Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, durnukly ösüşi üpjün edýän düýpli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, dürli harytlary öndürmek we eksporty artdyrmak boýunça milli maksatnamalara laýyklykda, önümçilik düzümleri yzygiderli giňeldilýär. Ýerli telekeçiler harytlaryň täze görnüşlerini öndürmäge we eksporty artdyrmaga uly goşant goşýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde senagat toplumy täze pudaklar bilen baýlaşdy, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän önümleriň görnüşleri düýpli artdy. Milli baýlygymyz bolan mineral-çig mal serişdeleriň rejeli ulanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda täsirli ähmiýete eýe bolýan, geljegi örän uly bolan senagat toplumy kemala geldi. Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň 60 göterimden hem köpüsiniň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigini, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy onuň umumy möçberiniň 15 göterimine golaýlaýandygyny bellemegi bu ugurdaky ösüşleriň ýokarydygyny görkezýär. Milli Liderimiziň geçen ýylyň 24-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Permana gol çekmegi we bu hünär baýramynyň her ýylyň 6-njy awgustynda bellenip geçiljekdigi bu ugra uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Senagat önümleriniň köp görnüşleri boýunça ýurdumyzyň import edýän ýurtdan eksport edýän döwlete öwrülýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Senagat toplumynyň köpugurly ösdürilmegi ykdysadyýetimizde çig mala dahylsyz ugruň pugtalanmagyny, ýokary goşmaça girdejisi bolan gaýtadan işleýän pudaklaryň önüm öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny, täze önümçilikleriň döredilmegini şertlendirýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylyň 7-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň ornuny tutýan täze önümçiligi ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde täze önümiň nusgalyk tapgyrynyň öndürilendigi, degişli hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalarynyň alnandygy barada habar berildi. Bu täze önüm ýerli çig mal serişdeleri esasynda taýýarlanylyp, ol ekologiýa taýdan arassadyr. Paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Geljekde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny, şeýle-de kwars çägesinden aýna süýümini, ondan bolsa polat armaturasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ine, şeýle täze senagat önümleriniň öndürilmegi milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Täze döredilýän senagat önümçilikleri mineral-çig mal serişdelerimiziň rejeli ulanylmagynda we daşky gurşawyň aýawly saklanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça alyp barýan giň gerimli işleri ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýar we bu işlere ýaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Çünki ösüşiň yzygiderliligini üpjün etmekde ýaş nesliň üstüne uly wezipe düşýär. Ýaşlaryň Watanyň gülläp ösüşine goşant goşjak mynasyp adamlar bolup ýetişmekleri bu günki döredilýän mümkinçilikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmeginde täze gurlup, ulanmaga berilýän desgalarda ýola goýlan önümçiliklerde zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardygy bolsa iň kämil tehnologiýalara erk etmäge ukyply, başarjaň, ýokary bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelýändikleriniň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär. Bu ugurda milli hünärmenleri taýýarlamak, berilýän bilimiň derejesini ýokarlandyrmak babatda beýik işler alnyp barylýar. Dünýäniň iň gowy tejribeleri esasynda taýýarlanylýan ýaş hünärmenler bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Ýazpolat KERIÝEW,