Durnukly ösüş üpjün edilýär

Bagtyýarlygyň, parahatçylygyň hem ösüşiň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan badalga alýan beýik işleriň netijesinde ösýär. Ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap mümkinçilikler täze ösüşlere badalga bolýar. Çuňňur çeşmeleriň, gadymy kökleriň hem-de şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň esasynda halkyň ruhy-ahlak taýdan galkynmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine hem ygtybarly binýat bolýar. Netijede, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda aýdyň we guwandyryjy üstünlikler gazanylýar.

Halkymyzyň durmuş abadançylygynyň ygtybarly binýady döredildi, raýatlarymyzyň asuda zähmet çekmegi, ýaşlarymyzyň yhlasly okamagy, çagalarymyzyň päk terbiýe almagy üçin ähli zerur bolan şertler döredildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Esasy maksat şahsyýeti, onuň döredijilik kuwwatyny ösdürmek bolup durýar. Dünýäde ynsanlaryň bagtly ýaşaýşy hakyndaky aladalardan uly maksat ýokdur. Şeýle döwletli işe sähelçe hem bolsa goşant goşmaga ýetişen ynsanlaryň ählisi özüni iň bagtly ynsanlaryň biri hasaplap biler. Watandaşlarymyzyň her birinde eziz Diýarymyzyň we halkymyzyň taryhyny öwrenmäge bolan gyzyklanma artýar, olar öz asylly zähmeti bilen ata Watanyň abraýyny hem mertebesini beýgeldýändigine, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrýandygyna ýürekden buýsanýarlar.

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynda deňi-taýy bolmadyk özgertmeler, ösüşler gazanyldy. Medeni we ruhy ösüşiň ozal görlüp-eşidilmedik depginleri aýdyň boldy, onuň agzybirligi hem-de jebisligi berkedi. Eziz Diýarymyzda adamlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar pugtalandy, jebisleşdi, maksatlar birikdi, her bir kişiniň ýüreginde yhlasly işlemäge bolan hyjuw joşguny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Eziz Watanyny jandan eziz görýän zähmetsöýer türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda saýlap alan parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen belent sepgitlere tarap ynamly gadamlar bilen barýar. Taryhymyzyň şöhratlydygyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň haýran galdyryjy üstünliklerine daýanmak, geljegiň röwşen gözýetimine nazar salmak arkaly eziz halkymyz bu buýsançly döredijilik ýolundan beýik geljege barýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň täze belentliklere tarap okgunly ilerlemegini, onuň ylmyň we medeniýetiň hakyky ojagyna, bolçulygyň we abadançylygyň ülkesine öwrülmegini gazanmak üçin halkymyz döredijilikli zähmet çekýär. Milli Liderimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen watançylyk şygaryny ähli üstünlikleriň gözbaşydygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Çünki günsaýyn ösüş-özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir iş diňe halkymyz üçin, her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermek, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmegi gazanmak üçin amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjekleri özgerýär. Ykdysady taýdan güýçli we kuwwatly döwletde şäherleriň, obalaryň has-da täze durka eýe bolmagy bolsa adam hakyndaky aladadan nyşandyr. Adamlaryň ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti, bagtyýar geljegi ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň esasy ugry bolup durýar.

Şu bagtyýar günlerde agzybir we jebis türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara Bitaraplyk gününi uly dabara bilen belläp geçýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar bu ajaýyp baýramyň uly ruhubelentlige beslenýändiginden habar berýär. Goý, müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň mertebesini bütin dünýäde belende göterip, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nartäç BÄŞIMOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.