Kämil kanunlar — ösüşlere binýat

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde geçen ýyllaryň içinde uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylyň geçen üç aýynda-da bu babatda Kanunlaryň ençemesi kabul edildi.

Döwleti ösdürmegiň, raýat jemgyýetini gurmagyň häzirki zaman maksady — adamyň mynasyp durmuşynydyr erkin ösüşini kemala getirýän maddy, durmuş we ruhy şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat. Bu ýagdaý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň özara baglanyşygynyň esasyny kesgitleýär.

Garaşsyz Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň türkmen nusgasy özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanyp, ol kanunyň hökmürowanlygyndan, adalatlylykdan we jemgyýetimiziň islegdir talaplaryndan gözbaş alýar. Bazar gatnaşyklary eýeçiligiň köp dürli görnüşini ykrar edýär. Bu ýagdaýda ösüşiňdir hiliň hatyrasyna bäsdeşligi döretmek we ösdürmek üçin hususy hem-de döwlet kärhanalarynyň deň şertlerde hojalygy alyp barmaklary möhüm şert bolup durýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn häsiýetli özgertmeler hukuk ulgamyny-da gurşap alýar. Milli ykdysadyýetiň binýadynda kämil kanunçylyk ulgamynyň bolmagy onuň netijeli ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir. Ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk esaslaryny gurşap alýan kanunçylyk namalary yzygiderli esasda döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda özgerdilýär. Döwlet Baştutanymyz bu gün hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary depginlerde ösdürilmegine ýardam berjek kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň güýçlendirilmegine, döwletiň, jemgyýetiň we raýatyň bähbitleriniň deňagramlylygynyň has oňyn bolmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu ýylyň 30-njy martynda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlara aýratyn ähmiýet berýändiginiň, onuň kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp subutnamasydyr.

Ýazmuhammet DÖWLETOW,

Bäherden etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.