Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bank ulgamy hem kämilleşýär. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ulgamyň işiniň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply innowasion ösüşini üpjün etmegi, dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi üçin wajyp bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridir, türkmen ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýardygyny görkezýän aýnasydyr» diýip, belleýär. Şu nukdaýnazardan, bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.
Ýurdumyzda dünýä tejribesine laýyk gelýän bank kanunçylyk binýady kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasynda: «Türkmenistanyň bank ulgamy Türkmenistanyň Merkezi bankyny we karz edaralaryny öz içine alýar. Türkmenistanyň Merkezi banky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmegi, nagt pul dolanyşygyny guramagy, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň işlemegini, karz edaralarynyň algydarlarynyň we goýumçylarynyň bähbitlerini goramagy, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň dolandyrylmagyny üpjün edýär we kanunda göz öňünde tutulan gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär» diýip kepillendirilýär. Şu konstitusion kadadan gözbaş alýan, 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işiniň, döwlet häkimiýet edaralary, karz edaralary bilen onuň özara gatnaşyklarynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Merkezi banky, milli we dünýä ykdysadyýetindäki bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutmak bilen, döwrüň talabyna laýyk gelýän pul-karz syýasatyny işläp düzýär we ony yzygiderli kämilleşdirýär. Bu öz gezeginde pul toplumynyň düzümini kämilleşdirmäge ykdysady ösüşde karz pullarynyň ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrýar.
Kanunda netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirmek, nagt pul dolanyşygyny guramak, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksatlary bolup durýar. Şeýle hem ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklarda pul kadalaşdyrmasyny we pul gözegçiligini özbaşdak we bank ulgamynyň üsti bilen guramak hem-de amala aşyrmak, Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guramak bu kanunyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde, öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetmekde döwlet maksatnamalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgama halkara bank tejribesiniň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, töleg ulgamlaryny kämilleşdirmek işleri baş wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar.
Ýurdumyzda programma-tehniki serişdeler, maglumat serişdeleri we maglumat ulgamlary dürli döwlet edaralarynda bank ulgamynda, bilim ulgamynda, ylymda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda işjeň peýdalanylýar. Bank ulgamynda hem innowasion syýasaty girizmek arkaly karz bermek, maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek we dürli tölegleriň çalt we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, kassa-hasaplaşyk amallarynyň ähli görnüşlerini we nagt pul geçirimlerini gysga wagtyň içinde amala aşyrmak, bank kepilligini bermek, karzlara bolan islegleri yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly işler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem-de bank ulgamynda düýpli öňegidişlikleri gazanmaga, ähli pudaklary ösen döwletleriň derejesine ýetirmäge, işleriň we hyzmatlaryň hilini geljekde has-da ýokarlandyrmaga giň ýol açyldy.
Ösüşiň häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamyny sanly ykdysadyýete geçirmek üstünlikli amala aşyrylýar we maksatnamalaýyn üpjün edilýär. Bank amallaryny sanlylaşdyrmak bolsa öz gezeginde diňe bir müşderilere hödürlenýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, wagtyny gysgaltmaga we harajatlary kemeltmäge hem mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bank tarapyndan puluň hereketine gözegçiligi ýola goýmaga we ýokary netijeli çözgütleri kabul etmäge amatlyklary döredýär.
Innowasiýalar eýýamynda geçirilýän çäreleriň netijesinde, milli pul birligi häzirki zaman elektron serişdelerinde işjeň peýdalanylýar. Ilat tarapyndan «Altyn asyr» bank kartlarynyň, «Visa» we «Master Card» halkara töleg usullarynyň ulanylmagy pul dolanyşygyny ösdürmegiň täze tapgyryny açdy. Bu bank kartlary ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan harytlar we hyzmatlar boýunça hasaplaşyklar, syýahatçylyk, okuw we beýleki maksatlar üçin işjeň ulanylýar.
Türkmenistanda hereket edýän milli kart ulgamy hem ýokary ösüş depginler bilen adamlaryň gündelik durmuşyna girýär we olara dürli maksatly hasaplaşyklary ýerine ýetirmekde mümkinçilik berýär. Sanly ulgama geçmek müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň gerimini we milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklaryň hilini ýokarlandyrmak we gerimini giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde,
QR-kod hyzmaty, galtaşyksyz töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin hem degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi islendik satyn alnan zat üçin smartfon arkaly töleg geçirip bolýar.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny has hem berkitmäge giň ýollary açýar. Şeýle hem raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge ähli amatlyklar döredilýär.
Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.