Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerini sanasaň, sogaby artýar. «Şerepli», «Kelleli», «Ýylan» gaz känleri-de senagat taýdan täze özleşdirilýän gaz ýataklarynyň düzümine girýär. «Kelleli» gaz käninde «Türkmengaz» döwlet konserniniň meýilnamasyna laýyklykda, tebigy gazy ilkinji arassalaýan kuwwatly desga gurulýar. Täze desgany «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasyna görä, «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen edarasynyň gaz gurluşykçylary baş potratçy hökmünde alyp barýar. Gaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan gazy harytlyk derejesine ýetirip, ony Garagum — Üçajy — Malaý ýokary basyşly gaz geçirijisine akdyrmak maksady bilen gurulýan desgada zähmet çekýän gurluşykçylar kömekçi gulluk binalarynyň işini doly tamamlap, häzir diametri 159 we 219 millimetrlik gaz geçirijileriň gurluşygyny, desganyň seperatorlarynydyr kömekçi enjamlaryny, ýygnaýjy hatarlar toplumynyň hem-de ilkinji birikme nokadynyň enjamlaryny gurnamak işlerini alyp barýar.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze desga işe girizilensoň, gaz känlerinden her gije-gündizde 1 million 100 müň kub metr harytlyk tebigy gaz daşarky bazara ugradylar.
Welmuhammet GALANDAROW.