Ýeňillikli karzlar

Ýurdumyzyň bank ulgamynda ýola goýlan sazlaşykly işleriň netijesinde welaýatymyzyň çägindäki bank edaralary hem döwrüň talaplaryna laýyklykda müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini günsaýyn giňeldýärler. Bank tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde hyzmatlaryň täze görnüşleri peýda bolýar. Bu babatda bank hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleri bolan «Internet-bank», «Mobil-bank», «QR-kod hyzmaty», «Elektron söwda» ýaly sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlar bank işjeňliginiň esasy görkezijileri bolup durýar.

Bank ulgamynyň maksatnama üpjünçiligini kämilleşdirmekde, halkara maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklamakda, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryna ýeňillikli karzlary bermekde, halkyň bank karzlaryna bolan islegini kanagatlandyrmakda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän karzlaryň dürli görnüşleri-de ildeşlerimiz üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösdürilmegine ýardam bermek, häzirkizaman işewürligi gurnamak maksady bilen, welaýatymyzyň banklary tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär.

Amatly bank karzlarynyň beýleki görnüşi bolsa önümçilik maksatlaryna berilýän karzlardyr. Olar kiçi we orta telekeçilik şahslaryna, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara-kärhanalara, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenilýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Bulardan başga-da şahsy hojalygyny ýöredýän ildeşlerimize öz mellek ýerlerinde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin kiçi göwrümli karz serişdeleri berilýär. Bu karzlaryň üsti bilen raýatlara kiçi telekeçilik işini guramak üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan «Owerdraft» karzyna bolan islegler günsaýyn artýar. «Owerdraft» karzy söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary arkaly nagt däl hasaplaşyklar geçirilende, kart hasabynyň galyndysy azalyp, töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda müşderä bank tarapyndan awtomatiki usulda berilýän gysga möhletli karz serişdesidir. Onuň beýleki karzlardan esasy aýratynlygy karz boýunça bir gezeklik şertnama baglaşmak arkaly, degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra goşmaça şertnama baglaşmazdan karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiliginiň bolmagydyr.

Şu günki gün raýatlar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzlarynyň ýene-de täze bir görnüşi, ýagny, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň okuw töleglerini tölemek üçin berilýän «Talyp karzy» bank karzydyr.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan amala aşyrylýan şeýle özgertmeler döwletiň pul-karz ulgamyny kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ykdysady ösüşiň depginini kuwwatlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň baş ýörelge edilýändigine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.

Gülaýym JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň baş hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/49098