Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ata Watanymyzy geljek 30 ýylda ösdürmek meselelerine garalyp, örän möhüm resminamalara gol çekildi. Onda uzak möhletleýin resminama — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Hususan-da, bu maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň anyk ugurlaryny we täze wezipeleriň ençemesini öz içine alýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hyzmat etjek täze maksatnama geljek 30 ýylda ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmäge ýardam berer. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr» diýip aýratyn nygtaýar. Şu jähetden, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 25-nji martynda geçirilen Hökümet mejlisinde agzalan resminamanyň durmuşa geçirilişiniň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyna üns çekildi. Mejlisde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan belent maksatlary agzybirlikde üstünlikli amala aşyrmak babatda täze wezipeler kesgitlenildi.
Bu Hökümet mejlisinde kesgitlenen wezipeler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Olar türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny we mümkinçiliklerini artdyrmakdan, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, täze önümçilikleri ýola goýmakdan, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipeleriň hatarynda häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýup, elektron senagatyny döretmegi dowam etmek, elektron we kompýuter önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek hem-de artdyrmak, dokma senagatynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak hem bar. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberiniň has-da artmagyna, ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde durmuş-ykdysady taýdan we ählitaraplaýyn ösen, ýokary kuwwaty bolan senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine doly mümkinçilik berer.
Aýjeren DURDYGYLYJOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.