Gahryman Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bank ulgamynda hem uly ösüşler gazanyldy, düýpli özgertmeler boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda oňaýly pul-karz syýasaty alnyp barylýar. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan, maýa goýum taslamalary boýunça işleýän kärhanalary we guramalary maliýeleşdirmek, karzlaşdyrmak hem-de olara beýleki bank hyzmatlaryny ýokary hilli amala aşyrmak babatdaky işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň karz edaralary söwdanyň we senagatyň, ilatyň we oba hojalygynyň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýar.
Ýurdumyzda hereket edýän karz edaralary tarapyndan müşderilere hem goýumlaryň birnäçe görnüşleri amatly şertlerde hödürlenilýär. Mysal hökmünde «Maşgala», «Hemaýat», «Bagtyýarlygyň sowgady», «Gahrymanlar», «Ruhubelent», «Kämillik sowgady», «Pensiýa goýum», «Talyp goýumy», «Möhletli», «Watan gerçekleri», «Ruhubelent nesiller», «Galkynan daýhan», «Amatly», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Maşgala süýşürintgileri» ýaly dürli ýaş toparlaryna niýetlenen goýumlar häzirki wagtda işjeň ulanylýar. Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bank kartyny saklaýjylarynyň nagt däl hasaplaşyklaryny höweslendirmek maksady bilen, bank kartlary arkaly geçirilýän hasaplaşyklar üçin «Cash back» höweslendiriji hyzmaty ornaşdyryldy. Bu bolsa bu ugurdaky müşderileriň sanyny has-da artdyrmaga uly ýardam etdi.
Goý, ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Permandurdy GURBANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.