Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda dünýäniň iň uly «Galkynyş» gaz ýatagyna, Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Malaý» gaz känine baryp gördi. Bu welaýatlaryň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýangyç-energetika pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga uly üns berilýär. Şol bir wagtda olaryň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylanda, tebigy serişdeleri netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän hem-de daşky gurşawyň howpsuzlygy babatda bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary, geljegi uly ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga aýratyn üns gönükdirilýär. Şeýle çemeleşme ýurdumyzda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge ýardam berýär.
Bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilmeginiň esasynda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Energetika ulgamynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ählitaraplaýyn giňeltmek halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmäge, ýurdumyzyň ägirt uly ýangyç serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam eder.
Bahar ÖDEBERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.