Halkymyzyň milli binagärlik sungatynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we sanly tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşmasyny alamatlandyrýan Aşgabat şäheri hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan we taýsyz tagallalaryndan kemala gelýän ajaýyp sungat eseridir. Munuň şeýledigini, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän «Aşgabat-siti» taslamasynyň mysalynda hem görmek bolýar. Sanly tehnologiýalara we dünýäniň kämil binagärlik tejribesine daýanýan «akylly şäherleriň» barha giň gerimde ýaýbaňlanýan döwründe şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkararlygyny hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ösüş depgininiň döwür bilen aýakdaş gidýändigini alamatlandyrýar.
Paýtagt şäherleriň her bir ýurduň, onuň halkynyň ýaşaýyş-durmuşyny, medeniýetini we il-günüň abadançylygyny şöhlelendirýändigi hakynda aýdylýar. Şol sebäpli hem, hormatly Prezidentimiziň Aziýa sebitiniň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherini diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň nusgalyk şäherine öwürmek barada edýän tagallalaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyzda ägirt uly gurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gurlup ulanylmaga berilýän biri-birinden kaşaň binalary, medeni-durmuş ähmiýetli desgalary we ýüzi nurana bagtyýar raýatlarymyzy synlanyňda, asudalygyň hem-de abadanlygyň mekanynda ýaşaýandygyňa kalbyňda buýsanç duýgusy oýanýar.
Häzirki wagtda bolsa mähriban paýtagtymyzda barha golaýlaýan Täze ýyl baýramynyň şatlygy dowam edýär. Geljek 2022-nji ýyl hem şu ýylymyz deýin rowaçlyga, üstünliklere beslener. Ähli ýerlerde — jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň söwda we dynç alyş merkezleriniň öňündäki meýdançalarda bezelen Täze ýyl arçalary halkymyza şatlyk we ruhubelentlik paýlaýar. Bagtyýar halkymyz milli Liderimiziň baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenjek ýagty geljegine sary uly ynam bilen öňe barýar. Täze — 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy hem mähriban halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan belent sarpasynyň, sylag-hormatynyň we söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr.
Aýnäzik BERDIMYRADOWA,