Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny we ulgamlaryny gurşap aldy.
Beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýeňil senagatymyz hem aýratyn goşant goşýar. Şoňa görä-de, ýeňil senagatymyzyň pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak, dokma önümlerimiziň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegini gazanmak, görnüşlerini artdyrmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli mahabat-maglumat taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn wezipeler amala aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlyk ýolundaky ynamly gadamlary bolup durýar.
Ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma pudagy gaýtadan işleýän senagatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmagyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, pudagyň önümçilik düzümi düýpli döwrebaplaşdyryldy. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanmak, dokma harytlarynyň öndürilýän möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak, pudaga iň öňdebaryjy tehnologiýalary we bu ugurda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de ösdürmek işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Şeýle hem dokma pudagynyň kuwwatyndan doly peýdalanmak meseleleri berk gözegçilikde saklanylýar.
Dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we eksportuny artdyrmak, import harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek işleriniň dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda ýurdumyzy ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmagyň baş strategik ugurlary kesgitlenildi. Bu maksatnama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirilmegine, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiliginiň we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasaty bilimlere, innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn hem-de eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejesine ýetirýän bazar ykdysadyýetiniň özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmekde esasy wezipe öndürilýän ýerli pagtanyň ähli möçberini ýurdumyzda gaýtadan işlemek üçin öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän dokma önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmakdan we daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini guramakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzy dokma pudagynda öndürilýän önümleriniň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän we ýetilýän belent sepgitler bilen häsiýetlendirilýän döwletleriň hataryna goşmak, milli haryt öndürijilerimiziň sarp ediş bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ýeňil senagat pudaklaryny hem-de hyzmatlar ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak bilen bagly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň dokma pudagynyň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemek, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini kemala getirmek, ýerli çig malyň hasabyna ýokary hilli harytlaryň we önümleriň köp görnüşlerini öndürýän, gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Pena AŞYROW,