Habarlar
Döwrebap ösüşleriň ýolunda

Türkmenistan tebigy gazyň möçberleri boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Munuň özi döwletimize bu deňsiz-taýsyz baýlygy tebigy ýangyç we taýýar önüm görnüşinde dünýäniň sarp edijilerine ibermäge mümkinçilik berýär. Gazdan polietilen, polipropilen öndürmek bilen bir wagtda, oba hojalygy üçin deňsiz-taýsyz himiki dökün bolan karbamidi, azody, fosfory, kalini öndürmek ýola goýuldy. Şunda ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda açylyp ulanylmaga berlen «Tejenkarbamid» zawodyny agzap geçmek mümkindir. Tejen şäherinde ýerleşýän bu zawodyň ýyllyk taslama kuwwaty 350 müň tonna karbamid öndürmäge barabardyr. Zawodda karbamidi has öňdebaryjy tehnologiki usullarda işläp taýýarlamaga we öndürmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr. Tehnologiki iş dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr. Tehnologiki işiň gidişine gözegçilik merkezi dolandyryş nokadyndan amala aşyrylýar. Önümçilik işiniň doly awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrylmagy zawodyň önümçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine degişli bolan bu zawod ýurdumyzyň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýan kärhanalaryň biri hasaplanýar. Ol ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny gerekli dökünler bilen üpjün etmekden başga-da, ýokary hilli döküni daşary ýurtlara eksport etmekde uly ähmiýete eýedir. Daşary ýurtlaryň barha artýan islegini nazara alyp, geljekde bu zawodyň öndürýän önümleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, «Tejenkarbamid» zawodynyň durkuny düýpli täzelemek babatda tagallalar edilýär.

Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän we durky täzelenilýän önümçilik desgalarynyň esasy aýratynlyklary hökmünde, olaryň esasy çig malynyň öz ýurdumyzyň hasabyna üpjün edilýändigidir. Tebigy gazdan alynýan karbamid, azot, kaliý, fosfor himiki dökünleri tebigy dökünler bilen utgaşyklylykda, sahawatly topragymyzda ýokary hilli oba hojalyk önümlerini ýetişdirmäge we şol bir wagtda ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza uzak ömür we berk jan saglyk arzuw edýäris.

Döwran ABDYRAHMANOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

10.12.2021
Parahatçylyk — ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegini gazanmak, ilatyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek üçin giň gerimli maksatnamalary öňe sürýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylýan oňyn görkezijiler saýlanyp alnan ugruň dogrudygyndan, edilýän tagallalaryň ýerine düşýändiginden habar berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýetilýän sepgitler hem belentdir. Döwlet Baştutanymyz olar hakynda hökümetiň şu ýylyň geçen on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde aýratyn durup geçdi.

Amala aşyrylýan beýik işleriň, bolup geçýän ösüş-özgerişleriň ählisi halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Şeýle guwandyryjy ýagdaý hakynda ýetip gelýän şanly senäniň — Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky buýsançly günlerde söhbet etmek örän ýakymlydyr. Sebäbi islendik oňyn özgerişlikler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde, edil şonuň ýaly-da, bütin dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkarar edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Parahatçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ösüş gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu babatda öňe sürülýän başlangyçlar tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagy Türkmenistanyň halkara abraýyny barha belende göterýär. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat bolsa dünýä ähmiýetli möhüm meseleleriň gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşylýan we wajyp çözgütleriň kabul edilýän merkezleriniň birine öwrüldi.

Şeýle amatly şertlerde eziz Diýarymyzda düýpli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, durnukly ösüşleri gazanmak üçin pugta esas we berk binýat emele gelýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler ykdysadyýetiň ähli toplumlaryny öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň çözgütlerine laýyklykda dünýäniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan, ekologiýa taýdan howpsuz, kuwwatly önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olarda öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Şeýle il-ýurt bähbitli işlere telekeçiler hem giňden gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde bazarlarymyz zerur harytlar bilen doly üpjün edilýär.

Biz täze öndürilip başlanylýan önümleri sertifikatlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri bellenilen möhletinde ýerine ýetirmek bilen, degişli resminamalary berýäris. Hut şu şanly ýylyň geçen döwründe edara-kärhanalara şeýle resminamalaryň birnäçesi berildi. Olaryň arasynda «Döwletli döwran» hususy kärhanasynyň öndürýän keramiki kerpiçleri, «Gaýrat» hususy kärhanasynda öndürilmegi ýola goýlan düşeklik pamyk, «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda öndürilýän dürli görnüşli elektrik geçirijiler, «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde öndürilýän lukmançylyk pamygy we beýlekiler bar. Görnüşi ýaly, welaýatymyzyň senagat pudagynda işleriň gerimi barha giňelýär. Bu işde hususy önüm öndürijileriň paýynyň barha artýandygyna bolsa ýokardaky sanaw aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen Bitaraplygy abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş ýoludyr. Bütin dünýäniň parahatçylyk sazyny çalyp, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Ýer ýüzüniň halklarynyň arassa asmanyň astynda eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýän baky Bitaraplyk ýörelgesine hemişelik ygrarly Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlary geljekde-de rowaçlyklara beslensin!

Maksat HANOW,

welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň sertifikatlaşdyryş bölüminiň döwlet inspektory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

09.12.2021
Ygtybarly we ýokary derejede

Nebiti gara altyna deňeýäris. Ondan taýýarlanylýan önümleriň tutuş dünýäde iň arzyly harytlaryň hataryna girýändigi mälim. Häzirki wagtda dünýä bazarynda türkmen nebitiniň hyrydarlary hem barha köpelmek bilen. Ýöne nebit önümleri bilen içerki üpjünçiligi doly berjaý etmek, hemişe bolşy ýaly, häzirki günlerde ilkinji wezipe bolmagynda galýar. Nebit ―bolsa biziň ýurdumyzyň esasy ýerasty baýlyklarynyň biri bolandygy üçin ondan taýýarlanylýan önümleriň ilata elýeter bahalardan hödürlenmegi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde. Edilýän tagallalaryň netijesinde, Türkmenistan dünýäde benziniň iň arzan döwletleriniň hatarynda ençeme ýyllardan bäri öňdäkileriň biri bolup dur.

Nebit önümlerini, şol sanda benzini sarp edijilere öz wagtynda ýetirip durmak etrap-şäherlerimizde hereket edýän ýöriteleşdirilen kärhanalaryň esasy maksady.

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň «Zerger» şahamçasynda kömekçi we senagat binalaryny abatlamak, olaryň täzelerini gurmak boýunça köp sanly işler alnyp barlypdyr. Şol işler häzirki günlerde hem ýokary depgin bilen dowam etdirilýär. Has takygy, şahamçada umumy sygymy 10 müň kub metr bolan dik çanlaryň 6-synyň gurluşygy tamamlanyp, olar ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, şahamçanyň nebit önümlerini saklaýjylyk mümkinçiligi ozalkysyndan ep-esli artdy. Ýakyn geljekde bu görkezijini ýene birnäçe esse ulaltmak meýilleşdirilýär. Şahamçada her biriniň sygymy 100 kub metr bolan dik çanlaryň ýene-de 8-si gurlar. Olar nebit önümleriniň dürli görnüşlerini ygtybarly saklamaga we sarp edijilere ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu wajyp iş «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylýar.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).

09.12.2021
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän pähim-paýhasly, öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty işewür gatnaşyklary höweslendirmäge, olaryň okgunly ösmegine itergi bermäge ýardam edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüş ýoluna düşendigini hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara almak bilen, senagat toplumy, şol sanda nebit we gazhimiýa ulgamy hem-de energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Häzirki döwürde ylmyň iň täze gazananlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary gurulýar. Gyýanlydaky Polimer zawodynyň önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama durmuşa geçirildi. Ahal welaýatyndaky bu zawodda ekologiýa taýdan arassa, Euro-5 ölçegine laýyk gelýän EKO-93 benzini öndürilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, köp möçberde girdeji getirýär.

Biziň ýurdumyz ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Senagat we innowasiýa ösüş modeline gönükdirilen strategik ugur we onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň hakyky ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi.

Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, «Fitсh Ratings» halkara agentligi Türkmenistana ilkinji gezek ýokary baha berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly we ýokary depginli ösüşiniň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Ýokarda agzalan agentlik tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara dereje döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlarynyň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Diýarymyzyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berer. Munuň özi ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr.

Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň çuňňur aňladylmasy bolan ulag, aragatnaşyk we energetika ulgamlary hem ösüş ýaýrawyndaky oňyn netijeleri esasynda bagtyýarlyk döwründe özleriniň datly miwelerini berýär. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport mümkinçilikleri giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Bilşimiz ýaly, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen, soňky ýyllarda pudagyň kuwwaty has-da ýokarlandy. Bu bolsa ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň goňşy döwletlere iberilmegine hem mümkinçilik berýär. Täze elektrik stansiýasy ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan «Sumitomo» korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň «Innowasion täze tehnologiýalar» güwänamasy we Germaniýanyň «Max Planck» institutynyň «Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin» güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli syýasaty ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Daşary döwletler bilen dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri-de Ýaponiýadyr. Ýapon kompaniýalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Olaryň gatnaşmagynda Mary şäherinde karbamid öndürýän zawod, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň kükürt kislotasyny öndürýän sehi, «Garabogazkarbamid» zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri desgalar guruldy.

Gahryman Arkadagymyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Senagat desgalary, şol sanda energetika desgalary hem gurlanda, daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmaga ýardam berýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, energiýanyň arzan, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine elýeterlilik ähli döwletleriň ösmeginde, olaryň halklarynyň abadançylygynda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi» bu maksada ýetmäge gönükdirilendir.

Lebapda gurlan täze elektrik stansiýasynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda işläp başlamagynyň çuňňur manysy bardyr. Onuň ulanylmaga girizilmegi ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Mahlasy, munuň özi milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

«Esger».


09.12.2021
Ykdysadyýet

KÄRHANANYŇ BATLY DEPGINLERI

Köneürgenç etrabynda hereket edýän pagta egriji kärhananyň öndürýän önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Häzirki zaman ülňüli kärhanada işlenip çykarylýan ýüplük iri tapgyrlar bilen daşary ýurtly sarp edijilere yzygiderli ugradylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanasynda kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen öndürilen ýokary hilli pagta ýüplügi ilkinji gezek Hytaý Halk Respublikasyna-da eksport edildi.

Bu kärhana Germaniýanyň öňdebaryjy, dünýä meşhur kompaniýalarynda çykarylan enjamlar bilen üpjün edilen. Şeýle bolansoň, bu ýerde inženerçilik çözgütlerini nazar almak bilen, ähli önümçilik bölümlerinde halkara ölçeglere laýyk gelýän önümler öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Kärhana ýylda 6 müň tonna ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmäge niýetlenen. Tehnologiki düzüm awtomatlaşdyrylan we doly kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Ýüplük öndüriji enjamlaryň altysynyň ygtybarly ulanylmagy, şonça-da daraýjy mehanizmleriň we beýleki ýöriteleşdirilen enjamlaryň netijeli işledilmegi önümçiligiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Takyk barlag-ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanada bu ýere gelýän çig malyň we işlenilip çykarylýan ýüplügiň hili kesgitlenilýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Daşoguz şäherinde üstünlikli hereket edýän pagta egriji kärhanalaryň ýene-de biri gurlup, ulanylmaga berildi. Bu iri kärhanada hem ýüplügiň «Ring» görnüşiniň uly göwrümi çykarylýar. Ol hem içerki we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Döwrebap tehnologiýa esaslanýan şu we beýleki önümçilikler milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagynyň eksport mümkinçiliginiň artmagyna we pudagyň ýokary depginler bilen ösmegine şert döredýär.

* * *

TÄZE HASYL GAÝTADAN IŞLENILÝÄR

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde hereket edýän tüwi öndürýän kärhanada şalynyň täze hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär. Şu ýyl welaýatymyzyň şalyçylary «sary altyn» taýýarlamagyň ýyllyk tabşyrygyny ýene-de üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şaly ekilen 8100 gektar ýerden onuň 35 müň tonnasy ýygnalyp, döwlete tabşyryldy. Orak möwsüminiň üstünlikli berjaý edilmegine işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, şol sanda «John Deere» we «CLAAS» kysymly kombaýnlaryň bökdençsiz hem-de netijeli işledilmegi uly ýardam etdi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şu ekini ekýän esasy sebit hasaplanýan etrabyň iri hojalyklarynyň 2-si bu ekini ekmeklige ýöriteleşdirilen. Olar şalynyň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly «Müňbaş», «Nöküs-2», «Elenge» we «Bereketli» görnüşlerini ekip, bol hasyl ýetişdirýärler. Mysal üçin, şu ýyl diňe S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde şaly ekmek üçin 4750 gektar ýer bölünip berildi.

Döwletimizde gallanyň ýetişdirilmegi, öndürilmegi, tohumynyň gowulandyrylmagy, oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegi hem-de ahyrky netijesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ähli zerur şertler döredilen. Pudak häzirki zaman ülňüli ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen ýeterlik mukdarda üpjün edilen. Ýere eýeçilik gözi bilen garalmagy, önümçilige öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy ulgamy täze derejelere çykarýar.

Öz habarçymyz.

09.12.2021
Ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz hemmetaraplaýyn ösýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, olara täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatdaky möhüm işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi has-da guwandyryjydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçileriň öňünde möhüm wezipeler goýulýar.

Kiçi we orta işewürler elektron senagatyny döretmekde we ösdürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti elektron önümlerini, şol sanda smart-telewizorlaryň dürli kysymlaryny öndürýär hem-de üstünlikli eksport edýär. Mundan başga-da, bu hojalyk jemgyýeti LED lampalary, kompýuterleri, planşetleri we ykjam el telefonlaryny öndürip, meşhurlyk gazanýar.

Häzir önümçiligiň kuwwatyny artdyrmak maksat edinilip, elektron senagatynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge degişli ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ulag-logistika strategiýasynyň esasy goýuldy. Bu ulgama ylmyň iň täze gazanan üstünlikleri ornaşdyrylyp, häzirki zaman demir, awtomobil, howa ýollary çekildi. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň Ýewraziýa ulag ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam edýär.

Maral NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.




08.12.2021
Watanymyzyň ösüşleri

Her bir güni okgunly ösüşlere beslenen berkarar Watanymyz tanalmaz derejede özgerýär. Gurulýan obalar, şäherçeler, ýaşaýyş toplumlary, önümçilik maksatly desgalar, awtoulag ýollary ýurdumyzyň ajaýyp görküni has-da artdyrýar. Şeýle beýik özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda netijeli we döredijilikli zähmetiň joş almagy bolsa, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarladyk we güýçli depginler bilen durmuşa geçirýäris» diýip belleýär. Bu hakykata tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň mysalynda uly buýsanç bilen göz ýetirýäris. Şanly ýylda diňe Ahal welaýatynyň özünde milli ykdysadyýetimiziň ösüşine täze itergi berjek iri desgalaryň, şeýle-de durmuş-medeni maksatly binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, oba hojalygynda guwandyryjy önümçilik görkezijilerine eýe bolunmagy bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Welaýatymyzyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýeňil senagatyň täze, iri kärhanalary — dokma toplumlary, Ak bugdaý, Kaka etraplarynda dürli gök-bakja önümlerini ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle desgalaryň işe girizilmegi bilen ildeşlerimiziň müňlerçesine ýokary amatlykly iş orunlary döredi. Bu bolsa, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesine oňyn täsirini ýetirdi.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda ähli ugurlarda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň, ösüşleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durandyr. Ulus-ilimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilýän we üstünlikli durmuşa geçirilýän milli we döwlet maksatnamalaryň çägindäki beýik, taryhy işlere guwanýar, buýsanýar, şonuň bilen baglylykda, geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip, yglan etmek boýunça öňe sürlen teklibi tüýs ýürekden goldaýar. Geljek, 2022-nji ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşylamagy we ony uly üstünliklere beslemegi maksat edinýäris.

Sähra SAPARMYRADOWA,

Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/49498

08.12.2021
Üstünlikleriň möhüm şerti

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Durnukly hem-de oýlanyşykly maliýe-ykdysady we salgyt syýasaty Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüneçekijiligini artdyrýar.

Sanly ulgamyň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy sazlaşykly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, okgunly ösýän Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary işjeň sanlylaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmanyň çäklerinde ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň, elektron tölegleriň gerimi giňeýär, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki döwürde sanly ulgam onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmekde hem işjeň ulanylýar. Teleköprüleriň üsti bilen ylmy-tejribe hem-de okuw maslahatlary geçirilýär.

Pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, biz ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna gatnaşmagynyň derejesini barha ýokarlandyrýarys» diýip belledi.

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny sanly ulgama toplumlaýyn geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Onuň üstünlikli amala aşyrylmagy halk hojalygynyň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalary giňden peýdalanmaga, ylym-bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Häzirki ýaş nesliň ösen tehnologiýalardan habarly bolmagy, olary başarnykly dolandyryp bilmegi, ýurdumyzda bu ugurda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy Türkmenistanyň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply döwlet bolmagyny üpjün eder. Biz — ýaşlar, öz gezegimizde, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerine mynasyp jogap bermek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Yhlas GÜRGENOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

07.12.2021
Telekeçilik giň gerimde ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly sepgitlere ýetýär. Bu ugurda geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdy döwrebaplaşdyrmakdan, halkymyzyň eşretli ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda kabul edilen döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar üstünlikli alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçiligiň ähmiýeti uludyr. Onuň giň gerimde ösdürilmegi, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artdyrylmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa, öz gezeginde, öndürilýän önümiň hil we möçber taýdan artmagyna getirýär.

Pudagy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda milli kanunçylyk binýady berkidildi. Bu ugurda täze kanunlaryň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda «Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary hakynda», «Haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary telekeçilik işinde ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirýär we hususyýetçilik işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Toplumlaýyn we yzygiderli durmuşa geçirilýän bu işler döwlet bilen hususy ulgamyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär. Hususy başlangyçlaryň örňemegine erkin, amatly şertleriň döredilmegi bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga, ulgama öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmaga, önümçiligi ösdürmekde iri maýa goýumlary üstünlikli özleşdirmäge we zähmet bölünişigini yzygiderli çuňlaşdyrmaga ýardam etmek maksatlaryna gönükdirilendir. Ösen ykdysadyýetli döwletimizde telekeçiligi goldaýan milli Liderimiziň tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!

Eziz ARÇAÝEW,

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

07.12.2021
Gazçylaryň gaýratly gadamlary

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Oňyn netijeleri almak bolsa, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan, olary işe girizmekden ybaratdyr. Şu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan işler, sözüň doly manysynda, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri, sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar.

Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlik «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde 1998-nji ýylda işe girizilen gününden bäri netijeli işläp gelýär. Demirgazykdan günorta 160 kilometre, gündogardan günbatara bolsa 30 kilometre golaý meýdany eýeleýän hazynalar ýataklarynda iş alyp barýan müdirlikde häzirki wagtda dürli kärlerde öndürijilikli zähmet çekýän gazçylaryň sany 750-den geçýär. Müdirligiň gaz çykaryş, gaz taýýarlaýyş, daşaýyş, gazy gysyjy elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi we abatlaýyş, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş, prokat abatlaýyş, gaz ölçeýji beket, kommunal hyzmat ediş, suw arassalaýjy desga ýaly bölümlerinde we bölümçelerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, ylmyňdyr tehnikanyň iň soňky gazananlary bolan kämil enjamlar, takyk kompýuter ulgamlary giňden peýdalanylýar. Munuň özi müdirlige sebitleýin senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Guýulara hyzmat etmekde ýüze çykaýjak kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, Çekişler meýdançasynda döredilen bölümde hem netijeli işler amala aşyrylýar. Bu ýerde hereket edýän pes temperaturaly saýlaýjy desgada gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metre barabar gaz taýýar edilýär. «Keýmir» gazlift kompressor stansiýasynda bolsa nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gaz ýygnalyp, gije-gündizde ýokary basyşa çykarylýan 3 million kub metre barabar gaz göteriş usulynda önüm berýän nebitli guýulara gönükdirilýär.

— Kärhanamyzda döwrüň talabyna laýyk zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Müdirligimiz boýunça Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalaryndan gazy ýygnamakda, taýýarlamakda we sarp edijilere ugratmakda barlag-ölçeg abzallary, awtomatika we elektroenergetika ulgamy netijeli işledilýär. Önüm berýän guýularymyzyň 40-dan gowragy Körpeje, 26-sy Çekişler, 5-si bolsa Altyguýy ýataklarynda hereket edýär. Şu ýylyň başyndan bäri olaryň 11-sinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdik. Bu bolsa ýer astyndan alynýan «mawy ýangyjyň» möçberini artdyrmagymyza uly täsirini ýetirdi. Önümçilik bölümlerimizde işleriň talabalaýyk ýola goýulmagyna dürli kärlerde zähmet çekýän aýry-aýry hünärmenlerimiziň mynasyp goşantlary bar. Olardan müdirligiň baş inženeri Nurberdi Ýegenmämmedow, gaz çykaryjy operator Gurbandurdy Hanmämmedow, gaz taýýarlaýjy operatorlar Ylýas Akyýew, Rahman Welmämmedow, Kyýas Baýramgulyýew netijeli zähmet çekmekde gazçylarymyza görelde bolup, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar.

Hereket edýän guýularymyzdan alynýan gazlar arassalanylyp, doly taýýarlanylandan soňra, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» we «Keýmir» nebit-gaz çykaryş müdirliklerine, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» kärhanasyna akdyrylýar. Hünärmenlerimiz müdirligimiz boýunça şu ýylda jemi 1,7 milliard tebigy gaz almak baradaky meýilnamamyzy iki essä golaý artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrýarlar. Gazçylarymyza halal zähmet çekip, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris — diýip, müdirligiň başlygy Baýramgylyç Gurbanow buýsanç bilen aýdýar.

— Körpeje käninde gazkondensatly guýularyň amatly iş düzgünlerinde uglewodorod gorly ýataklary ýitgisiz işläp geçmegiň geljegini üpjün etmekde hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda geçirilmegi zerur bolan guramaçylyk-tehniki çäreleriň görnüşini we göwrümini kesgitlemek maksadynda, gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, «Türkmennebitgeofizika» hem-de Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirlikleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ulanyş gaznasynyň önümli guýularynyň dürli iş düzgünlerinde — barlag-ölçeg, synag işleri amala aşyrylyp geçirilýän degişli seljermelerde gatlak şertlerinde önümçilige täsir edýän umumy görkezijileriň hereketi içgin öwrenilýär. Şonuň netijesinde önümçilikde toplanylan maglumatlar taýýarlanylýan netijenamalara esas bolup hyzmat edýär — diýip, «Nebitgazylmytaslama» institutynyň barlaghana müdiri Serdarmuhammet Izimow gürrüň berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan».

07.12.2021
Sargy serişdeleriniň täze görnüşleri

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda howpsuzlyk kadalarydyr öňüni alyş çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan häzirki günleriň talabyna laýyklykda, dürli ululykdaky önümleriň 150-ä golaý görnüşi öndürilýär. Döwrebap kärhanada işçi-hünärmenleriň 300-e golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy enjamlar ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önümleriň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Welaýat merkeziniň demirgazyk-günbatar künjeginde ýerleşýän bu kärhana binagärlik keşbi, önümçilik aýratynlygy bilen has tapawutlanýar. Ol 1,8 gektara golaý meýdany eýeleýän önümçilik bölümlerini, edara jaýyny, taýýar önümler ammaryny öz içine alýar. Bu bolsa işleriň sazlaşykly hereketini ýola goýmaga, netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanada häzirki şertlerde örän ygtybarly bolan sargy hem gorag serişdeleriniň täze görnüşleri öndürilip başlandy. Uzynlygy 100 metre barabar agardylan lukmançylyk hasalary, dokalmadyk matadan bir gezeklik ulanylýan, zyýansyzlandyrylan hem zyýansyzlandyrylmadyk hirurgiýa halatlary, bir gezeklik gorag eşikleri häzirki günlerde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginde derwaýys hasaplanýar. Kärhanada lukmançylyk hasasyndan taýýarlanan bäş gatly agyz-burun örtükleriniň her gün 6 müňüsi öndürilip, ilata ýetirilýär.

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň döwrebap düzümleriniň biri bolan bu kärhanada leýkoplastyr we bint, agartma, dokma hem gipsleýji bölümleriň dördüsi hereket edip, olarda ýokary hilli önümler taýýarlanýar. Munuň üçin çig mal hökmünde, esasan, özümizde öndürilen pagta ulanylýar. Şol bölümleriň hersiniň özüne mahsus aýratynlygy bar. Agartma bölümi hasa we ýüplük agardýan gazanlar, olary sykyjy, guradyjy, saraýan, tikýän enjamlar hem-de 2,5 tonna agrama barabar ýük göteriji bilen enjamlaşdyrylan. Gipsleme bölüminde-de gipsde ulanylýan pamygy saraýan hem kesýän enjamlar bar.

Esasan, pagta süýüminden taýýarlanýan bu önümleriň dokalyşynyň özboluşly aýratynlygy bar. Lukmançylyk hasalary tor görnüşli matalar şekilinde bolup, onuň esasyny düzýän sapaklaryň örülişi hem başgaçadyr. Alnan dürli şikeslerden ýa-da adam bedenine hirurgiýa taýdan çemeleşilenden soňra, şeýle sargy serişdeleri ulanylýar. Olar bedendäki ýaranyň ikilenç hapalanmazlygynyň öňüni alýar, ýaranyň has çalt bitmegini üpjün edýär. Olaryň iki gyrasynyň dokalýandygy üçin ulanmaga has ygtybarly bolýar. Häzirki wagtda bu kärhana ýurt möçberinde iň ýokary hilli gips sargysyny öndürýän ýeke-täk önümçilik desgasydyr.

Bu bölümlerde hünär taýýarlygy bolan ýaşlaryň uly topary işleýär. Kärhanada işçi-hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi, arakesme wagtlarynda oňaýly dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Leýkoplastyr we bint bölüminiň operatory Maýa Magtymgulyýewa, gipsleýji bölümden Jemal Amandurdyýewa, dokma bölüminiň operatorlary Baýrambibi Baýramowa, Geldi Hudaýberdiýew, agartma bölüminden Meýlis Meredow kämil tehnologiýalary sazlaşykly işletmek bilen, ýokary netije gazanmagyň göreldesini görkezýärler.

Uly mümkinçilige eýe bolan bu döwrebap kärhanada hil meselesine aýratyn üns berilýär. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän enjamlar ornaşdyrylan barlaghanada bölümleriň ählisiniň önümleriniň hil derejesine gözegçilik edilýär. Barlag-ölçeg enjamlary her bir gaplamanyň ölçeg taýdan degişliligini hem hilini kesgitleýär. Her günde sargy serişdeleriniň müňlerçe gabynyň aýry-aýrylykda gözegçilikden geçirilmegi, olar barada ähli maglumatlaryň jemlenmegi gysga wagtyň içinde amal edilýär. Her bir önümiň ýörite hil görkezijisi anyklanandan soňra, ol taýýar önümler ammaryna goýberilýär. Bu işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kuwwatly ösüşleriniň nobatdaky mysaly bolan bu döwrebap kärhanada ýokary öndürijilikli enjamlaryň sazlaşykly işledilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy, häzirki bazar şertlerinde ykdysady ýörelgeleriň netijeli peýdalanylmagy önümçiligiň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga, ösüş depginini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Önümçiligiň ähli ugurlary boýunça gazanylýan uly üstünlikler bolsa kärhananyň işçi-hünärmenlerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Amanmyrat SAPAROW.

«Türkmenistan».

07.12.2021
Gämiler gurulýar, abatlanylýar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere gabat gelýän häzirki zaman enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4-6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge hem doly mümkinçilik bar.

Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, dürli hyzmatlary edýän gämiler we ýüzüji serişdeler hem tehniki taýdan gözden geçirilýär. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlary ýerine ýetirmekde bu ýerde döwrebap şertler döredilendir. Senagat we hojalyk maksatly önümçilik, uly ölçegli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem şu ýerde alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek we reňklemek hyzmatlary-da döwrebap derejede ýola goýulýar.

— Kärhanamyzda köprüler üçin dürli ölçegli demir gurnamalary we şäherlerimiziň görküne görk goşýan yşyklandyryş direglerini ýasamakda hem uly tejribe toplanyldy. Dürli görnüşli we ölçegli haýatlary, germewleri ýasamak ýaly önümçilik işleri hem alnyp barylýar. Işleri ýokary hil derejesinde ýola goýmakda, elbetde, halkara tejribe hem içgin öwrenilýär. Kärhanamyzda sanly ulgam, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. ªu günler kärhanamyzyň abatlaýjylary «Berkarar» atly gämide ýeňil abatlaýyş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Gämi reňkleýjiler Abdylhamyd Nuryýew, Gurbangeldi Artykow, gysyjy desgalaryň maşinisti Berdi Artykow dagy nusga alarlyk zähmet çekýärler. Olar Türkmenistanyň «Watana bolan söýgisi üçin» medalynyň eýeleridir.

Kärhanamyzyň işçi-hünärmenleri halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artmagyna önjeýli goşant goşmaga döreden mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar — diýip, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Rejepmämmet Toýgeldiýew gürrüň berdi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

«Balkan».

07.12.2021