Ýurduň senagat kuwwaty — durnukly ösüşiň binýady

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde haryt dolanyşygynyň ähmiýeti has-da artýar. Häzirki wagtda hojalygy dolandyrmagyň has giň ýaýran we esasy görnüşi haryt önümçiligi bolup, bu gatnaşyklar dürli döwürlerde-de düýpli öwrenilýär we tejribede giňden peýdalanylýar. Ykdysadyýetiň önüm öndürýän böleginde gazanylýan ösüşleri, esasan, senagat pudagy üpjün edýär. Ol önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, zähmet gorlarynyň mukdar we hil görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn binýadynyň innowasion özgerişlere eýermegine daýanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatdaky düzümini kämilleşdirmek wezipeleri durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistan senagat taýdan sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmagy, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge, ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagaty, hyzmatlar, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns bermelidigini nygtaýar, çünki bu ýagdaý ýurdumyzda ykdysady ösüşiň çig mala garaşlylygyny azaldýar. Şonuň üçin-de, özümizde öndürilen önümleriň hasabyna bazar bolçulygyny berkitmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şolaryň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän ýerli kärhanalaryň sany yzygiderli artýar.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin milli senagat ulgamyny ösdürmegiň strategik maksady gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň mümkin bolan deňagramlylygyny gazanmaga gönükdirilendir. Şunda gaýtadan işleýän senagat pudagynyň işjeňligini ýokarlandyrmagyň döwürleri şertleýin iki tapgyrda göz öňünde tutulýar. Birinji döwürde, has takygy, 2018 — 2024-nji ýyllarda çig mallaryň ähli görnüşlerini senagat taýdan özleşdirmäge çekmek işleri tamamlanyp, ony çuňlaşdyrylan we çaltlandyrylan tertipde dowam etmek wezipe edinilýär. Bu döwür eksporta niýetlenen we importy çalyşýan ugurlaryň ikisiniň-de deň derejede alnyp barylmagyny göz öňünde tutýar.

Ikinji döwür 2025 — 2030-njy ýyllara niýetlenip, ol senagaty ösdürmegiň innowasion ulgamynyň kemala getirilmegini öz içine alýar. Bu ýyllarda senagatyň ösüşiniň düýbünden täze ülňä geçmegine garaşylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda iri ulag desgalary, üstaşyr geçelgeler we ýangyç-energetika toplumy milli senagatyň binýadyny düzýär. Şol sanda güýçli depgin bilen ösýän senagat pudaklaryna nebithimiýa toplumlarynyň gatanjy, dokma, azyk hem-de gurluşyk materiallary senagatyna maýa goýumlaryň gönükdirilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Ahal welaýatynyň Kaka, Babadaýhan etraplarynyň çäginde gurlup, işe girizilen täze dokma toplumlary ýurdumyzyň dokma senagatynyň düzüminiň has-da kuwwatlanmagyny şertlendirýär. Ol ýerli çig maldan öndürilýän taýýar önümleriň möçberini we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, senagat pudagyndaky ösüşiň bu ugry ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmeginde wajyp orun eýeleýär.

Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek milli ykdysadyýetimiziň öňünde durýan möhüm wezipedir. Ýurdumyzda ýokary hilli, köp görnüşli eksport ugurly önümleriň öndürilişi barha artýar we olar dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplydyr. Döwletimiziň dokma toplumynda öndürilýän önümler hiliniň ýokarydygy, ekologik taýdan arassadygy, bahalarynyň elýeterlidigi, diňe bir içerki bazarda däl, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýandygy bilen tapawutlanýar. Dokma senagatynyň işini ýöretmekde ýurdumyzyň öz çig mal binýadynyň bolmagy-da onuň ähmiýetini ep-esli derejede artdyrýar, girdejililigini ýokarlandyrýar.

Türkmenistanyň dokma önümleriniň, barha meşhurlyga eýe bolýan söwda markalary bilen öndürilýän taýýar egin-eşikleriň, şeýle hem hojalyk harytlarynyň 60 göterime barabar bölegi dünýäniň 70-den gowrak ýurduna ugradylýar. Şeýle mümkinçilikleri has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň işjeň ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Şunda daşarky bazarlaryň islegleri, ýurdumyzda döredilen hem-de döredilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň doly derejede ulanylmagy iş üpjünçiliginiň, durnukly ykdysady ösüşiň esasy girewi we şerti hökmünde bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasaty uzak möhletleýin geljek üçin niýetlenen kuwwatly milli ykdysadyýeti emele getirmäge gönükdirilip, uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşmagyna şert döredýär.

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.