Durmuşyň ähli ugurlarynda uly özgerişleriň amala aşyrylmagy netijesinde, ösüşleriň belentliklerine ýetilýär. Ýurdumyzy gurşap alan tutumly işleriň milli kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylmagy öz guwandyryjy netijesini berýär. Kabul edilýän kanunlar, kanunçylyk namalaryna girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýrylmaz şerti bolup durýar. Olaryň ählisi oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, demokratik esaslary berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Maksatnamasy kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak Maksatnamanyň esasy wezipesi bolup durýar.
«Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň depginini üpjün etmäge gönükdirilendir. Býujetiň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, durmuş üpjünçiligi ulgamlaryna, jemagat hojalygyna gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň, asylly däbe görä, durmuş ulgamyna eýerýändiginiň we ilatyň ýokary abadançylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. 2022-nji ýylda Döwlet býujetiniň hasabyna durmuş ulgamyna bölünip berilýän serişdeleriň möçberi 70 göterimden gowrak bolar. Şunda ykdysadyýetiň durmuş ugurlylygyny saklamak ýörelgesi üpjün ediler. Geljek ýylda innowasiýalar esasynda önümçiligiň ýola goýulmagy, goşmaça bahanyň ýokary paýy bolan pudaklaryň ösdürilmegi üçin maýa goýumlary bölüp bermek hem göz öňünde tutulandyr. Düýpli maýa goýumlaryň belli bir möçberi ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygyna sarp ediler.
Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde Daşoguz welaýaty üçin göz öňünde tutulan serişdeler sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir. Welaýatyň ykdysadyýeti agrar senagat häsiýetine eýedir. Pagtaçylyk ekerançylygyň esasy ekinleriniň biri bolup durýar. Pagtadan alynýan çig mal dokma we azyk senagaty kärhanalary üçin peýdalanylýar. Geljek ýylda 275 müň tonna pagta, 265 müň tonna bugdaý, 35 müň tonna şaly, 127,6 müň tonna ýeralma, 197,8 müň tonna gök önüm, 130,1 müň tonna bakja önümlerini, 91 müň tonna ir-iýmiş, şol sanda 23 müň tonna üzüm hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Köneürgenç etrabynda gurulýan, kuwwatlylygy ýylda 5 müň şertli banka miwe we gök önümleri gaplaýan kärhana geljek ýylda miwe we gök önümleri gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrar. Netijede, ýerli ilat üçin goşmaça iş orunlary-da dörär.
Welaýatda maldarçylyk öňdebaryjy pudak bolmak bilen, geljek ýylda hem hojalyklaryň ähli toparlarynda mallaryň we guşlaryň baş sany köpeler. Tamamlanyp barýan ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan S.A.Nyýazow adyndaky etrapda önümçilik kuwwatlylygy ýylda 7 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk hojalygy, Gubadag etrabynda 200 baş gara mallary saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumy ulanylmaga berildi. Geljek ýylda Köneürgenç etrabynda gara mallara niýetlenen mal semrediş hojalygyny, Ruhubelent etrabynda ýylda 100 tonna süýt we 80 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Gara mallaryň baş sanyny 1 million 80 müňe, guşlaryň sanyny 4 720 müňe, düýeleriň baş sanyny 16,9 müňe, şeýle hem dowarlaryň sanyny 3 658,5 müňe ýetirmek meýilleşdirilýär.
Ilatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak welaýat üçin uly ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen, geljek ýylda Görogly etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 25 000, Boldumsaz etrabynda 40 000, Gurbansoltan eje adyndaky etrapda 45 000 we Akdepe etrabynda 50 000 kub metr bolan suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.
2022-nji ýyl üçin welaýatyň býujetinde çykdajylaryň möçberi 2058,1 mln. manada deň bolar. Munuň özi şu ýyl bilen deňeşdirilende, 201,6 mln manat ýa-da 10,9 göterim ýokarydyr. Çykdajylaryň 1838,9 mln manat möçberdäki esasy bölegi ýa-da 89,4 göterimi durmuş-medeni çäreleri meýilleşdirmäge gönükdiriler. Çykdajylaryň şu möçberinden 69,3 göterimi bilime, 18,3 göterimi saglygy goraýşa, 2,25 göterimi medeniýete, 0,35 göterimi döwlet durmuş üpjünçiligine we 10,0 göterimi ýaşaýyş jaý jemagat hojalygyna bölünip berler.
Geljek ýyl üçin welaýatyň býujetinde 150 mln manat möçberinde merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlar göz öňünde tutulandyr. Bu serişdeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasyny» ýerine ýetirmäge niýetlenendir.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi 1 müň 300-e golaý ilkinji guramany, 209 müňden gowrak agzany özüne birikdirýän iri jemgyýetçilik guramasy bolup, bitewüligi we agzybirligi mundan beýläk-de berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.
Milli ykdysadyýetiň berkliginiň, döwletiň kuwwatynyň köp derejede agzybirlikde çekilýän zähmete baglydygyna oňat düşünýän welaýatyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna her bir zähmet adamynyň bagtyýarlyk döwrüne kybap belent ruh bilen işlemegi ugrunda tagalla edýär.
Aşyrdurdy ALLAÝEW,