1-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň ykdysady syýasatyna laýyklykda ösdürilmelidigini belledi. Şunda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň we pudaga degişli häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagy möhüm talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.