň ýaşaýjylarynyň awtoulaglarynyň guratlygyna barlag işlerini gysga wagtda ýerine ýetirmäge ýardam edýär. 

Ulag gatnawlarynyň kadaly ýola goýulmagynda möhüm ähmiýeti bolan edara binasynyň şunuň ýaly mümkinçilikleri bilen tanşan dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy barada uly aladalar edýän Arkadag Prezidentimiziň adyna ýene bir ýola alkyş sözlerini aýtdylar.

Nurmämmet HYDYROW,

«Balkan».

27.01.2022
Ykdysadyýet

ÝOKARY HILLI ÝÜPLÜKLER

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egirme fabrigi welaýatymyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hasaplanylýar. Kärhana geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da uly üstünliklere eýe boldy. Şonda 2 müň tonnadan gowrak pagta süýümi gaýtadan işlenilip, ondan 1740 tonna golaý ýüplük öndürildi. Bu ýerde öndürilýän önümlere içerki we daşarky bazarlarda islegiň barha artýandygy olaryň hiliniň ýokarydygyna, bäsdeşlige ukyplydygyna şaýatlyk edýär. Kärhananyň işçi-hünärmenleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýene-de belent sepgitlere ýetmek maksady bilen, şu günler has-da gujurly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, ýüplük öndürijileriň yhlasy ýerine düşýär.

* * *

ARASSA AKABA — BOL SUW

«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň hasabynda bar bolan suw akabalaryny gyrmançalardan, çökündilerden arassalamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu babatda umumy uzynlygy 180 kilometre barabar bolan Türkmenderýada amala aşyrylýan çäreler aýratyn bellärliklidir. Welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň 163 müň gektaryny suwlulandyrýan bu akabada läbik sorujylaryň 4-siniň güýjünden peýdalanylýar. Daşary ýurtlardan satyn alnan bu enjamlar ýokary öndürijiliklidigi, läbigi uzak aralyga çykarmaga ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Akabada berjaý edilýän bu işler onuň suw geçirijiliginiň ýokarlanmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, şu ýylyň suwaryş möwsümlerinde öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetiriler.

* * *

TER ÖNÜMLER HALKA ÝETIRILÝÄR

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Altyn gala» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda ýetişdirilýän pomidorlara, beýleki gök önümlere halkymyz tarapyndan uly isleg bildirilýär. Şunlukda, bu ýerde öndürilýän önümler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň bazarlaryna, şeýle-de, daşary ýurtly hyrydarlara yzygiderli ýetirilýär. Umumy meýdany 5 gektardan ybarat bolan bu ýyladyşhananyň 4 gektaryny pomidor, galan bölegini bolsa beýleki gök ekinler tutýar. Bu ýerde Güýç Gurbanow, Adylbek Seýitmyradow ýaly işçiler ekinlere ideg etmekde, hasyly öz wagtynda ýygnamakda gaýratlylyk görkezýärler. Şonuň netijesinde her aýda 75 — 80 tonna ter önümler bellenilen ýerlere ugradylýar.

Ýörite habarçymyz.

* * *

BUGDAÝ MAÝSALARYNA IDEG EDILÝÄR

Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Sapyş Çerkezow adyndaky daýhan birleşigi boýunça bugdaý ekilen 1200 gektar ýerde tejribeli kärendeçileriň 563-si tutanýerli zähmet çekýär. Kärine yhlasly kärendeçiler bugdaý maýsalaryna ideg etmek işlerini öz wagtynda berjaý edýärler. Olar şu günler parç bolan ýaşyl maýsalary ders çüýrüntgisi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi agrotehnikanyň talaplaryna laýyk amala aşyrýarlar. Şeýle hem bugdaý meýdanlaryna gelýän ýaplary, çilleri guran ot-çöplerden arassalaýarlar. Munuň özi ösüş suwuny talabalaýyk tutmaga mümkinçilik berer.

Bu işleri ýerine ýetirmekde daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Nobatgeldi Garlyýew, Ýagşymyrat Şadyýew, Baýramgeldi Käbişow dagy aýratyn tapawutlanýarlar. Her ýyl ýerden guşgursak bugdaýyň bereketli hasylyny almagy başarýan gallaçy kärendeçiler Aşyrmyrat Rejepow, Arazbaý Gylyçmädow, Öre Orazdurdyýew, Aşyrmyrat Ataýew dagy ýaş maýsalara ideg etmekde köplere görelde bolýarlar.

Gunça ÇOPANOWA,
öz habarçymyz.

27.01.2022
“Ýeňşiň” islegli önümleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetimizde uly ösüşlere eýe bolunýar. Ähli pudaklarda sanlylaşdyrma giňden ornaşdyrylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da ýokarlandyrylýar. At-owazasy, şöhraty, ýokary hilli önümleri bilen tanalýan “Ýeňiş” tikin fabriginde ykdysady ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply bolan ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýokarlanýar. Munuň özi önümleriň bolçulygyny artdyryp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi ösdürilýändigini görkezýär.

Tikin fabriginde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işleriň gowy netijelere eýe bolýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günki günde bu kärhana öz önümleri bilen ýurdumyzda oňat tanalýan fabrikleriň birine öwrüldi. Fabrikde alnyp barylýan işler üstünliklere ýetirýär. Bu ýerde, 400-e golaý işgär zähmet çekip, olaryň aglabasy gyz-gelinler. Olaryň iş pursatlaryny synlanyňda, göwnüň göterilýär. Şol pursat şadyýanlygy, ruhubelentligi baýdak edinýän zenanlarymyzyň ellerine güller bitsin diýeniňi duýman galýarsyň. Olaryň mähir, yhlas siňdirip tikýän egin-eşiklerine hemişe ýokary baha berilýär.

— Fabrigimizde öz hünärleriniň ussatlary ýyl-ýyldan artýar. Hünärinden kemal tapýan ussat zenanlarymyzyň onlarça şägirtleri bar. Önümçilikde halypalyk derejesine ýeten tikinçi zenanlardan Aýbibi Annalyýewanyň, Täjigözel Ilbegiýewanyň, Dürli Çaryýewanyň, Oguljan Bugraýewanyň atlaryny hormat bilen aýtmak bolar. Bu ýerde, esasan, erkek adamlaryň köýneklerini tikýärler. Elbetde, ýokary hilli taýýarlanan önümleriň hyrydary-da köp bolýar. Kärhananyň ýokary hilli önümlerine halkyň arasynda isleg gün-günden artýar. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň islegini kanagatlandyrmak — diýip, fabrigiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça injeneri Gunça Akmuhammedowa aýdýar.

Şu günki günde bu kärhananyň önümleri ýurdumyzyň islendik künjeginde öz hyrydaryny tapýar. Şeýle hem fabrigiň ýörite öz önümlerini hödürleýän dükanlarynyň birnäçesi bar. Halkyň islegine laýyklykda hereket edýän dükanlaryň müşderileri köpelmese azalanok. “Ýeňiş” tikin fabriginiň ýeňiş getirýän önümleriniň hiliniň has-da ýokarlanyp, işiniň netijeliliginiň artmagy ugrunda edilýän yhlas-tagallalar ýerine düşýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda çeper elleriniň hünäri bilen ýurdumyzyň adyna şöhrat getirýän zenanlarymyza uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Ogulşat BERKELIÝEWA.

«Maru — şahu jahan».

Suratlarda: “Ýeňiş” tikin fabriginden iş pursatlary.

Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

27.01.2022
Nebitden alynýan önümler

Biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan harytlarymyzyň ählisiniň düzüminde diýen ýaly nebitiň gaýtadan işlenilen önümleriniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şeýle önümler bolsa 6 müňden hem kändir. Nebit ulaglar (awtoulaglar üçin benzin we dizel ýangyjy, uçarlaryň reaktiw hereketlendirijileri üçin uçar kerosini) üçin ýangyç almakda çig mal bolup durýar. Ýangyç nebitden alynýan esasy önümdir. Emma nebitden ýangyçdan başga-da, peýdaly önümleriň köp sanlysy alynýar. Ine, olaryň käbiri:

Polietilen ýa-da plastik — nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň iň köp ýaýranydyr. Plastikany ulanmagyň amatly tarapy oňa zerur bolan islendik şekili berip bolýanlygydyr. Mundan başga-da, plastikden ýasalan önümleriň düzümini hem zerur bolan şertlere laýyklykda, üýtgedip bolýandyr.

Aspirin — iň bir ygtybarly we howpsuz derman serişdeleriniň biri hökmünde köpden bäri bellidir. Her ýylda kelle agyrysyna, ýürek-damar kesellerine garşy, gyzgyn peseldiji we gany suwuklandyryjy serişde hökmünde aspiriniň birnäçe milliard gerdejigi satylýar. Asetilsalisil turşulygy himiki salisin bilen utgaşdyrylanda, agyry aýryjy täsiri berýär.

Gün batareýalarynyň panelleri — energiýanyň alternatiw çeşmeleri bolan bu önümler energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýerini tutmaga gönükdirilendir. Emma olaryň taýýarlanylmagy üçin-de nebitiň gaýtadan işlenen önümleri zerur bolup durýar. Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän fotoelementler nebit rezininden ýasalýan panellere çalynýar.

Neýlon — nebitden alynýan täsin, özboluşly materiallaryň biridir. Bu günki günde zenanlaryň millionlarçasy neýlon joraplaryny ulanýarlar. Neýlon — berk, ýeňil sintetiki süýüm bolup, ol giňden peýdalanylýar. Häzirki döwürde neýlon gap ýuwujy serişdelerden başlap, paraşýuta çenli örän köp sanly harytlaryň taýýarlanylmagynda peýdalanylýar. Bu polimer 1935-nji ýylda «DuPont» kompaniýasynyň laboratoriýasynda oýlanyp tapylýar.

Taýýarlan Näzik GURBANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

26.01.2022
Ýurduň senagat kuwwaty — durnukly ösüşiň binýady

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde haryt dolanyşygynyň ähmiýeti has-da artýar. Häzirki wagtda hojalygy dolandyrmagyň has giň ýaýran we esasy görnüşi haryt önümçiligi bolup, bu gatnaşyklar dürli döwürlerde-de düýpli öwrenilýär we tejribede giňden peýdalanylýar. Ykdysadyýetiň önüm öndürýän böleginde gazanylýan ösüşleri, esasan, senagat pudagy üpjün edýär. Ol önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, zähmet gorlarynyň mukdar we hil görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn binýadynyň innowasion özgerişlere eýermegine daýanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatdaky düzümini kämilleşdirmek wezipeleri durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistan senagat taýdan sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmagy, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge, ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagaty, hyzmatlar, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini nygtaýar, çünki bu ýagdaý ýurdumyzda ykdysady ösüşiň çig mala garaşlylygyny azaldýar. Şonuň üçin-de, özümizde öndürilen önümleriň hasabyna bazar bolçulygyny berkitmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän ýerli kärhanalaryň sany yzygiderli artýar.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli senagat ulgamyny ösdürmegiň strategik maksady gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň mümkin bolan deňagramlylygyny gazanmaga gönükdirilendir. Şunda gaýtadan işleýän senagat pudagynyň işjeňligini ýokarlandyrmagyň döwürleri şertleýin iki tapgyrda göz öňünde tutulýar. Birinji döwürde, has takygy, 2018 — 2024-nji ýyllarda çig mallaryň ähli görnüşlerini senagat taýdan özleşdirmäge çekmek işleri tamamlanyp, ony çuňlaşdyrylan we çaltlandyrylan tertipde dowam etmek wezipe edinilýär. Bu döwür eksporta niýetlenen we importy çalyşýan ugurlaryň ikisiniň-de deň derejede alnyp barylmagyny göz öňünde tutýar.

Ikinji döwür 2025 — 2030-njy ýyllara niýetlenip, ol senagaty ösdürmegiň innowasion ulgamynyň kemala getirilmegini öz içine alýar. Bu ýyllarda senagatyň ösüşiniň düýbünden täze ülňä geçmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda iri ulag desgalary, üstaşyr geçelgeler we ýangyç-energetika toplumy milli senagatyň binýadyny düzýär. Şol sanda güýçli depgin bilen ösýän senagat pudaklaryna nebithimiýa toplumlarynyň gatanjy, dokma, azyk hem-de gurluşyk materiallary senagatyna maýa goýumlaryň gönükdirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Kaka, Babadaýhan etraplarynyň çäginde gurlup, işe girizilen täze dokma toplumlary ýurdumyzyň dokma senagatynyň düzüminiň has-da kuwwatlanmagyny şertlendirýär. Ol ýerli çig maldan öndürilýän taýýar önümleriň möçberini we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, senagat pudagyndaky ösüşiň bu ugry ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginde wajyp orun eýeleýär.

Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek milli ykdysadyýetimiziň öňünde durýan möhüm wezipedir. Ýurdumyzda ýokary hilli, köp görnüşli eksport ugurly önümleriň öndürilişi barha artýar we olar dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplydyr. Döwletimiziň dokma toplumynda öndürilýän önümler hiliniň ýokarydygy, ekologik taýdan arassadygy, bahalarynyň elýeterlidigi, diňe bir içerki bazarda däl, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýandygy bilen tapawutlanýar. Dokma senagatynyň işini ýöretmekde ýurdumyzyň öz çig mal binýadynyň bolmagy-da onuň ähmiýetini ep-esli derejede artdyrýar, girdejililigini ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň dokma önümleriniň, barha meşhurlyga eýe bolýan söwda markalary bilen öndürilýän taýýar egin-eşikleriň, şeýle hem hojalyk harytlarynyň 60 göterime barabar bölegi dünýäniň 70-den gowrak ýurduna ugradylýar. Şeýle mümkinçilikleri has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň işjeň ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Şunda daşarky bazarlaryň islegleri, ýurdumyzda döredilen hem-de döredilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň doly derejede ulanylmagy iş üpjünçiliginiň, durnukly ykdysady ösüşiň esasy girewi we şerti hökmünde bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty uzak möhletleýin geljek üçin niýetlenen kuwwatly milli ykdysadyýeti emele getirmäge gönükdirilip, uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşmagyna şert döredýär.

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.

25.01.2022