Gündogar sebitiň kuwwatly desgasy

Amyderýanyň sag kenary soňky döwürde çalt depginlerde ösýär. Hojambaz etrabyndaky «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde nebitdir gazyň täze-täze gorlarynyň üsti açylyp, bu ýerde gazy arassalaýjy we gysyjy desgalar gurulsa, Köýtendag etrabynda dag magdanlaryny gaýtadan işleýän hem-de magdan däl daşlardan gurluşyk pudagy üçin zerur bolan önümleri öndürýän senagat kärhanalary işe girizildi. Elbetde, bu pudagyň mundan beýläkki ösüşini gazanmak üçin, onuň elektrik energiýasy bilen kadaly üpjünçiligi gazanyldy. Şu maksat bilen derýanyň sag kenarynda, Köýtendag etrabynyň çäginde täze, kuwwatly elektrik stansiýasy gysga wagtda gurlup, 2016-njy ýylyň iýulynda işe girizildi. 

                                                                   

“Watan” diýlip atlandyrylan, ýyllyk kuwwaty 254 megawatt bolan döwlet elektrik stansiýasy okgunly ösýän Lebap welaýatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ol diňe bir sag kenara däl, eýsem, çep kenardaky ilatly ýerlere, kärhanalara, desgalara hem öz öndürýän elektrik toguny iberip başlady. Sebäbi çep we sag kenardaky asma elektrik ulgamynyň halkalaýyn usulda birleşdirilip, bitewi ulgama öwrülmegi iki kenarda hem elektrik energiýasynyň üznüksiz ýagdaýda bolmagyny üpjün etdi. Bu elektrik stansiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de ýurdumyzyň gündogar sebitinde gurlan we gurulýan senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatynyň artmagy üçin zerur şertleri döredýär. Iki sany gazturbinaly desgadan we energoblokdan, iki sany kuwwatly transformatordan, elektrik toguny 220 kw we 110 kw paýlaýjy beketlerden ybarat bolan bu desgada ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň ýokary tehnologiýalara esaslanýan enjamlary oturdyldy. Şeýle enjamlar häzirki wagtda köp ýurtda iň kämil enjamlar hökmünde ulanylýar. Elektrik stansiýasy, ýurdumyzda gurlan beýleki elektrik stansiýalary ýaly, kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Bu bolsa stansiýanyň merkezinden, ýagny dispetçerlik nokadyndan ähli tehnologik işlere gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde zähmet çekýän 81 adamyň ählisiniň-de ýerine ýetirýän işleri biri-biri bilen berk baglanyşykly. Energetika ugrundan ýokary okuw we ýörite orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan hünärmenler gysga wagtyň içinde öz işleriniň ussatlary bolup ýetişdiler. Hut şolaryň birleşen tagallalary netijesinde bu stansiýa 2022-nji ýylyň on aýynda elektrik energiýasyny öndürmek baradaky meýilnamasyny 110 göterim berjaý etdi. Olar şu döwürde meýilleşdirilen 1155000 kilowatt-sagat elektrik energiýasyna derek 1270599 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar.  

                                                                   

— Stansiýada «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Amyderýanyň sag kenarynda gurlan iň uly we ýeke-täk elektrik stansiýasynyň geljek ýyllarda şu sebitde guruljak senagat kärhanalaryny-da elektrik togy bilen üpjün etmäge niýetlenendigi ýöne ýerden däl. Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty örän çalt depginler bilen ösýär. Şu günki günde Lebap sement zawody, Künjek kän müdirligi, Garlyk kaliý dag-magdan toplumy hut biziň öndürýän elektrik energiýamyz bilen işleýär. Geljekde bu sebitde senagat kärhanalarynyň ýene-de birnäçesi gurulmaly. Olaryň köpüsi telekeçileriň gurjak kärhanalary bolar. Öndürýän elektrik energiýamyz ýörite gurlan energoköpri arkaly çep kenara-da birikdirildi we ol halkalaýyn häsiýete eýe boldy — diýip, elektrik stansiýasynyň baş inženeriniň orunbasary Begenç Geldiýew aýdýar.  

                                                                                                           

Hudaýberen ABRAÝEW.