Watanymyzyň ykdysady kuwwaty

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän pähim-paýhasly, öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty işewür gatnaşyklary höweslendirmäge, olaryň okgunly ösmegine itergi bermäge ýardam edýär. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüş ýoluna düşendigini hem-de amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara almak bilen, senagat toplumy, şol sanda nebit we gazhimiýa ulgamy hem-de energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary we beýlekiler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Häzirki döwürde ylmyň iň täze gazananlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary gurulýar. Gyýanlydaky Polimer zawodynyň önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Tebigy gazdan sintetik ýangyjy öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama durmuşa geçirildi. Ahal welaýatyndaky bu zawodda ekologiýa taýdan arassa, Euro-5 ölçegine laýyk gelýän EKO-93 benzini öndürilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, köp möçberde girdeji getirýär.

Biziň ýurdumyz ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Senagat we innowasiýa ösüş modeline gönükdirilen strategik ugur we onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň hakyky ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi.

Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, «Fitсh Ratings» halkara agentligi Türkmenistana ilkinji gezek ýokary baha berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly we ýokary depginli ösüşiniň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Ýokarda agzalan agentlik tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara dereje döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlarynyň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Diýarymyzyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berer. Munuň özi ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr.

Mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň çuňňur aňladylmasy bolan ulag, aragatnaşyk we energetika ulgamlary hem ösüş ýaýrawyndaky oňyn netijeleri esasynda bagtyýarlyk döwründe özleriniň datly miwelerini berýär. Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport mümkinçilikleri giňeltmek boýunça hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Bilşimiz ýaly, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurulmagy bilen, soňky ýyllarda pudagyň kuwwaty has-da ýokarlandy. Bu bolsa ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň goňşy döwletlere iberilmegine hem mümkinçilik berýär. Täze elektrik stansiýasy ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd», Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan «Sumitomo» korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň «Innowasion täze tehnologiýalar» güwänamasy we Germaniýanyň «Max Planck» institutynyň «Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin» güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli syýasaty ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Daşary döwletler bilen dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri-de Ýaponiýadyr. Ýapon kompaniýalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Olaryň gatnaşmagynda Mary şäherinde karbamid öndürýän zawod, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň kükürt kislotasyny öndürýän sehi, «Garabogazkarbamid» zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri desgalar guruldy.

Gahryman Arkadagymyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Senagat desgalary, şol sanda energetika desgalary hem gurlanda, daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmaga ýardam berýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, energiýanyň arzan, ygtybarly we döwrebap çeşmelerine elýeterlilik ähli döwletleriň ösmeginde, olaryň halklarynyň abadançylygynda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi» bu maksada ýetmäge gönükdirilendir.

Lebapda gurlan täze elektrik stansiýasynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda işläp başlamagynyň çuňňur manysy bardyr. Onuň ulanylmaga girizilmegi ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Mahlasy, munuň özi milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda döredijiligiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny hem-de halkara abraýyny pugtalandyrmaga hyzmat eder.

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

«Esger».