ÝOKARY HILLI ÝÜPLÜKLER
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egirme fabrigi welaýatymyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hasaplanylýar. Kärhana geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da uly üstünliklere eýe boldy. Şonda 2 müň tonnadan gowrak pagta süýümi gaýtadan işlenilip, ondan 1740 tonna golaý ýüplük öndürildi. Bu ýerde öndürilýän önümlere içerki we daşarky bazarlarda islegiň barha artýandygy olaryň hiliniň ýokarydygyna, bäsdeşlige ukyplydygyna şaýatlyk edýär. Kärhananyň işçi-hünärmenleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýene-de belent sepgitlere ýetmek maksady bilen, şu günler has-da gujurly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, ýüplük öndürijileriň yhlasy ýerine düşýär.
* * *
ARASSA AKABA — BOL SUW
«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň hasabynda bar bolan suw akabalaryny gyrmançalardan, çökündilerden arassalamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu babatda umumy uzynlygy 180 kilometre barabar bolan Türkmenderýada amala aşyrylýan çäreler aýratyn bellärliklidir. Welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň 163 müň gektaryny suwlulandyrýan bu akabada läbik sorujylaryň 4-siniň güýjünden peýdalanylýar. Daşary ýurtlardan satyn alnan bu enjamlar ýokary öndürijiliklidigi, läbigi uzak aralyga çykarmaga ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Akabada berjaý edilýän bu işler onuň suw geçirijiliginiň ýokarlanmagyna şert döredýär. Şeýlelikde, şu ýylyň suwaryş möwsümlerinde öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetiriler.
* * *
TER ÖNÜMLER HALKA ÝETIRILÝÄR
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Altyn gala» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynda ýetişdirilýän pomidorlara, beýleki gök önümlere halkymyz tarapyndan uly isleg bildirilýär. Şunlukda, bu ýerde öndürilýän önümler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatymyzyň bazarlaryna, şeýle-de, daşary ýurtly hyrydarlara yzygiderli ýetirilýär. Umumy meýdany 5 gektardan ybarat bolan bu ýyladyşhananyň 4 gektaryny pomidor, galan bölegini bolsa beýleki gök ekinler tutýar. Bu ýerde Güýç Gurbanow, Adylbek Seýitmyradow ýaly işçiler ekinlere ideg etmekde, hasyly öz wagtynda ýygnamakda gaýratlylyk görkezýärler. Şonuň netijesinde her aýda 75 — 80 tonna ter önümler bellenilen ýerlere ugradylýar.
Ýörite habarçymyz.
* * *
BUGDAÝ MAÝSALARYNA IDEG EDILÝÄR
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Sapyş Çerkezow adyndaky daýhan birleşigi boýunça bugdaý ekilen 1200 gektar ýerde tejribeli kärendeçileriň 563-si tutanýerli zähmet çekýär. Kärine yhlasly kärendeçiler bugdaý maýsalaryna ideg etmek işlerini öz wagtynda berjaý edýärler. Olar şu günler parç bolan ýaşyl maýsalary ders çüýrüntgisi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi agrotehnikanyň talaplaryna laýyk amala aşyrýarlar. Şeýle hem bugdaý meýdanlaryna gelýän ýaplary, çilleri guran ot-çöplerden arassalaýarlar. Munuň özi ösüş suwuny talabalaýyk tutmaga mümkinçilik berer.
Bu işleri ýerine ýetirmekde daýhan birleşiginiň mehanizatorlary Nobatgeldi Garlyýew, Ýagşymyrat Şadyýew, Baýramgeldi Käbişow dagy aýratyn tapawutlanýarlar. Her ýyl ýerden guşgursak bugdaýyň bereketli hasylyny almagy başarýan gallaçy kärendeçiler Aşyrmyrat Rejepow, Arazbaý Gylyçmädow, Öre Orazdurdyýew, Aşyrmyrat Ataýew dagy ýaş maýsalara ideg etmekde köplere görelde bolýarlar.
Gunça ÇOPANOWA,
öz habarçymyz.