«Türkmendermansenagat» birleşiginiň Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda howpsuzlyk kadalarydyr öňüni alyş çäreleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan häzirki günleriň talabyna laýyklykda, dürli ululykdaky önümleriň 150-ä golaý görnüşi öndürilýär. Döwrebap kärhanada işçi-hünärmenleriň 300-e golaýy zähmet çekýär. Bu ýerde ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy enjamlar ösen döwletleriň derejesinde ýokary hilli önümleriň ýylda 13 million gaplamasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Welaýat merkeziniň demirgazyk-günbatar künjeginde ýerleşýän bu kärhana binagärlik keşbi, önümçilik aýratynlygy bilen has tapawutlanýar. Ol 1,8 gektara golaý meýdany eýeleýän önümçilik bölümlerini, edara jaýyny, taýýar önümler ammaryny öz içine alýar. Bu bolsa işleriň sazlaşykly hereketini ýola goýmaga, netijeliligini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanada häzirki şertlerde örän ygtybarly bolan sargy hem gorag serişdeleriniň täze görnüşleri öndürilip başlandy. Uzynlygy 100 metre barabar agardylan lukmançylyk hasalary, dokalmadyk matadan bir gezeklik ulanylýan, zyýansyzlandyrylan hem zyýansyzlandyrylmadyk hirurgiýa halatlary, bir gezeklik gorag eşikleri häzirki günlerde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginde derwaýys hasaplanýar. Kärhanada lukmançylyk hasasyndan taýýarlanan bäş gatly agyz-burun örtükleriniň her gün 6 müňüsi öndürilip, ilata ýetirilýär.
«Türkmendermansenagat» birleşiginiň döwrebap düzümleriniň biri bolan bu kärhanada leýkoplastyr we bint, agartma, dokma hem gipsleýji bölümleriň dördüsi hereket edip, olarda ýokary hilli önümler taýýarlanýar. Munuň üçin çig mal hökmünde, esasan, özümizde öndürilen pagta ulanylýar. Şol bölümleriň hersiniň özüne mahsus aýratynlygy bar. Agartma bölümi hasa we ýüplük agardýan gazanlar, olary sykyjy, guradyjy, saraýan, tikýän enjamlar hem-de 2,5 tonna agrama barabar ýük göteriji bilen enjamlaşdyrylan. Gipsleme bölüminde-de gipsde ulanylýan pamygy saraýan hem kesýän enjamlar bar.
Esasan, pagta süýüminden taýýarlanýan bu önümleriň dokalyşynyň özboluşly aýratynlygy bar. Lukmançylyk hasalary tor görnüşli matalar şekilinde bolup, onuň esasyny düzýän sapaklaryň örülişi hem başgaçadyr. Alnan dürli şikeslerden ýa-da adam bedenine hirurgiýa taýdan çemeleşilenden soňra, şeýle sargy serişdeleri ulanylýar. Olar bedendäki ýaranyň ikilenç hapalanmazlygynyň öňüni alýar, ýaranyň has çalt bitmegini üpjün edýär. Olaryň iki gyrasynyň dokalýandygy üçin ulanmaga has ygtybarly bolýar. Häzirki wagtda bu kärhana ýurt möçberinde iň ýokary hilli gips sargysyny öndürýän ýeke-täk önümçilik desgasydyr.
Bu bölümlerde hünär taýýarlygy bolan ýaşlaryň uly topary işleýär. Kärhanada işçi-hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi, arakesme wagtlarynda oňaýly dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Leýkoplastyr we bint bölüminiň operatory Maýa Magtymgulyýewa, gipsleýji bölümden Jemal Amandurdyýewa, dokma bölüminiň operatorlary Baýrambibi Baýramowa, Geldi Hudaýberdiýew, agartma bölüminden Meýlis Meredow kämil tehnologiýalary sazlaşykly işletmek bilen, ýokary netije gazanmagyň göreldesini görkezýärler.
Uly mümkinçilige eýe bolan bu döwrebap kärhanada hil meselesine aýratyn üns berilýär. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän enjamlar ornaşdyrylan barlaghanada bölümleriň ählisiniň önümleriniň hil derejesine gözegçilik edilýär. Barlag-ölçeg enjamlary her bir gaplamanyň ölçeg taýdan degişliligini hem hilini kesgitleýär. Her günde sargy serişdeleriniň müňlerçe gabynyň aýry-aýrylykda gözegçilikden geçirilmegi, olar barada ähli maglumatlaryň jemlenmegi gysga wagtyň içinde amal edilýär. Her bir önümiň ýörite hil görkezijisi anyklanandan soňra, ol taýýar önümler ammaryna goýberilýär. Bu işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kuwwatly ösüşleriniň nobatdaky mysaly bolan bu döwrebap kärhanada ýokary öndürijilikli enjamlaryň sazlaşykly işledilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy, häzirki bazar şertlerinde ykdysady ýörelgeleriň netijeli peýdalanylmagy önümçiligiň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga, ösüş depginini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Önümçiligiň ähli ugurlary boýunça gazanylýan uly üstünlikler bolsa kärhananyň işçi-hünärmenlerini täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Amanmyrat SAPAROW.