Döwrebap bina ulanylmaga berildi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýokary ruhubelentlikde toýlanýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasy dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryldy. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnananlary binanyň açylmagy hem-de baýramçylyk bilen gutlap, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Çuň mazmunly alkyş sözleriniň dowamy aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Milli tanslar bilen bezelen joşgunly aýdym-sazlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, abadan durmuşymyz, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň beýik tutumlary taryplandy. Binanyň gurluşygynda yhlasly zähmetleri bilen tapawutlanan gurluşykçylara Gahryman Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasynyň iş şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu ýerde döredilen şert-mümkinçilikler olarda buýsanç duýgusyny döretdi. Döwrebap binada daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň täze gazananlaryna daýanýan enjamlary ornaşdyrylypdyr. Olaryň kömegi arkaly awtoulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, tizlik ölçeýjisiniň işleýşi, hereketlendirijisiniň bölüp çykarýan gazynyň mukdary anyklanýar. Kompýuterler arkaly dolandyrylýan gözegçilik enjamlary awtoulaglaryň yşyklandyryş hem-de durzujy ulgamlarynyň bildirilýän talaplara laýyk gelýändiginiň barlaglaryny ýokary hilli geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi şäheriň ýaşaýjylarynyň awtoulaglarynyň guratlygyna barlag işlerini gysga wagtda ýerine ýetirmäge ýardam edýär. 

Ulag gatnawlarynyň kadaly ýola goýulmagynda möhüm ähmiýeti bolan edara binasynyň şunuň ýaly mümkinçilikleri bilen tanşan dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy barada uly aladalar edýän Arkadag Prezidentimiziň adyna ýene bir ýola alkyş sözlerini aýtdylar.

Nurmämmet HYDYROW,

«Balkan».