Her bir güni okgunly ösüşlere beslenen berkarar Watanymyz tanalmaz derejede özgerýär. Gurulýan obalar, şäherçeler, ýaşaýyş toplumlary, önümçilik maksatly desgalar, awtoulag ýollary ýurdumyzyň ajaýyp görküni has-da artdyrýar. Şeýle beýik özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda netijeli we döredijilikli zähmetiň joş almagy bolsa, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagyna itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarladyk we güýçli depginler bilen durmuşa geçirýäris» diýip belleýär. Bu hakykata tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň mysalynda uly buýsanç bilen göz ýetirýäris. Şanly ýylda diňe Ahal welaýatynyň özünde milli ykdysadyýetimiziň ösüşine täze itergi berjek iri desgalaryň, şeýle-de durmuş-medeni maksatly binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, oba hojalygynda guwandyryjy önümçilik görkezijilerine eýe bolunmagy bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Welaýatymyzyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýeňil senagatyň täze, iri kärhanalary — dokma toplumlary, Ak bugdaý, Kaka etraplarynda dürli gök-bakja önümlerini ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle desgalaryň işe girizilmegi bilen ildeşlerimiziň müňlerçesine ýokary amatlykly iş orunlary döredi. Bu bolsa, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesine oňyn täsirini ýetirdi.
Täze taryhy döwürde ýurdumyzda ähli ugurlarda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň, ösüşleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durandyr. Ulus-ilimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilýän we üstünlikli durmuşa geçirilýän milli we döwlet maksatnamalaryň çägindäki beýik, taryhy işlere guwanýar, buýsanýar, şonuň bilen baglylykda, geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip, yglan etmek boýunça öňe sürlen teklibi tüýs ýürekden goldaýar. Geljek, 2022-nji ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşylamagy we ony uly üstünliklere beslemegi maksat edinýäris.
Sähra SAPARMYRADOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.