Maliýe bazary — ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm guraly

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply, daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň täze görnüşleri döredilýär we ähli pudaklara sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylyp, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy artdyrylýar. Netijede, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 75 göterime golaýy durmuş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu özgertmeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp durmuşa geçirilýär.

Milli maksatnamany amala aşyrmagyň barşynda ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasion esasda senagatlaşdyrmak bilen çäklenilmän, bazar infrastrukturasyny doly kemala getirmek ugrunda hem tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Pudaklary döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda üstünlikler gazanylýar. Netijede, ýurduň maliýe ulgamynyň düzüm bölegi bolan maliýe bazarlary öňdebaryjy dünýä tejribeleri esasynda kämilleşdirilip, täzeçe iş usullary döredilýär. Ýurduň maliýe bazarynyň düzümleriniň esaslary pugtalandyrylyp, olaryň hukuk binýady berkidilýär.

Ykdysadyýetiň düzüm böleklerinde işiň depginini ýokarlandyrmak we olary akylly-başly dolandyrmak babatda jemgyýetde hem belli bir pul serişdesiz, ýagny döwlet bilen kärhanalaryň, döwlet bilen raýatlaryň dürli gatlaklarynyň, kärhanalar bilen şahsy taraplaryň arasynda ygtybarly hasaplaşykly gatnaşyklar emele getirildi. Dürli maliýe gurallary arkaly döwletiň pul dolanyşygynyň has kämil nusgasy döredilýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, gymmatly kagyzlar pul dolanyşygyny sazlaşykly ýola goýmakda möhüm maliýe guraly bolup çykyş edýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe bazary milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda öňde durýan strategik wezipelerden ugur alýar. Bu babatda Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde ygtybarly strategiýa işlenip düzüldi we herekete girizildi.

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe maliýe serişdelerini jemlemek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, gözegçiligini üpjün etmek maksady bilen, ähli özgertmeler döwlet tarapyndan amala aşyrylýar. Maliýe bazarynyň düzümi bolan gymmatly kagyzlar bazary doly görnüşde döredilýär we işe girizilýär. Ilatyň hem-de ykdysady subýektleriň wagtlaýynça işe girizilmedik pul serişdeleri jemlenip, maýalara zerurlygy bolan pudaklara gönükdirilýär. Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda ýüze çykyp biläýjek dürli ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, onuň ähli taraplara bähbitli ugry saýlanyp alynýar. Gymmatly kagyzlar alyş-çalyşda, pul dolanyşygynda aýratyn ähmiýete eýe bolup, ykdysadyýeti has-da ýokary depginde ösdürmäge, pul dolanyşygynyň hereketini çaltlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistan täze gatnaşykly gymmatly kagyzlar bazaryny diwersifikasiýa ýoly bilen döredýär. Şunda gymmatly kagyzlar bazary ykdysadyýetiň ygtybarly guraly bolup durýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanandan soňra, milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi, netijede, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ýüze çykmagy gymmatly kagyzlaryň dolanyşyga girizilmegine täzeçe itergi berdi. Döwletimizde gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallar düzgünleşdirildi. Halkara talaplara laýyk gelýän hukuk binýadyny döretmek maksady bilen, «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, gymmatly kagyzlaryň netijeli işlemegi üçin «Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu resminamalar esasynda gymmatly kagyzlar bazarynyň guramaçylyk we hukuk binýady döredildi. Ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde, 2016-njy ýylda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işe girizildi. Ýurdumyzda gazna biržasynyň döredilmegi paýdarlar jemgyýetleriniň işjeňliginiň ýokarlanmagyna we olaryň sanynyň artmagyna oňyn täsir etdi.

Pul gatnaşyklarynyň sazlaşygyny ýola goýmakda gymmatly kagyzlar möhüm ähmiýete eýedir. Gymmatly kagyzlar — bu maliýe serişdeleri bolup, hukuga kepil geçýän şaýatnama (subutnama) hem-de aýratyn wezipeli zerur alamatlary bolan, geljekde eýesine kesgitlenen möhletde peýda getirjek ýa-da dürli amallary geçirmäge mümkinçilik berjek resminamadyr.

Degişli kanunçylykda gymmatly kagyzlara şeýle kesgitleme berilýär: «Gymmatly kagyzlar — mälim edilende birine geçirilmegi we amala aşyrylmagy mümkin bolan, özünde berkidilen emläk hukuklaryny tassyklaýan resminamalardyr. Atly gymmatly kagyzlar ulanyjylaryň hukuk tarapynyň goraglylygyny üpjün edýär. Teklip ediji üçin gymmatly kagyzlar olary ulanyjylaryň hukuk tarapynda durýar we ykdysady subýektleriň berkidilen emläk hukuklarynyň amala aşyrylmagy, eýesiniň hökmany kybaplaşdyrylmagy talap edilmeýän gymmatly guralyna öwrülýär. Maýa goýum (düýpli) gymmatly kagyzy — atly gymmatly kagyzyň ýa-da teklip ediji üçin gymmatly kagyzyň maýa goýum serişdesi hökmünde dolanyşykda bolýan we ýuridik şahsyň maýasy-da maýa goýum paýy, oňa gatnaşmagyň paýy ýa-da başga bähbitli görnüşde eýeçiligiň bardygyny tassyklaýan görnüşi.

«Gymmatly kagyzlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilişi ýaly, esasy gymmatly kagyzlara paýnamalar, obligasiýalar, geçirilýän wekseller, bank depozit güwänamasy, gymmatly kagyzlardan öndürilýän kagyzlar (deriwatiwler) degişlidir.

Halkara tejribäni ornaşdyrmak arkaly maýa goýumlary maliýeleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek işleriniň ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde, gymmatly kagyzlaryň görnüşlerini, şol sanda paýnamalar we obligasiýalar bazaryny giňden ösdürmek hormatly Prezidentimiziň maliýe özgertmeleriniň esasyny emele getirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2022-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Gazna biržalarynyň işini işjeňleşdireris. Bu bolsa ýurdumyzyň maliýe bazarynyň giňelmegine ýardam berer. Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak bilen, ýurdumyzyň pul-karz gurşawyny has-da döwrebaplaşdyrarys. Maksatnamada kesgitlenişine laýyklykda, ýakyn ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe bazarynyň işi has-da kämilleşdiriler, bank hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldiler. Gymmatly kagyzlar bazaryny we maliýe gurallaryny ösdürmek, ätiýaçlandyryş ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen bagly anyk çäreler durmuşa geçiriler» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan ugur alnyp, maliýe bazarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, dürli görnüşli gymmatly kagyzlaryň (aksiýalaryň, obligasiýalaryň, opsionlaryň) bazary giňeldildi we bu iş dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki kärhanalara gymmat bahaly kagyzlar bazarynyň gurallary ornaşdyrylýar. Bazar gatnaşyklarynyň esasy gurallarynyň biri bolan maliýe bazaryny innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürmek ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bilelikde amala aşyrylýar. Maliýe bazaryny ösdürmekde, gazna biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmakda strategik wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda belent sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi. Ýeri gelende bellesek, golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçirilen «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem netijeli häsiýete eýe boldy.

Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, gazna biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, önümçilikde toplanan tejribäni okuw işine ornaşdyryp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksadyndan ugur alnyp, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen institutymyzyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşyldy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylarynyň maliýe sowatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, yzygiderli okuw-maslahatlary geçirilýär. Gymmatly kagyzlar bazaryny we maliýe gurallaryny, gazna biržalarynyň, şol sanda Aşgabat gazna biržasynyň işini düýpli öwrenmek babatda institutyň professor-mugallymlaryny, aspirantlaryny, magistrantlaryny we talyplaryny düýpli ylmy-barlaglara çekmek, amaly teklipleri taýýarlamak, kafedralarda bu ugurdan bilim berlişini we ýerine ýetirilýän ylmy işleri utgaşdyrmak hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak maksady bilen, institutyň maliýe kafedrasynyň ýanynda Gymmatly kagyzlar bazary boýunça ylmy-amaly topar döredildi. Toparyň döredilmeginiň esasy maksady gymmatly kagyzlar bazary we maliýe gurallary babatda dünýä tejribesini düýpli öwrenmekden, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek üçin düýpli ylmy we amaly barlaglary alyp barmakdan, nazary bilimi tejribe bilen utgaşdyrmakdan, institutyň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrantlarynyň we talyplarynyň gymmatly kagyzlar bazarynyň işi bilen bagly zerur amaly bilimleri, endikleri hem-de tejribeleri öwrenmeklerine ýardam etmekden ybaratdyr.

Bilim, ylym ösüşiň, abadançylygyň, ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesiniň ýokary göterilmeginiň esasy serişdesidir. Şoňa görä-de, ykdysady ulgamyň hünärmenlerini taýýarlaýan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hökmünde hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Abdykerim MUHANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kafedra müdiri.