Ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz hemmetaraplaýyn ösýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, olara täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatdaky möhüm işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi has-da guwandyryjydyr.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, häzirki zamanyň bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçileriň öňünde möhüm wezipeler goýulýar.

Kiçi we orta işewürler elektron senagatyny döretmekde we ösdürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti elektron önümlerini, şol sanda smart-telewizorlaryň dürli kysymlaryny öndürýär hem-de üstünlikli eksport edýär. Mundan başga-da, bu hojalyk jemgyýeti LED lampalary, kompýuterleri, planşetleri we ykjam el telefonlaryny öndürip, meşhurlyk gazanýar.

Häzir önümçiligiň kuwwatyny artdyrmak maksat edinilip, elektron senagatynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge degişli ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Ykdysadyýetimiziň çalt ösýän we geljegi uly pudaklary bolan ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ulag-logistika strategiýasynyň esasy goýuldy. Bu ulgama ylmyň iň täze gazanan üstünlikleri ornaşdyrylyp, häzirki zaman demir, awtomobil, howa ýollary çekildi. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň Ýewraziýa ulag ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam edýär.

Maral NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.