Täzelikler
Türkmenistan maýa goýum syýasatyny ilerledýär

Milli özygtyýarlylygyny gazanmak bilen, özbaşdak dolandyryş ulgamyny, şol sanda maliýe-bank ulgamyny döreden döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşlere ýetdi. Häzirki taryhy döwürde Türkmenistanda ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, raýatlara döredilýän şertlerde döwrebap ýörelgelerden ugur alynýar. Durnukly ykdysady ösüşiň netijesinde döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň hem möhüm ähmiýete eýedigini bellemek zerur. Bu ugurda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini, amatlylygyny ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem baý tejribä eýedir.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, maýa goýum syýasatyny ilerletmekde, bu babatda daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga işjeň çekmekde netijeli tagallalary edýändigini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň döwlete degişli edaralary, maliýe guramalary we hususy kärhanalar bankyň müşderileriniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, esasan-da, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň we beýleki döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Häzirki wagtda bank 20-ä golaý ýurduň banklarynyň we maliýe guramalarynyň 50-den gowragy bilen işjeň hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa halkara hasaplaşyklary we müşderileriň sargytlary boýunça tölegleri çalt hem-de netijeli amala aşyrmaga ýardam edýär. Bank halkara maliýe guramalary we ösüş gaznalary, banklar bilen hyzmatdaşlyk pudagynda Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, OPEC gaznasy we beýlekiler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Döwlet daşary ykdysady iş banky 1994-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan bäri Yslam ösüş bankynyň, 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan bäri Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň, 2019-njy ýylyň 14-nji aprelinden bäri Maýa goýumlary we eksport karzlary ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam korporasiýasynyň, şeýle-de 2021-nji ýylyň 22-nji dekabryndan bäri Söwdany maliýeleşdirmek boýunça halkara Yslam korporasiýasynyň agzasy bolup çykyş edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi ulag we aragatnaşyk, nebitgaz, ýangyç-energetika, senagat, söwda, oba hojalygy, gurluşyk pudaklarynda, hyzmatlar ulgamynda öndürijilikli netijeleriň günsaýyn artmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň barha rowaçlanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň açylmagynda we ähli pudaklaryň işiniň ilerlemeginde daşary ýurtly maýa goýujylaryň hyzmaty uly bolup, olar köp sanly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşýarlar. Esasan-da, olaryň degişli taslamalary maliýeleşdirmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň daşary ýurtly taraplar bilen baglaşan şertnamalarydyr ylalaşyklary uly ähmiýete eýedir. Bank milli eksport-import we eksport ätiýaçlandyryş bilen hyzmatdaşlyk babatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň Eksim banklary, Germaniýadaky Hermes, Italiýanyň eksport ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Bu bolsa, öz nobatynda, milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda taslamalary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmelerini kesgitleýär.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryna degişli desgalaryň taslamalarynyň amala aşyrylmagynda Döwlet daşary ykdysady iş banky möhüm orun eýeleýär. Ol bu ugurlar boýunça karz ylalaşyklarynyň baglaşylmagynda wajyp hyzmaty ýerine ýetirýär. Maliýe-bank işini alyp barmakda onuň esasy maksady daşary ýurt maýa goýujylaryny ýurdumyzyň iri taslamalaryna çekmekden ybaratdyr. Bu ugurda geçen ýyllaryň dowamynda köp sanly taslamalardyr degişli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary bilen karz ylalaşyklarynyň hasabyna birnäçe giň gerimli taslamalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Gyýanlyda polipropilen we polietilen önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy, Garabogazda karbamid zawody hem-de Owadandepede gazy gaýtadan işlemek we ondan benzin öndürmek boýunça senagat toplumy, şeýle-de Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy, beýleki iri önümçilik desgalary gurlup, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga uly mümkinçilikler döredildi.

Daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen amal edilýän maýa goýum taslamalary ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, bu ugurda taslamalary maliýeleşdirmek üçin hem Yslam ösüş bankynyň Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen maliýe ylalaşygyna gol çekildi we doly özleşdirildi. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça halkara maliýe guramalary we banklary bilen degişli işler dowam etdirilýär. Bu gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çägindäki ähli gurluşyk işlerini gurnamak hem-de turbalaryň we degişli enjamlaryň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek boýunça Yslam ösüş banky bilen degişli karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

Geçen ýyllarda Yslam ösüş bankyndan we OPEC gaznasyndan iki sany «Ro-Ro» görnüşli gämini we bir ýük gämisini gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini çekmek barada ylalaşyk baglaşyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýylda Italiýa resmi saparynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň «Adipson Ind. Srl» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen Ähtnama esasynda Lebap welaýatynda buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany gurmak işlerini maliýeleşdirmek göz öňünde tutuldy.

2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň gaz turbinaly elektrik stansiýalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň we howa süzgüçleriniň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygynyň «ING Bank N.V.» bankynyň Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki şahamçasy bilen karz ylalaşyklaryna gol çekildi. Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk dökünleri öndürýän sehiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini çekmek boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen ylalaşyk baglaşyldy. 2021-nji ýyldan bäri bu gazna bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň çäginde Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasyny, Jebel şäherçesinde howa menzili toplumyny we Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin üç sany karz ylalaşygy baglaşyldy. Häzirki wagtda berlen karz serişdeleri özleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Arap we fransuz banklary bileleşiginiň arasynda gol çekilen degişli Ylalaşyk bolsa eksport-import amallaryny maliýeleşdirmek, Türkmenistan bilen Fransiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary çekmek bilen bagly hyzmatdaşlygy ilerletmegi göz öňünde tutýar.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde bank tarapyndan halkara «VISA» töleg ulgamy bilen bilelikde, «Milli VISA karty», «Overdraft karty» ýaly bank kartlary, «Visa Virtual» elektron karty ornaşdyryldy hem-de «Elektron söwda», «Internet bank», «Onlaýn karz» hyzmatlary işe girizildi. Baş maksady maýa goýumlary işjeň çekmek bolan bankyň içerki serişde dolanyşygyny, degişli amallary hem beýleki banklar bilen deň derejede alyp barmagy onuň tejribesiniň hemmetaraplaýyn häsiýete eýedigini aýdyň görkezýär.

Häzirki döwrüň geljegi uly ugurlarynyň biri hem döwrebap tehnologiýalary, şol sanda töleg kartlarynyň işjeňleşdirilmegine esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň usulyny giňden ornaşdyrmak bolup durýar. Döwlet daşary ykdysady iş banky bu ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmakda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi. «VISA» kartlarynyň ulanylyşyny, «Internet bank» hyzmatyny, umuman, dünýä tejribesinden gündelik özleşdirilýän we milli şertlere laýyklykda alnyp barylýan iş usullaryny ilkinjileriň hatarynda ýola goýdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda möhüm wezipeleriň biri bolan bank ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň, «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen degişli derejeleriň maliýe ugrunda dünýädäki abraýymyzy has-da ýokarlandyrýandygyny nygtaýar. 2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ikinji gezek «Fitch Ratings» agentliginiň geçiren seljermeleri netijesinde, halkara reýting agentligi Türkmenistanyň reýtingini «B+oňyn» derejesinde çaklama bilen tassyklady. «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara derejeler ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, ýurduň daşary ykdysady işini has-da ösdürmäge ýardam edýär.

Maliýe-bank ulgamynyň maýa goýum syýasatynyň ösmegine itergi berýän işleriň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň gatnaşmagynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegini-de görkezmek bolar. Munuň özi netijeli ykdysady özgertme bolup, ähli pudaklaryň işi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Mahlasy, taryh üçin uly bolmadyk 30 ýyldan gowrak döwürde ýokary kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem döwrebap özgertmeler bilen aýakdaş ösüşi ýylsaýyn artýar.

Jeren ERNEPESOWA,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Meýilleşdiriş we seljeriş müdirliginiň başlygy.

04.05.2024
Ýollar ýürekleri birleşdirýär

Gurmak, döretmek ata-babalarymyzdan gelýän döwletli ýol-ýörelgelerimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şeýle sogaply işler, asylly ýol-ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlipdi. Garagum sährasynyň çäginden geçýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ata Watanymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary netijeli häsiýete eýedir. Şunda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Ýeri gelende bellesek, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna düzümleýin ýol-ulag desgalaryny güwänamalaşdyrmak işine ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň güwänamalarynyň gowşurylmagy bu taslamanyň halkara ülňülerine doly laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeler täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Döwrümizi beýgeldýän, Watanymyz, halkymyz üçin bähbitli bolan döwletli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Jennet MEREDOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

04.05.2024
Eziz Diýaryň ösüşleri

Köňül guşumyzy al-asmana uçuryp, eziz Watanymyzyň gül gujagyny şatlyk-şowhuna besläp, owazy çar ýana ýaýraýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan abyrsyz işleri, ýetilýän belent sepgitleri göreniňde, gazanylan ösüşleri hakydaňda aýlap, başyň gök direýär. Agzybir türkmen halkymyz beýik hem şan-şöhratly zamananyň tämiz howasyndan ine-gana, erkin dem alyp, agaýana döwran sürýär, toý-baýramyny toýlap, milli däp-dessurlaryny berjaý edýär. Oba-şäherlerimizde bina edilýän ajaýyp desgalardyr binalar, aýna ýaly şaýollar durmuşa, ýaşaýşa söýgiňi artdyryp, ýagty geljege buýsanjyňy goşalandyrýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň güýzünde halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň çäginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Mary — Ahal ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegi, ýurdumyzyň bitewi energetika ulgamyna birikdirilmegi ähli watandaşlarymyzy begendiren taryhy wakalaryň biri boldy. Geçen döwürde paýtagtymyzyň we sebitiň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde bu elektrik stansiýasy möhüm orun eýeledi. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy, Watanymyzyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegi energetika ulgamynyň işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Ýakynda Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga berilmegi ata Watanymyzda alnyp barylýan işleriň dünýä ähmiýetlidigini has-da giňden açyp görkezdi. Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlarynyň hilini ep-esli derejede artdyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge giň mümkinçilik berer. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Awtobanyň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň, şol sanda energetika ulgamynda gazanylan öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ulanylmagy bizi diýseň buýsandyrdy.

Aýgözel REJEBOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

01.05.2024
Maliýe bazary — ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm guraly

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply, daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň täze görnüşleri döredilýär we ähli pudaklara sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylyp, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy artdyrylýar. Netijede, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp durmuşa geçirilýär.

Milli maksatnamany amala aşyrmagyň barşynda ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasion esasda senagatlaşdyrmak bilen çäklenilmän, bazar infrastrukturasyny doly kemala getirmek ugrunda hem tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Pudaklary döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda üstünlikler gazanylýar. Netijede, ýurduň maliýe ulgamynyň düzüm bölegi bolan maliýe bazarlary öňdebaryjy dünýä tejribeleri esasynda kämilleşdirilip, täzeçe iş usullary döredilýär. Ýurduň maliýe bazarynyň düzümleriniň esaslary pugtalandyrylyp, olaryň hukuk binýady berkidilýär.

Ykdysadyýetiň düzüm böleklerinde işiň depginini ýokarlandyrmak we olary akylly-başly dolandyrmak babatda jemgyýetde hem belli bir pul serişdesiz, ýagny döwlet bilen kärhanalaryň, döwlet bilen raýatlaryň dürli gatlaklarynyň, kärhanalar bilen şahsy taraplaryň arasynda ygtybarly hasaplaşykly gatnaşyklar emele getirildi. Dürli maliýe gurallary arkaly döwletiň pul dolanyşygynyň has kämil nusgasy döredilýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, gymmatly kagyzlar pul dolanyşygyny sazlaşykly ýola goýmakda möhüm maliýe guraly bolup çykyş edýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe bazary milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda öňde durýan strategik wezipelerden ugur alýar. Bu babatda Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ygtybarly strategiýa işlenip düzüldi we herekete girizildi.

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe maliýe serişdelerini jemlemek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, gözegçiligini üpjün etmek maksady bilen, ähli özgertmeler döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Maliýe bazarynyň düzümi bolan gymmatly kagyzlar bazary doly görnüşde döredilýär we işe girizilýär. Ilatyň hem-de ykdysady subýektleriň wagtlaýynça işe girizilmedik pul serişdeleri jemlenip, maýalara zerurlygy bolan pudaklara gönükdirilýär. Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda ýüze çykyp biläýjek dürli ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, onuň ähli taraplara bähbitli ugry saýlanyp alynýar. Gymmatly kagyzlar alyş-çalyşda, pul dolanyşygynda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ykdysadyýeti has-da ýokary depginde ösdürmäge, pul dolanyşygynyň hereketini çaltlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistan täze gatnaşykly gymmatly kagyzlar bazaryny diwersifikasiýa ýoly bilen döredýär. Şunda gymmatly kagyzlar bazary ykdysadyýetiň ygtybarly guraly bolup durýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanandan soňra, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi, netijede, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagy gymmatly kagyzlaryň dolanyşyga girizilmegine täzeçe itergi berdi. Döwletimizde gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallar düzgünleşdirildi. Halkara talaplara laýyk gelýän hukuk binýadyny döretmek maksady bilen, «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, gymmatly kagyzlaryň netijeli işlemegi üçin «Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminamalar esasynda gymmatly kagyzlar bazarynyň guramaçylyk we hukuk binýady döredildi. Ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde, 2016-njy ýylda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işe girizildi. Ýurdumyzda gazna biržasynyň döredilmegi paýdarlar jemgyýetleriniň işjeňliginiň ýokarlanmagyna we olaryň sanynyň artmagyna oňyn täsir etdi.

Pul gatnaşyklarynyň sazlaşygyny ýola goýmakda gymmatly kagyzlar möhüm ähmiýete eýedir. Gymmatly kagyzlar — bu maliýe serişdeleri bolup, hukuga kepil geçýän şaýatnama (subutnama) hem-de aýratyn wezipeli zerur alamatlary bolan, geljekde eýesine kesgitlenen möhletde peýda getirjek ýa-da dürli amallary geçirmäge mümkinçilik berjek resminamadyr.

Degişli kanunçylykda gymmatly kagyzlara şeýle kesgitleme berilýär: «Gymmatly kagyzlar — mälim edilende birine geçirilmegi we amala aşyrylmagy mümkin bolan, özünde berkidilen emläk hukuklaryny tassyklaýan resminamalardyr. Atly gymmatly kagyzlar ulanyjylaryň hukuk tarapynyň goraglylygyny üpjün edýär. Teklip ediji üçin gymmatly kagyzlar olary ulanyjylaryň hukuk tarapynda durýar we ykdysady subýektleriň berkidilen emläk hukuklarynyň amala aşyrylmagy, eýesiniň hökmany kybaplaşdyrylmagy talap edilmeýän gymmatly guralyna öwrülýär. Maýa goýum (düýpli) gymmatly kagyzy — atly gymmatly kagyzyň ýa-da teklip ediji üçin gymmatly kagyzyň maýa goýum serişdesi hökmünde dolanyşykda bolýan we ýuridik şahsyň maýasy-da maýa goýum paýy, oňa gatnaşmagyň paýy ýa-da başga bähbitli görnüşde eýeçiligiň bardygyny tassyklaýan görnüşi.

«Gymmatly kagyzlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, esasy gymmatly kagyzlara paýnamalar, obligasiýalar, geçirilýän wekseller, bank depozit güwänamasy, gymmatly kagyzlardan öndürilýän kagyzlar (deriwatiwler) degişlidir.

Halkara tejribäni ornaşdyrmak arkaly maýa goýumlary maliýeleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek işleriniň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde, gymmatly kagyzlaryň görnüşlerini, şol sanda paýnamalar we obligasiýalar bazaryny giňden ösdürmek hormatly Prezidentimiziň maliýe özgertmeleriniň esasyny emele getirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2022-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Gazna biržalarynyň işini işjeňleşdireris. Bu bolsa ýurdumyzyň maliýe bazarynyň giňelmegine ýardam berer. Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň pul-karz gurşawyny has-da döwrebaplaşdyrarys. Maksatnamada kesgitlenişine laýyklykda, ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe bazarynyň işi has-da kämilleşdiriler, bank hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldiler. Gymmatly kagyzlar bazaryny we maliýe gurallaryny ösdürmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen bagly anyk çäreler durmuşa geçiriler» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan ugur alnyp, maliýe bazarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, dürli görnüşli gymmatly kagyzlaryň (aksiýalaryň, obligasiýalaryň, opsionlaryň) bazary giňeldildi we bu iş dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki kärhanalara gymmat bahaly kagyzlar bazarynyň gurallary ornaşdyrylýar. Bazar gatnaşyklarynyň esasy gurallarynyň biri bolan maliýe bazaryny innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürmek ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bilelikde amala aşyrylýar. Maliýe bazaryny ösdürmekde, gazna biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmakda strategik wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi. Ýeri gelende bellesek, golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem netijeli häsiýete eýe boldy.

Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, gazna biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, önümçilikde toplanan tejribäni okuw işine ornaşdyryp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksadyndan ugur alnyp, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen institutymyzyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşyldy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň maliýe sowatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, yzygiderli okuw-maslahatlary geçirilýär. Gymmatly kagyzlar bazaryny we maliýe gurallaryny, gazna biržalarynyň, şol sanda Aşgabat gazna biržasynyň işini düýpli öwrenmek babatda institutyň professor-mugallymlaryny, aspirantlaryny, magistrantlaryny we talyplaryny düýpli ylmy-barlaglara çekmek, amaly teklipleri taýýarlamak, kafedralarda bu ugurdan bilim berlişini we ýerine ýetirilýän ylmy işleri utgaşdyrmak hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak maksady bilen, institutyň maliýe kafedrasynyň ýanynda Gymmatly kagyzlar bazary boýunça ylmy-amaly topar döredildi. Toparyň döredilmeginiň esasy maksady gymmatly kagyzlar bazary we maliýe gurallary babatda dünýä tejribesini düýpli öwrenmekden, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek üçin düýpli ylmy we amaly barlaglary alyp barmakdan, nazary bilimi tejribe bilen utgaşdyrmakdan, institutyň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrantlarynyň we talyplarynyň gymmatly kagyzlar bazarynyň işi bilen bagly zerur amaly bilimleri, endikleri hem-de tejribeleri öwrenmeklerine ýardam etmekden ybaratdyr.

Bilim, ylym ösüşiň, abadançylygyň, ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesiniň ýokary göterilmeginiň esasy serişdesidir. Şoňa görä-de, ykdysady ulgamyň hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hökmünde hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Abdykerim MUHANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kafedra müdiri.

30.04.2024
Ösüşleriň täze belentliklerine badalga

Il-ulus bolup, hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, ýurt abadançylygynyň, halk bähbidiniň hatyrasyna badalga berilýän işlere goşant goşmak halkymyzyň adatyna öwrülen ýörelge. Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi halkymyzyň demokratik däpleriniň zamanabap dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meýilleşdirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Durmuş-ykdysady taýdan ösüş we maýa goýum maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň möhüm ugurlary milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny şertlendirýär. Elbetde, milli kanunçylygy umumy ykrar edilen düzgünlere laýyk getirmek ugrundaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ylmy-hukuk seljermelerini geçirmek hem-de taslamalaryň wagtynda işlenilmegini üpjün etmek wajypdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan hukuk-bilermenler toparyny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny hem belläp geçdi.

Şular bilen baglylykda, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrundaky çäreler milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda alnyp barylýan deňeşdirme-hukuk barlaglarynyň hem-de kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini artdyrar. Şeýle hem türkmen döwletliliginiň taryhyny, jemgyýetimiziň demokratiýalaşmagynyň ösüş ýollaryny öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy-amaly seljerme işleriniň hiliniň has-da ýokarlanmagyny üpjün eder. Barlaglaryň jemi boýunça geňeşmeler durmuş ulgamyny nazarlaýan täze ykdysady garaýyşlaryň, umumadamzat bähbitli çemeleşmeleriň we täzeçillikleriň ýüze çykarylmagyny, netijeli teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagyny we oňyn çözgütleriň kabul edilmegini şertlendirer.

Döwlet tarapyndan goldanylmagy bilen işlenip düzülýän ylmy-tehniki we hojalyk-hukuk taslamalary maýa goýumlarynyň tehnologik we üznüksiz ösüş düzümini kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadyny goýar. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň okgunly ilerlemegine we maýadarlar üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine, makroykdysady hem-de maliýe durnuklylygynyň saklanylmagyna, maýa goýum maksatnamalaryndan garaşylýan köpugurly netijeleriň gazanylmagyna ýardam eder. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň öndürijilik ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, senagatda ösen tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan, dürli eýeçilik görnüşlerine daýanýan kärhanalaryň döredilmegi üçin zerur şertleri döreder. Bank ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, pul dolanyşygynyň ygtybarlylygyna, bank amallarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagyna esaslanýan hyzmatlaryň täze görnüşleriniň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri açar. Bütindünýä hojalyk giňişligine goşulyşmak üçin işewürlik gurşawynyň giňeldilmegini, söwda gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply gurallaryň döredilmegini, harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny hem-de onuň sarp edijileriniň elýeterlilik mümkinçiligini üpjün eder. Ykdysadyýeti ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny berkitmegiň, hojalyk işleriniň milli hem-de halkara derejeli tejribeleriniň, strategik meýilleşdiriş ulgamynyň düýpli özgerdilmegine badalga berer. Elektron işewürliginiň ösdürilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň ýokary takykly tilsimatlary ornaşdyrylan elektrotehnika kärhanalarynyň sanynyň we kuwwatynyň artmagyna hem-de sanly gurşawa işjeň goşulmagyna täze ýollary açar.

Kanunyň hökmürowanlyk ýörelgesiniň berkarar edilmegi, onuň kadalarynyň doly, dogry, dürs berjaý edilmegi hem-de oňa hormat bilen garalmagy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň häsiýetli aýratynlygydyr. Üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, täze kanunlaryň kabul edilmegi bolsa, kanunyň rüstemligini gazanmak bilen, öňde goýulýan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan döwletiniň hukuk esaslarynyň özeninde milli däp-dessurlarymyz, mukaddes gymmatlyklarymyz, ählumumy ykrar edilen kanunylyk, deňhukuklylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, kanunyň öňünde hemmeleriň deňligi, günäkärlik jogapkärçiligi ýaly ýörelgeler jemlenýär.

Pähimdar pederlerimiziň umyt-maksatlary hasyl bolýan, Watanyň berkararlygyny arzuwlan, halkyň jebislikde bir döwlete gulluk etmegini öwüt eden akyldar Magtymguly Pyragynyň ýaşan gadymy türkmen topragynda taryhy döwrümiziň öňde goýýan döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyna goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk hem konstitusion borjumyzdyr.

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

26.04.2024
Täze desgalar — ösüşlerden nyşan

Hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda durmuşy ugry ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Her bir işde halkyň bähbidiniň nazarda tutulýandygyna bolsa eziz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan gurluşyk-gurnama işleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu babatda welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň tamamlanan birinji çärýeginde önjeýli işler bitirildi.

Geçen hasabat döwründe gazanylan netijeler hem-de ýetilen belent sepgitler, hakykatdan-da, guwandyryjy. Has takygy, şu ýylyň geçen üç aýynda welaýatymyz boýunça döwletimiziň özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 255,1 million manada barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6 göterim artykdyr. Şonça serişdäniň 55,4 million manady (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 21,7 göterimi) önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine gönükdirildi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 40 göterime golaý artdy.

Welaýatymyzyň sebitlerinde ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat etjek binalaryň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 199,7 million manada ýetip (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 78,3 göterimi), geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 105,5 göterim artdy. Geçen döwürde döwletiň özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň düzüminde gurluşyk-gurnama işleri 216,6 million manada barabar boldy. Munuň özi özleşdirilen maýa goýumlarynyň 84,9 göterimine barabardyr. Bu ugra gönükdirilen serişdeler geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 37,5 göterim artdy.

Şanly ýylyň tamamlanan üç aýynda döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna welaýatymyzda esasy serişdeleriň jemi 354,9 million manatlygy işe girizilip, bu görkeziji geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, 4,7 esse artdy. Esasy serişdeleriň 9,5 million manady önümçilik maksatly, 345,4 million manady bolsa medeni-durmuş maksatly pudaklarda işe girizildi.

Welaýatymyzda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde gurulýan desgalarda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 149,8 million manada deň bolup, ýyllyk tabşyryk 61 göterim berjaý edildi. Şonuň netijesinde ýaşaýyş jaýlarynyň 41 müň inedördül metri guruldy, aragatnaşyk ulgamynyň 109,1 kilometre golaýy çekildi we telefon belgileriniň 21,6 müňden gowragy oturdyldy. Häzirki günlerde bu ugurda degişli gurluşyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Hasabat döwründe özleşdirilen düýpli maýa goýumlary ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda 90,4 million, orta mekdepleriň gurluşygynda 34 million, gazlaşdyrmak desgalarynyň, gaz geçirijileriň gurluşygynda 4,5 million, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurluşygynda 6,9 million manada barabar boldy. Şeýle halk bähbitli işler suw geçiriji, agyz suwuny arassalaýjy, lagym geçiriji ulgamlaryň, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň desgalarynyň gurluşyklarynda-da üstünlikli dowam edýär. Şonuň netijesinde üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli işe girizilýän kuwwatlyklaryň sany has-da artar.

Hasabat döwründe döwlet eýeçiligine degişli gurluşyk-gurnama kärhanalarynda ýerine ýetirilýän potrat işleriniň möçberleri düýpli artdy. Bu görkeziji 65,5 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 57,8 göterim köpeldi. Bu işde «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki gurluşyk-gurnama kärhanalarynyň işgärleri has öňe saýlanýarlar.

Hawa, halkymyzyň ýüreginiň şadyna, kalbynyň owazyna öwrülen «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dünýä nusgalyk ýörelgeler barha rowaçlanýar. Şonuň netijesinde il-ýurduň bähbitlerine hyzmat etjek täze desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar köpçülikleýin gurulýar. Olary halkymyz bagtyýar ýaşaýşyň aýdyň alamatlary hökmünde kabul edýär we şeýle abadan durmuşyň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW

25.04.2024
Halkara logistika: ösüş, mümkinçilikler we tejribeler

Ýakynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň (DÝHG) demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi üstünlikli geçirildi. Düýn Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda guralan «Sebitde ulag-logistik hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň orny» atly ylmy maslahat bu halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna bagyşlandy.

Milli ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýan bolsa, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň ählumumy ykdysady ulgamdaky ornuny berkitmäge mümkinçilik döredýär. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlyk alyp barýan Bitarap Türkmenistan bütindünýä ulag düzümine işjeň goşulýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň barha kämilleşdirilýän ulag düzümi oňa sebitara ulag-logistika merkezi hökmünde çykyş etmäge şert döredýär.

Ulag pudagynda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak maksady bilen, Maryda, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda gurlan ýolagçy terminallary, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzilleri ýurdumyzyň bu ugra gönükdiren iri maýa goýumlarynyň netijesidir. Bulardan başga-da, uçarlar, ýolagçy awtobuslary, otlular, gämiler, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Hazaryň türkmen kenaryndaky Halkara deňiz porty häzirki döwürde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem deňiz derwezesi hasaplanýar. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtoulag ýolunyň we köpriniň işe girizilmegi goňşy ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Milli we ýerli harytlary dünýä bazarlarynda çalt ýerlemegi üpjün etmäge mümkinçilik berýän ulag ulgamynyň bolmagy ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, önümçilik-tehniki binýady pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa bilen birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmegiň, ýagny Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň 2023-nji ýylda TRACECA ulag geçelgesini ösdürmek baradaky Ylalaşyga resmi taýdan goşulmagynyň esasy maksady hem Ýewropa bilen Aziýa sebitlerinde netijeli, durnukly we howpsuz ulag gatnawlaryny ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmenistan Ýewraziýanyň giňişliginde ýük daşamakda möhüm hyzmatdaşa öwrülmegi maksat edinýär. Üstaşyr ulag-kommunikasiýalar ulgamy babatda döwlet tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga niýetlenendir. Bu babatda, ýagny sebitiň Ýewraziýa ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy meselesinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň doly işe girizilenden soňra, uly ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary böleginiň işe girizilmegi-de munuň şeýle boljakdygyny we ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyna mümkinçilik berer. Ol ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň günorta, Eýranyň demirgazyk sebitlerine, Kawkaza, Ýewropa, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga şert döreder. Şeýlelikde, sebitiň günorta we gündogar ugurlar boýunça halkara ulag ulgamyna goşulyşmagy üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň ýanwarynda badalga berlen bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry — 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlipdi. Awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginiň uzynlygy 288 kilometrdir. Onuň ugrunda birnäçe durmuş-medeni we inženerçilik-kommunikasiýa desgalarynyň hem gurulýandygyny aýtmalydyrys. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji hem ikinji bölekleriniň mynasyp bolan halkara güwänamalary bolsa onuň tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyny, bu iri gurluşyga häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlary we teklipleri netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy alty sany Kararnama kabul etdi. Ýurdumyzyň ulag syýasatyny we bu ugurdaky tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň goldaýandygyny tassyklaýan bu resminamalar halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hemaýat edýär. Geçen ýylyň maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň daşary syýasatdaky diplomatik üstünligine öwrüldi.

Ýurdumyzyň sebitiň hem-de halkara ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy, ulag-logistika merkezleriniň işiniň netijeli guralmagy, ozaly bilen, kämil hünärmenlere baglydyr. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bu ugur boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Munuň üçin talyplarymyz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän halkara howa menzillerinde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, döwrebap awtoulag we demir ýol kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçip, bilimlerini iş bilen utgaşdyryp artdyrýarlar.

Ýokary okuw mekdebimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent binagärlik-gurluşyk institutynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan milli barlag-tehniki uniwersitetiniň hem-de Astrahanyň Deňiz we derýa ulaglary Hazar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamalara laýyklykda, bu bilim edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hyzmatdaşlar bilen wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary we maslahatlar geçirilýär. Şeýle-de sanly aragatnaşyk ulgamlary arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Institutymyz 2022-nji ýylda Bütindünýä uniwersitetler reýtingleriniň “UI GreenMetric” sanawyna goşuldy. Geçen ýylyň jemleri boýunça “UI GreenMetric” reýtinginiň sanawy täzelendi we institutymyz ýene sanawda galdy. 2023-nji ýylda bolsa ýokary okuw mekdebimiz “Times Higher Education” halkara uniwersitetler reýtingine goşuldy. Şeýle hem şol ýyl Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň düzümine girdi. Beýleki halkara reýtinglere goşulmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryny we öňümizde goýan wezipelerini gyşarnyksyz berjaý edip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak ugrunda mundan beýläk-de netijeli işleri alyp bararys.

Muhammetrahym Öwezow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

24.04.2024
Üstünlikleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen berkarar Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere we gazanylýan uly üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Munuň özi röwşen geljegimiziň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere bolan buýsanjymyzdyr.

Türkmenistan häzir ykdysady taýdan durnukly ösýär we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Ösüşli ýollaryň şaýatlyk etmegine görä, halkyň we ýurduň ösüşi ylym bilen berk baglanyşyklydyr. Maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginde, döwrebap ulgamy ösdürmekde hem ylym-bilimiň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem ylym-bilimli hünärmenler sanly ulgamyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ösen, kuwwatly döwletde kämil hünärmenlere giň mümkinçilikler bar, olar täzeçe garaýyşlar bilen döwrebap tehnologiýalara erk edýärler. Bu bolsa ösen sanly ulgamy üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, döwletimiziň syýasy, ykdysady we ruhy taýdan berk binýady döredilip, berkarar Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýokary tehnologiýalara we kämil bilime esaslanýan ösüşiň özi döwrebaplykdyr. Ol halkymyzy röwşen geljege ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň aýdyň beýanydyr. Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýna ÝAZOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

24.04.2024
Kämil kanunlar — ösüşlere binýat

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde geçen ýyllaryň içinde uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylyň geçen üç aýynda-da bu babatda Kanunlaryň ençemesi kabul edildi.

Döwleti ösdürmegiň, raýat jemgyýetini gurmagyň häzirki zaman maksady — adamyň mynasyp durmuşynydyr erkin ösüşini kemala getirýän maddy, durmuş we ruhy şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat. Bu ýagdaý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň özara baglanyşygynyň esasyny kesgitleýär.

Garaşsyz Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň türkmen nusgasy özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanyp, ol kanunyň hökmürowanlygyndan, adalatlylykdan we jemgyýetimiziň islegdir talaplaryndan gözbaş alýar. Bazar gatnaşyklary eýeçiligiň köp dürli görnüşini ykrar edýär. Bu ýagdaýda ösüşiňdir hiliň hatyrasyna bäsdeşligi döretmek we ösdürmek üçin hususy hem-de döwlet kärhanalarynyň deň şertlerde hojalygy alyp barmaklary möhüm şert bolup durýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn häsiýetli özgertmeler hukuk ulgamyny-da gurşap alýar. Milli ykdysadyýetiň binýadynda kämil kanunçylyk ulgamynyň bolmagy onuň netijeli ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir. Ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk esaslaryny gurşap alýan kanunçylyk namalary yzygiderli esasda döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda özgerdilýär. Döwlet Baştutanymyz bu gün hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary depginlerde ösdürilmegine ýardam berjek kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň güýçlendirilmegine, döwletiň, jemgyýetiň we raýatyň bähbitleriniň deňagramlylygynyň has oňyn bolmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu ýylyň 30-njy martynda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlara aýratyn ähmiýet berýändiginiň, onuň kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp subutnamasydyr.

Ýazmuhammet DÖWLETOW,

Bäherden etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.

22.04.2024
Ykdysady ösüş — geljegiň aýdyň kepili

Her bir güni uly üstünliklere, şanly senelere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyz milli ykdysadyýetimizi kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda bank ulgamynyň hyzmatlaryndan, mümkinçiliklerinden, döwrüň ösen talaplaryndan peýdalanmak üçin oňyn ýagdaýlar döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň durnukly ösmeginde bank ulgamy möhüm orna eýe bolup, öz işini döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga, ylmyň gazananlaryna esaslanyp, raýatlarymyza ýokary derejede bank hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirýär. Bilşimiz ýaly, halkymyza maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň bank ulgamy boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş hem-de beýleki hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde bank ulgamynyň hem ilatymyza sanly hyzmatlary hödürlemek bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, olara döwrebap hyzmatlary amala aşyrmakda alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidir.

Ylmyň, tehnikanyň we innowasion tehnologiýanyň ösmegi adamlaryň döwrebap hyzmatlara bolan talaplaryny barha artdyrýar. Şoňa laýyklykda, banklarda döwrebaplyga we täzeçillige esaslanýan hyzmatlary ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Hut şoňa görä-de, soňky ýyllaryň dowamynda bank ulgamy tarapyndan bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça anyk ädimler ädilýär. Dünýä tejribesinden we ilatyň isleginden ugur alyp, banklarda ýola goýulýan hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu ugurdaky alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly ulgama geçmek, sanly hyzmatlary ýola goýmak barada alnyp barylýan işleri aýratyn bellemek gerek. Çünki ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär.

Goý, ýurdumyzyň her bir raýaty hakyndaky aladany döwlet işiniň esasy bölegine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Oguljennet JUMABAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

22.04.2024
Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Ene topragyň berekedini artdyrmaly, ilaty ýokary hilli, elýeterli bahaly ekerançylyk we maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmeli. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan bu jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe lebaply oba adamlary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde gazanan netijeleri ýokarda bellänlerimizi ynandyryjylykly tassyklaýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanan üç aýynda etraplaryň ýyladyşhanalarynda gök-bakja önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy. Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Welaýatymyzda mallaryň baş sanyny köpeltmek hem-de mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda iri mallaryň 597,5 müň başy, dowarlaryň 3 225,6 müň başy, guşlaryň 3 429,1 müň başy, düýeleriň 6,3 müň başy bolup, bu görkezijiler geçen ýylyň başky üç aýy bilen deňeşdirilende ep-esli artykdyr. Hasabat döwründe hojalyklaryň ählisi boýunça etiň 36,8 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 120,1 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 54,4 million sanysy öndürildi. Şu zerur önümleriň 98 göterimden gowragynyň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan hususyýetçileriň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, ak bazarlarymyzy zerur önümleri bilen doldurmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginden habar berýär.

Lebaply dowardarlar ene mallardan owlak-guzy almak işini ýokary guramaçylykly alyp barýarlar. Şu ýylyň geçen döwründe hojalyklaryň ähli görnüşleri boýunça owlak-guzularyň 1 million 276,5 müňden gowragy alyndy. Olaryň 74,4 müň başy oba hojalyk kärhanalaryna degişlidir. Bu bolsa ýylyň başyna bar bolan ene mallaryň 98,8 göteriminden owlak-guzy alnandygyndan habar berýär.

Maldarçylyk önümlerini öndürmekde Saýat etrabynyň maldarlary öňdeligi eýeleýärler. Etrapda häzirki wagtda iri mallaryň 115,7 müň başy, dowarlaryň 486,8 müň başy, guşlaryň 823,2 müň başy bolup, olardan geçen döwürde etiň 7 müň tonnadan gowragy, süýdüň 24,1 müň tonna golaýy, ýumurtganyň bolsa 11,4 milliondan gowragy öndürildi. Munuň özi welaýatymyzda iň ýokary görkezijileriň biridir.

Şanly ýylyň tamamlanan üç aýy oba zähmetkeşleriniň ümzükleriniň öňedigini, olaryň nygmat bolçulygyny döretmek işiniň öň hatarlarynda bolmak hyjuwy bilen joşýandyklaryny aýdyň tassyklaýar. Janypkeş adamlar özlerini her bir işde giňden goldaýan hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize özleriniň hoşallyklaryny beýan edýärler.

«Türkmen gündogary».

19.04.2024