Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmekde we önümçiligiň çäklerinde oba hojalyk pudagyny çig mal, mineral dökünler bilen üpjün etmekde netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gojaman Hazaryň tebigy çig mala baý bolan Garabogaz aýlagynyň golaýynda gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawodynda öndürilýän önümler diňe bir Diýarymyzyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň onlarçasynyň isleg bildirýän karbamid önümleri hökmünde bellenip, hil taýdan ýokary görkezijilere eýe bolýar.
Kärhananyň karbamid önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän ammiak önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 660 müň tonna deňdir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhananyň umumy önümçilik kuwwaty bolsa her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada öndürilýän önümler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini ýokarlandyrmakda, döwrebaplaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatyny has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
Kärhananyň zähmetsöýer işgärleri geçen ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, täze ýyla batly gadam goýdular. Şu günler kärhananyň işçi-hünärmenleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin tutanýerli iş alyp barýarlar.
Saparmyrat HAKMYRADOW