Hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda durmuşy ugry ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Her bir işde halkyň bähbidiniň nazarda tutulýandygyna bolsa eziz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan gurluşyk-gurnama işleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu babatda welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň tamamlanan birinji çärýeginde önjeýli işler bitirildi.
Geçen hasabat döwründe gazanylan netijeler hem-de ýetilen belent sepgitler, hakykatdan-da, guwandyryjy. Has takygy, şu ýylyň geçen üç aýynda welaýatymyz boýunça döwletimiziň özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 255,1 million manada barabar boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,6 göterim artykdyr. Şonça serişdäniň 55,4 million manady (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 21,7 göterimi) önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk-gurnama işlerine gönükdirildi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň deňeşdirilýän döwründäkiden 40 göterime golaý artdy.
Welaýatymyzyň sebitlerinde ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyna hyzmat etjek binalaryň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 199,7 million manada ýetip (maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 78,3 göterimi), geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 105,5 göterim artdy. Geçen döwürde döwletiň özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň düzüminde gurluşyk-gurnama işleri 216,6 million manada barabar boldy. Munuň özi özleşdirilen maýa goýumlarynyň 84,9 göterimine barabardyr. Bu ugra gönükdirilen serişdeler geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 37,5 göterim artdy.
Şanly ýylyň tamamlanan üç aýynda döwletimiziň düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna welaýatymyzda esasy serişdeleriň jemi 354,9 million manatlygy işe girizilip, bu görkeziji geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä, 4,7 esse artdy. Esasy serişdeleriň 9,5 million manady önümçilik maksatly, 345,4 million manady bolsa medeni-durmuş maksatly pudaklarda işe girizildi.
Welaýatymyzda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde gurulýan desgalarda özleşdirilen düýpli maýa goýumlary 149,8 million manada deň bolup, ýyllyk tabşyryk 61 göterim berjaý edildi. Şonuň netijesinde ýaşaýyş jaýlarynyň 41 müň inedördül metri guruldy, aragatnaşyk ulgamynyň 109,1 kilometre golaýy çekildi we telefon belgileriniň 21,6 müňden gowragy oturdyldy. Häzirki günlerde bu ugurda degişli gurluşyk işleri guramaçylykly dowam edýär. Hasabat döwründe özleşdirilen düýpli maýa goýumlary ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda 90,4 million, orta mekdepleriň gurluşygynda 34 million, gazlaşdyrmak desgalarynyň, gaz geçirijileriň gurluşygynda 4,5 million, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurluşygynda 6,9 million manada barabar boldy. Şeýle halk bähbitli işler suw geçiriji, agyz suwuny arassalaýjy, lagym geçiriji ulgamlaryň, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk ulgamynyň desgalarynyň gurluşyklarynda-da üstünlikli dowam edýär. Şonuň netijesinde üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli işe girizilýän kuwwatlyklaryň sany has-da artar.
Hasabat döwründe döwlet eýeçiligine degişli gurluşyk-gurnama kärhanalarynda ýerine ýetirilýän potrat işleriniň möçberleri düýpli artdy. Bu görkeziji 65,5 million manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 57,8 göterim köpeldi. Bu işde «Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki gurluşyk-gurnama kärhanalarynyň işgärleri has öňe saýlanýarlar.
Hawa, halkymyzyň ýüreginiň şadyna, kalbynyň owazyna öwrülen «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen dünýä nusgalyk ýörelgeler barha rowaçlanýar. Şonuň netijesinde il-ýurduň bähbitlerine hyzmat etjek täze desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar köpçülikleýin gurulýar. Olary halkymyz bagtyýar ýaşaýşyň aýdyň alamatlary hökmünde kabul edýär we şeýle abadan durmuşyň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW