Gämiler gurulýar, abatlanylýar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere gabat gelýän häzirki zaman enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen, 4-6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Bu ýerde 2 müň tonna polady işlemek arkaly ortaça 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge hem doly mümkinçilik bar.

Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, dürli hyzmatlary edýän gämiler we ýüzüji serişdeler hem tehniki taýdan gözden geçirilýär. Olary abatlamakda hem-de enjamlaýyn hyzmatlary ýerine ýetirmekde bu ýerde döwrebap şertler döredilendir. Senagat we hojalyk maksatly önümçilik, uly ölçegli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem şu ýerde alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek we reňklemek hyzmatlary-da döwrebap derejede ýola goýulýar.

— Kärhanamyzda köprüler üçin dürli ölçegli demir gurnamalary we şäherlerimiziň görküne görk goşýan yşyklandyryş direglerini ýasamakda hem uly tejribe toplanyldy. Dürli görnüşli we ölçegli haýatlary, germewleri ýasamak ýaly önümçilik işleri hem alnyp barylýar. Işleri ýokary hil derejesinde ýola goýmakda, elbetde, halkara tejribe hem içgin öwrenilýär. Kärhanamyzda sanly ulgam, elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. ªu günler kärhanamyzyň abatlaýjylary «Berkarar» atly gämide ýeňil abatlaýyş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Gämi reňkleýjiler Abdylhamyd Nuryýew, Gurbangeldi Artykow, gysyjy desgalaryň maşinisti Berdi Artykow dagy nusga alarlyk zähmet çekýärler. Olar Türkmenistanyň «Watana bolan söýgisi üçin» medalynyň eýeleridir.

Kärhanamyzyň işçi-hünärmenleri halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artmagyna önjeýli goşant goşmaga döreden mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar — diýip, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Rejepmämmet Toýgeldiýew gürrüň berdi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

«Balkan».