Biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan harytlarymyzyň ählisiniň düzüminde diýen ýaly nebitiň gaýtadan işlenilen önümleriniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şeýle önümler bolsa 6 müňden hem kändir. Nebit ulaglar (awtoulaglar üçin benzin we dizel ýangyjy, uçarlaryň reaktiw hereketlendirijileri üçin uçar kerosini) üçin ýangyç almakda çig mal bolup durýar. Ýangyç nebitden alynýan esasy önümdir. Emma nebitden ýangyçdan başga-da, peýdaly önümleriň köp sanlysy alynýar. Ine, olaryň käbiri:
Polietilen ýa-da plastik — nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň iň köp ýaýranydyr. Plastikany ulanmagyň amatly tarapy oňa zerur bolan islendik şekili berip bolýanlygydyr. Mundan başga-da, plastikden ýasalan önümleriň düzümini hem zerur bolan şertlere laýyklykda, üýtgedip bolýandyr.
Aspirin — iň bir ygtybarly we howpsuz derman serişdeleriniň biri hökmünde köpden bäri bellidir. Her ýylda kelle agyrysyna, ýürek-damar kesellerine garşy, gyzgyn peseldiji we gany suwuklandyryjy serişde hökmünde aspiriniň birnäçe milliard gerdejigi satylýar. Asetilsalisil turşulygy himiki salisin bilen utgaşdyrylanda, agyry aýryjy täsiri berýär.
Gün batareýalarynyň panelleri — energiýanyň alternatiw çeşmeleri bolan bu önümler energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ýerini tutmaga gönükdirilendir. Emma olaryň taýýarlanylmagy üçin-de nebitiň gaýtadan işlenen önümleri zerur bolup durýar. Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän fotoelementler nebit rezininden ýasalýan panellere çalynýar.
Neýlon — nebitden alynýan täsin, özboluşly materiallaryň biridir. Bu günki günde zenanlaryň millionlarçasy neýlon joraplaryny ulanýarlar. Neýlon — berk, ýeňil sintetiki süýüm bolup, ol giňden peýdalanylýar. Häzirki döwürde neýlon gap ýuwujy serişdelerden başlap, paraşýuta çenli örän köp sanly harytlaryň taýýarlanylmagynda peýdalanylýar. Bu polimer 1935-nji ýylda «DuPont» kompaniýasynyň laboratoriýasynda oýlanyp tapylýar.
Taýýarlan Näzik GURBANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.