Il-ulus bolup, hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, ýurt abadançylygynyň, halk bähbidiniň hatyrasyna badalga berilýän işlere goşant goşmak halkymyzyň adatyna öwrülen ýörelge. Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi halkymyzyň demokratik däpleriniň zamanabap dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meýilleşdirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Durmuş-ykdysady taýdan ösüş we maýa goýum maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň möhüm ugurlary milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny şertlendirýär. Elbetde, milli kanunçylygy umumy ykrar edilen düzgünlere laýyk getirmek ugrundaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ylmy-hukuk seljermelerini geçirmek hem-de taslamalaryň wagtynda işlenilmegini üpjün etmek wajypdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan hukuk-bilermenler toparyny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny hem belläp geçdi.
Şular bilen baglylykda, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrundaky çäreler milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatda alnyp barylýan deňeşdirme-hukuk barlaglarynyň hem-de kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini artdyrar. Şeýle hem türkmen döwletliliginiň taryhyny, jemgyýetimiziň demokratiýalaşmagynyň ösüş ýollaryny öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy-amaly seljerme işleriniň hiliniň has-da ýokarlanmagyny üpjün eder. Barlaglaryň jemi boýunça geňeşmeler durmuş ulgamyny nazarlaýan täze ykdysady garaýyşlaryň, umumadamzat bähbitli çemeleşmeleriň we täzeçillikleriň ýüze çykarylmagyny, netijeli teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagyny we oňyn çözgütleriň kabul edilmegini şertlendirer.
Döwlet tarapyndan goldanylmagy bilen işlenip düzülýän ylmy-tehniki we hojalyk-hukuk taslamalary maýa goýumlarynyň tehnologik we üznüksiz ösüş düzümini kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadyny goýar. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň okgunly ilerlemegine we maýadarlar üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine, makroykdysady hem-de maliýe durnuklylygynyň saklanylmagyna, maýa goýum maksatnamalaryndan garaşylýan köpugurly netijeleriň gazanylmagyna ýardam eder. Milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň öndürijilik ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, senagatda ösen tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan, dürli eýeçilik görnüşlerine daýanýan kärhanalaryň döredilmegi üçin zerur şertleri döreder. Bank ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen, pul dolanyşygynyň ygtybarlylygyna, bank amallarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagyna esaslanýan hyzmatlaryň täze görnüşleriniň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri açar. Bütindünýä hojalyk giňişligine goşulyşmak üçin işewürlik gurşawynyň giňeldilmegini, söwda gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply gurallaryň döredilmegini, harytlaryň we hyzmatlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagyny hem-de onuň sarp edijileriniň elýeterlilik mümkinçiligini üpjün eder. Ykdysadyýeti ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny berkitmegiň, hojalyk işleriniň milli hem-de halkara derejeli tejribeleriniň, strategik meýilleşdiriş ulgamynyň düýpli özgerdilmegine badalga berer. Elektron işewürliginiň ösdürilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň ýokary takykly tilsimatlary ornaşdyrylan elektrotehnika kärhanalarynyň sanynyň we kuwwatynyň artmagyna hem-de sanly gurşawa işjeň goşulmagyna täze ýollary açar.
Kanunyň hökmürowanlyk ýörelgesiniň berkarar edilmegi, onuň kadalarynyň doly, dogry, dürs berjaý edilmegi hem-de oňa hormat bilen garalmagy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň häsiýetli aýratynlygydyr. Üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň many-mazmunynyň yzygiderli baýlaşdyrylmagy, täze kanunlaryň kabul edilmegi bolsa, kanunyň rüstemligini gazanmak bilen, öňde goýulýan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan döwletiniň hukuk esaslarynyň özeninde milli däp-dessurlarymyz, mukaddes gymmatlyklarymyz, ählumumy ykrar edilen kanunylyk, deňhukuklylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, kanunyň öňünde hemmeleriň deňligi, günäkärlik jogapkärçiligi ýaly ýörelgeler jemlenýär.
Pähimdar pederlerimiziň umyt-maksatlary hasyl bolýan, Watanyň berkararlygyny arzuwlan, halkyň jebislikde bir döwlete gulluk etmegini öwüt eden akyldar Magtymguly Pyragynyň ýaşan gadymy türkmen topragynda taryhy döwrümiziň öňde goýýan döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyna goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk hem konstitusion borjumyzdyr.
Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.