Ykdysadyýet

KÄRHANANYŇ BATLY DEPGINLERI

Köneürgenç etrabynda hereket edýän pagta egriji kärhananyň öndürýän önümleri dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Häzirki zaman ülňüli kärhanada işlenip çykarylýan ýüplük iri tapgyrlar bilen daşary ýurtly sarp edijilere yzygiderli ugradylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanasynda kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen öndürilen ýokary hilli pagta ýüplügi ilkinji gezek Hytaý Halk Respublikasyna-da eksport edildi.

Bu kärhana Germaniýanyň öňdebaryjy, dünýä meşhur kompaniýalarynda çykarylan enjamlar bilen üpjün edilen. Şeýle bolansoň, bu ýerde inženerçilik çözgütlerini nazar almak bilen, ähli önümçilik bölümlerinde halkara ölçeglere laýyk gelýän önümler öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Kärhana ýylda 6 müň tonna ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmäge niýetlenen. Tehnologiki düzüm awtomatlaşdyrylan we doly kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Ýüplük öndüriji enjamlaryň altysynyň ygtybarly ulanylmagy, şonça-da daraýjy mehanizmleriň we beýleki ýöriteleşdirilen enjamlaryň netijeli işledilmegi önümçiligiň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Takyk barlag-ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanada bu ýere gelýän çig malyň we işlenilip çykarylýan ýüplügiň hili kesgitlenilýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Daşoguz şäherinde üstünlikli hereket edýän pagta egriji kärhanalaryň ýene-de biri gurlup, ulanylmaga berildi. Bu iri kärhanada hem ýüplügiň «Ring» görnüşiniň uly göwrümi çykarylýar. Ol hem içerki we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Döwrebap tehnologiýa esaslanýan şu we beýleki önümçilikler milli ykdysadyýetimiziň dokma pudagynyň eksport mümkinçiliginiň artmagyna we pudagyň ýokary depginler bilen ösmegine şert döredýär.

* * *

TÄZE HASYL GAÝTADAN IŞLENILÝÄR

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde hereket edýän tüwi öndürýän kärhanada şalynyň täze hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär. Şu ýyl welaýatymyzyň şalyçylary «sary altyn» taýýarlamagyň ýyllyk tabşyrygyny ýene-de üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şaly ekilen 8100 gektar ýerden onuň 35 müň tonnasy ýygnalyp, döwlete tabşyryldy. Orak möwsüminiň üstünlikli berjaý edilmegine işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň, şol sanda «John Deere» we «CLAAS» kysymly kombaýnlaryň bökdençsiz hem-de netijeli işledilmegi uly ýardam etdi.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şu ekini ekýän esasy sebit hasaplanýan etrabyň iri hojalyklarynyň 2-si bu ekini ekmeklige ýöriteleşdirilen. Olar şalynyň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere durnukly, ýokary hasylly «Müňbaş», «Nöküs-2», «Elenge» we «Bereketli» görnüşlerini ekip, bol hasyl ýetişdirýärler. Mysal üçin, şu ýyl diňe S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde şaly ekmek üçin 4750 gektar ýer bölünip berildi.

Döwletimizde gallanyň ýetişdirilmegi, öndürilmegi, tohumynyň gowulandyrylmagy, oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegi hem-de ahyrky netijesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ähli zerur şertler döredilen. Pudak häzirki zaman ülňüli ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen ýeterlik mukdarda üpjün edilen. Ýere eýeçilik gözi bilen garalmagy, önümçilige öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy ulgamy täze derejelere çykarýar.

Öz habarçymyz.