Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Durnukly hem-de oýlanyşykly maliýe-ykdysady we salgyt syýasaty Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin özüneçekijiligini artdyrýar.
Sanly ulgamyň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy sazlaşykly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, okgunly ösýän Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary işjeň sanlylaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmanyň çäklerinde ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň, elektron tölegleriň gerimi giňeýär, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi artýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, häzirki döwürde sanly ulgam onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmekde hem işjeň ulanylýar. Teleköprüleriň üsti bilen ylmy-tejribe hem-de okuw maslahatlary geçirilýär.
Pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, daşary ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň, maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmegiň hasabyna, biz ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna gatnaşmagynyň derejesini barha ýokarlandyrýarys» diýip belledi.
Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny sanly ulgama toplumlaýyn geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Onuň üstünlikli amala aşyrylmagy halk hojalygynyň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalary giňden peýdalanmaga, ylym-bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Häzirki ýaş nesliň ösen tehnologiýalardan habarly bolmagy, olary başarnykly dolandyryp bilmegi, ýurdumyzda bu ugurda ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy Türkmenistanyň halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply döwlet bolmagyny üpjün eder. Biz — ýaşlar, öz gezegimizde, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şert-mümkinçiliklerine mynasyp jogap bermek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Yhlas GÜRGENOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.