Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyz adamlar hakynda alada etmek üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir gezek seretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, iş orunlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi, beýleki meseleler babatda öňe sürlen teklipler ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlar esasynda durmuş ugurly döwlet syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüş babatda dünýäniň ýokary depgin bilen ösýän döwletleriniň hatarynda. Ykdysady we syýasy bähbitleri gazanmak, ykdysady özbaşdaklygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda möhüm işler durmuşa ornaşdyrylýar.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» amala aşyrylýan döwründe döwlet syýasatynda, ilkinji nobatda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň durnukly ösüşine uly orun berilýär. Alymlaryň belleýşi ýaly, bazar gatnaşyklary şertlerinde halkyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek döwlet kadalaşdyryşy bolmazdan mümkin däldir.
Ilatyň girdejileriniň derejesi jemgyýetiň maddy hal-ýagdaýynyň iňňän möhüm görkezijisi bolup hyzmat edýär. Hojalyklaryň jemi girdejileriniň tas hemmesi diýen ýaly pul girdejileriniň hasabyna emele gelýär. Pul girdejileriniň esasy we kesgitleýji çeşmesi zähmet girdejileridir. Girdeji çeşmeleriniň arasynda durmuş häsiýetli tölegler (pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary) möhüm orun eýeleýär.
Pul girdejileriniň düzüminde olaryň beýleki görnüşleri uly bolmadyk paýy eýeleýär. Düşewündiň emele gelmeginiň çeşmesi gozgalmaýan emlägi satmakdan, ýaşaýyş jaýyny, tehnikany kärendesine bermekden alnan girdejiler, beýleki satuwlardan düşen we garyndaşlardan, tanyşlardan gelip gowşan serişdeler bolup durýar. Ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagy onuň pul çykdajylaryna-da baglydyr. Pul çykdajylarynyň düzüminde agramly paýy azyk önümlerini, azyk däl harytlary satyn almak we hyzmatlara tölemek üçin çykdajylar eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde iň möhüm çeşmeleriň biri hem hojalyklaryň süýşürintgileridir.
Durmuşa gönükdirilen syýasat ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy gazanmaga, şeýle hem ilatyň goldawa mätäç böleginiň durmuş kepilliklerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Eneligiň we çagalygyň durmuş taýdan goldanylmagy döwletimiziň aýratyn ileri tutýan ugry bolup durýar. Türkmenistanda öz-özüne hyzmat etmek mümkinçiligini doly ýa-da bölekleýin ýitiren adamlara durmuş taýdan hyzmat etmäge uly üns berilýär.
Gartaşan we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli edaralar — Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagynda bolan, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde ýeke ýaşaýan (özlerine gözegçilik we hyzmat edilmegi üçin maşgala agzalary hem-de ýakyn garyndaşlary bolmadyk gartaşan adamlar, şeýle hem maşgala agzalaryndan, ýakyn garyndaşlaryndan aýry ýaşaýan, olar bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlarynda ýazgyda durmadyk gartaşan adamlar), gartaşan (57 ýaşdan ýokary aýal maşgalalar, 62 ýaşdan ýokary erkek adamlar) we maýyplygy bolan adamlara (18 ýaşdan ýokary durnukly fiziki, ruhy, aň-düşünje ýa-da duýgurlyk bozulmalary zerarly jemgyýetiň durmuşyna doly, netijeli gatnaşmaga mümkinçiligi çäkli bolan adamlara) durmuş-hojalyk, maslahat beriş, lukmançylyk kömeginden öň berilýän saglygy goraýyş hyzmatyny etmegi, olara durmuş ýagdaýyna uýgunlaşmaga, saglygyny dikeltmäge ýardam etmegi amala aşyrýan durmuş edaralary bolup durýar.
Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy üçin zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işini öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda sanlylaşdyrmagyň uly durmuş-ykdysady ähmiýeti bar. Ilatyň durmuş goraglylygy ulgamyny ösdürmek syýasaty maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Durmuş taýdan goraglylyga şeýle çemeleşme jemgyýetiň ösüş mümkinçiliklerine çuňňur düşünmäge, bu ugurda öňde durýan wezipelere aýdyň göz ýetirmäge we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýanyň maksatlaryna laýyklykda, durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş pudaklarynyň işine iň gowy tejribäni ornaşdyrmagyň netijesinde ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň işini döwrebap we ýokary derejede guramak babatda täze mümkinçilikler döredilýär.
«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşini, uzak möhletleýin geljegini nazara almak bilen, ilatyň abadan durmuşy üçin ygtybarly binýadyň döredilmegini şertlendirdi. Şeýle syýasatyň ileri tutulmagy döwrebap sanly ulgamy döretmek we ösdürmek, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine täzeçil usullary, sanly hyzmatlary, intellektual ulgamlary ornaşdyrmak, olaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna laýyk getirmek, raýatlaryň durmuş goraglylygyny sanlylaşdyrmak babatda uly mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web saýtynda täze sanly hyzmat, ýagny boş iş orunlary hem-de iş gözleýän adamlar baradaky maglumatlary özünde jemleýän «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly interaktiw sahypa döredildi. Bu sahypanyň kömegi arkaly iş gözleýän ildeşlerimiz bar bolan iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tiz wagtda tanyşmak, iş berijiler bolsa gerekli hünärmenler baradaky maglumatlary öwrenmek we işgärleri saýlap almak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Pensiýa gaznasy ulgamynda Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň Pensiýa gaznasy müdirlikleri we etrap, şäher pensiýa gaznasy bölümleri bilen optiki-süýümli aragatnaşyk ýola goýlup, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny alýanlaryň, pensiýa ulgamynda ätiýaçlandyrylýanlaryň maglumatlar binýady emele getirildi. Ulgamda ätiýaçlandyrylýanlara, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny alýanlara SMS habary arkaly maglumat bermek işi ýola goýuldy. Bir söz bilen aýdylanda, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilim almaga, saglygyny berkitmäge hukuklary berjaý edilýär. Ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik babatda ukyp-başarnygyny doly açmagy üçin zerur şertler üpjün edilýär. Munuň özi her bir maşgalanyň abadançylygyna gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.