Ykdysady ösüş — geljegiň aýdyň kepili

Her bir güni uly üstünliklere, şanly senelere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň we bimöçber aladalarynyň netijesinde, eziz Diýarymyz milli ykdysadyýetimizi kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda bank ulgamynyň hyzmatlaryndan, mümkinçiliklerinden, döwrüň ösen talaplaryndan peýdalanmak üçin oňyn ýagdaýlar döredilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň durnukly ösmeginde bank ulgamy möhüm orna eýe bolup, öz işini döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga, ylmyň gazananlaryna esaslanyp, raýatlarymyza ýokary derejede bank hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirýär. Bilşimiz ýaly, halkymyza maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň bank ulgamy boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň esasynda nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş hem-de beýleki hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde bank ulgamynyň hem ilatymyza sanly hyzmatlary hödürlemek bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, olara döwrebap hyzmatlary amala aşyrmakda alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidir.

Ylmyň, tehnikanyň we innowasion tehnologiýanyň ösmegi adamlaryň döwrebap hyzmatlara bolan talaplaryny barha artdyrýar. Şoňa laýyklykda, banklarda döwrebaplyga we täzeçillige esaslanýan hyzmatlary ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Hut şoňa görä-de, soňky ýyllaryň dowamynda bank ulgamy tarapyndan bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça anyk ädimler ädilýär. Dünýä tejribesinden we ilatyň isleginden ugur alyp, banklarda ýola goýulýan hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu ugurdaky alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly ulgama geçmek, sanly hyzmatlary ýola goýmak barada alnyp barylýan işleri aýratyn bellemek gerek. Çünki ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik döredýär.

Goý, ýurdumyzyň her bir raýaty hakyndaky aladany döwlet işiniň esasy bölegine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Oguljennet JUMABAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.