Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ösüş ýoluna düşdi. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň senagat ulgamynda hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle netijeli işleriň alnyp barylmagy söwda toplumynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirýär. Hereket edýän ulgamlaryň çäginde döwrebap tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagy önümleriň hil taýdan kämilleşmegine giň ýol açýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän söwda toplumy halk hojalygynyň çalt depginde ösýän ugruna öwrüldi. Bu ulgamda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginiň düýp maksady, milli ykdysadyýetimiziň ösüşini hil taýdan täze derejelere çykarmakdan, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Söwda we hyzmatlar ulgamynyň ýokary derejelere çykarylmagy milli özgertmelerimiziň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolup durýar. Şeýle-de ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu toplumyň ösüşi esasynda, milli önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny hem bellemek gerek.

Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan dokma pudagynda-da öndürilýän harytlaryň hili hem barha ýokarlanýar. Bu ugurda döwrebap tehnologiýaly önümçilik düzümleriniň döredilmegi bäsleşige ukyply dürli görnüşli dokma önümleriniň öndürilmegine uly itergi berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösmegine dokma toplumlary, esasan, pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli görnüşdäki matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar öz goşantlaryny goşýarlar. Dokma toplumynyň önümçilik kuwwatlygynyň ýokarlandyrylmagy, milli haryt nyşanly önümleriň artdyrylmagy we hil taýdan ýokarlandyrylmagy, şeýle hem olaryň görnüşlerini giňeltmek, ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümlerimiziň diňe bir içerki bazarlarda däl, hatda, daşary ýurt bazarlarynda hem eýeleýän ornuny giňeldýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümleri öndürilýär we olar ildeşlerimiz we daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän harytlaryň hatarynda durýar.

Milli mirasymyz bolan türkmen haly sungaty häzirki wagtda uly üstünliklere beslenýär. Türkmen halylary deňi-taýy bolmadyk gözelligi we ýokary hilliligi bilen Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Bu ulgamda «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan haly önümlerini öndürmekde, şeýle-de haly dokamagyň usullaryny, gadymdan gelýän haly nusgalaryny we irki haly önümlerini gaýtadan dikeltmek üçin oňyn işler durmuşa geçirilýär. Bu birleşigiň çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli şekilli halylar hem-de sowgatlyk önümler bilen birlikde, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri hem öndürilýär. Bularyň ählisi içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän talaplary üstünlikli kanagatlandyrýar. Munuň netijesinde, türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň gymmatly mirasy bolan halylarymyzyň dünýä meşhurlygy has-da belende göterilýär.

Täze taryhy döwürde döwletimiziň daşary ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrylýar, şeýle hem söwda ulgamynyň kuwwatlygyny berkitmek, daşary ýurt işewürleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak, esasan, maýa goýumlary çekmek üçin anyk işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ykdysady özgertmeleriň netijesinde, birnäçe oňyn işleriň durmuşa geçirilmeginde hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Bu ulgam ýokary hilli harytlary, hyzmatlary hödürlemek bilen, azyk, gurluşyk serişdeleriniň önümleriniň we beýlekileriň önümçilik ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdirýär. Şol esasda, söwda ulgamyny durnukly ösüş ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň söwda ulgamynda maksatnamalaýyn işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

«Esger».