Gazçylaryň gaýratly gadamlary

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Oňyn netijeleri almak bolsa, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan, olary işe girizmekden ybaratdyr. Şu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan işler, sözüň doly manysynda, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki nebiti, gazy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly akdyrmak, ýataklary, gaz gysyjy beketleri, sazlaýjy desgalary gurmak, abadanlaşdyrmak, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak bilen meşgullanýan köp sanly önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar.

Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlik «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde 1998-nji ýylda işe girizilen gününden bäri netijeli işläp gelýär. Demirgazykdan günorta 160 kilometre, gündogardan günbatara bolsa 30 kilometre golaý meýdany eýeleýän hazynalar ýataklarynda iş alyp barýan müdirlikde häzirki wagtda dürli kärlerde öndürijilikli zähmet çekýän gazçylaryň sany 750-den geçýär. Müdirligiň gaz çykaryş, gaz taýýarlaýyş, daşaýyş, gazy gysyjy elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi we abatlaýyş, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş, prokat abatlaýyş, gaz ölçeýji beket, kommunal hyzmat ediş, suw arassalaýjy desga ýaly bölümlerinde we bölümçelerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, ylmyňdyr tehnikanyň iň soňky gazananlary bolan kämil enjamlar, takyk kompýuter ulgamlary giňden peýdalanylýar. Munuň özi müdirlige sebitleýin senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Guýulara hyzmat etmekde ýüze çykaýjak kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, Çekişler meýdançasynda döredilen bölümde hem netijeli işler amala aşyrylýar. Bu ýerde hereket edýän pes temperaturaly saýlaýjy desgada gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metre barabar gaz taýýar edilýär. «Keýmir» gazlift kompressor stansiýasynda bolsa nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gaz ýygnalyp, gije-gündizde ýokary basyşa çykarylýan 3 million kub metre barabar gaz göteriş usulynda önüm berýän nebitli guýulara gönükdirilýär.

— Kärhanamyzda döwrüň talabyna laýyk zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Müdirligimiz boýunça Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalaryndan gazy ýygnamakda, taýýarlamakda we sarp edijilere ugratmakda barlag-ölçeg abzallary, awtomatika we elektroenergetika ulgamy netijeli işledilýär. Önüm berýän guýularymyzyň 40-dan gowragy Körpeje, 26-sy Çekişler, 5-si bolsa Altyguýy ýataklarynda hereket edýär. Şu ýylyň başyndan bäri olaryň 11-sinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdik. Bu bolsa ýer astyndan alynýan «mawy ýangyjyň» möçberini artdyrmagymyza uly täsirini ýetirdi. Önümçilik bölümlerimizde işleriň talabalaýyk ýola goýulmagyna dürli kärlerde zähmet çekýän aýry-aýry hünärmenlerimiziň mynasyp goşantlary bar. Olardan müdirligiň baş inženeri Nurberdi Ýegenmämmedow, gaz çykaryjy operator Gurbandurdy Hanmämmedow, gaz taýýarlaýjy operatorlar Ylýas Akyýew, Rahman Welmämmedow, Kyýas Baýramgulyýew netijeli zähmet çekmekde gazçylarymyza görelde bolup, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar.

Hereket edýän guýularymyzdan alynýan gazlar arassalanylyp, doly taýýarlanylandan soňra, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» we «Keýmir» nebit-gaz çykaryş müdirliklerine, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» kärhanasyna akdyrylýar. Hünärmenlerimiz müdirligimiz boýunça şu ýylda jemi 1,7 milliard tebigy gaz almak baradaky meýilnamamyzy iki essä golaý artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrýarlar. Gazçylarymyza halal zähmet çekip, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris — diýip, müdirligiň başlygy Baýramgylyç Gurbanow buýsanç bilen aýdýar.

— Körpeje käninde gazkondensatly guýularyň amatly iş düzgünlerinde uglewodorod gorly ýataklary ýitgisiz işläp geçmegiň geljegini üpjün etmekde hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda geçirilmegi zerur bolan guramaçylyk-tehniki çäreleriň görnüşini we göwrümini kesgitlemek maksadynda, gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, «Türkmennebitgeofizika» hem-de Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirlikleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ulanyş gaznasynyň önümli guýularynyň dürli iş düzgünlerinde — barlag-ölçeg, synag işleri amala aşyrylyp geçirilýän degişli seljermelerde gatlak şertlerinde önümçilige täsir edýän umumy görkezijileriň hereketi içgin öwrenilýär. Şonuň netijesinde önümçilikde toplanylan maglumatlar taýýarlanylýan netijenamalara esas bolup hyzmat edýär — diýip, «Nebitgazylmytaslama» institutynyň barlaghana müdiri Serdarmuhammet Izimow gürrüň berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan».