Ýakynda Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň (DÝHG) demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi üstünlikli geçirildi. Düýn Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda guralan «Sebitde ulag-logistik hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň orny» atly ylmy maslahat bu halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyna bagyşlandy.
Milli ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýan bolsa, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň ählumumy ykdysady ulgamdaky ornuny berkitmäge mümkinçilik döredýär. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlyk alyp barýan Bitarap Türkmenistan bütindünýä ulag düzümine işjeň goşulýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň barha kämilleşdirilýän ulag düzümi oňa sebitara ulag-logistika merkezi hökmünde çykyş etmäge şert döredýär.
Ulag pudagynda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak maksady bilen, Maryda, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda gurlan ýolagçy terminallary, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzilleri ýurdumyzyň bu ugra gönükdiren iri maýa goýumlarynyň netijesidir. Bulardan başga-da, uçarlar, ýolagçy awtobuslary, otlular, gämiler, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Hazaryň türkmen kenaryndaky Halkara deňiz porty häzirki döwürde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem deňiz derwezesi hasaplanýar. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtoulag ýolunyň we köpriniň işe girizilmegi goňşy ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Milli we ýerli harytlary dünýä bazarlarynda çalt ýerlemegi üpjün etmäge mümkinçilik berýän ulag ulgamynyň bolmagy ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, önümçilik-tehniki binýady pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa bilen birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmegiň, ýagny Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň 2023-nji ýylda TRACECA ulag geçelgesini ösdürmek baradaky Ylalaşyga resmi taýdan goşulmagynyň esasy maksady hem Ýewropa bilen Aziýa sebitlerinde netijeli, durnukly we howpsuz ulag gatnawlaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmenistan Ýewraziýanyň giňişliginde ýük daşamakda möhüm hyzmatdaşa öwrülmegi maksat edinýär. Üstaşyr ulag-kommunikasiýalar ulgamy babatda döwlet tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga niýetlenendir. Bu babatda, ýagny sebitiň Ýewraziýa ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy meselesinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň doly işe girizilenden soňra, uly ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary böleginiň işe girizilmegi-de munuň şeýle boljakdygyny we ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini görkezýär.
Uzynlygy 600 kilometre deň bolan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyna mümkinçilik berer. Ol ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň günorta, Eýranyň demirgazyk sebitlerine, Kawkaza, Ýewropa, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga şert döreder. Şeýlelikde, sebitiň günorta we gündogar ugurlar boýunça halkara ulag ulgamyna goşulyşmagy üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň ýanwarynda badalga berlen bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry — 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berlipdi. Awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginiň uzynlygy 288 kilometrdir. Onuň ugrunda birnäçe durmuş-medeni we inženerçilik-kommunikasiýa desgalarynyň hem gurulýandygyny aýtmalydyrys. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji hem ikinji bölekleriniň mynasyp bolan halkara güwänamalary bolsa onuň tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyny, bu iri gurluşyga häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylýandygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlary we teklipleri netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy alty sany Kararnama kabul etdi. Ýurdumyzyň ulag syýasatyny we bu ugurdaky tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň goldaýandygyny tassyklaýan bu resminamalar halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hemaýat edýär. Geçen ýylyň maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň daşary syýasatdaky diplomatik üstünligine öwrüldi.
Ýurdumyzyň sebitiň hem-de halkara ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy, ulag-logistika merkezleriniň işiniň netijeli guralmagy, ozaly bilen, kämil hünärmenlere baglydyr. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda bu ugur boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Munuň üçin talyplarymyz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän halkara howa menzillerinde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, döwrebap awtoulag we demir ýol kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçip, bilimlerini iş bilen utgaşdyryp artdyrýarlar.
Ýokary okuw mekdebimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşkent binagärlik-gurluşyk institutynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan milli barlag-tehniki uniwersitetiniň hem-de Astrahanyň Deňiz we derýa ulaglary Hazar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamalara laýyklykda, bu bilim edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hyzmatdaşlar bilen wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary we maslahatlar geçirilýär. Şeýle-de sanly aragatnaşyk ulgamlary arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri hem-de beýleki abraýly bilim edaralary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Institutymyz 2022-nji ýylda Bütindünýä uniwersitetler reýtingleriniň “UI GreenMetric” sanawyna goşuldy. Geçen ýylyň jemleri boýunça “UI GreenMetric” reýtinginiň sanawy täzelendi we institutymyz ýene sanawda galdy. 2023-nji ýylda bolsa ýokary okuw mekdebimiz “Times Higher Education” halkara uniwersitetler reýtingine goşuldy. Şeýle hem şol ýyl Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Tehniki uniwersitetler assosiasiýasynyň düzümine girdi. Beýleki halkara reýtinglere goşulmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryny we öňümizde goýan wezipelerini gyşarnyksyz berjaý edip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak ugrunda mundan beýläk-de netijeli işleri alyp bararys.
Muhammetrahym Öwezow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.