Milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna dünýä ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde öz oňyn netijelerini görkezen öňdebaryjy tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Bu barada «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» hem aýratyn nygtalýar. Maksatnama laýyklykda, karz edaralarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak, banklaryň serişdeler binýadyny artdyrmak, banklarda elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur bolan tehniki we programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil usullaryny ulanmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Milli bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli täzelenýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmeklige gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar, hususan-da müşderilere hödürlenilýän bank önümleri diwersifikasiýalaşdyrylyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda, täze hyzmatlary yzygiderli bank ulgamyna girizmek, müşderiler bilen işlemegiň täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär.
Ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara tejribäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Bu işleriň netijesinde ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň, ornaşdyrylan töleg terminallarynyň, bankomatlaryň sany, şeýle hem sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Halkbank-terminal», «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» ulgamlarynyň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin
tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilen. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly bu hyzmatlaryň amatlyklaryndan peýdalanyp bilýär.
Türkmenistanda kartly töleg ulgamyny özgertmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär, bu ulgamda täze hyzmatlardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup çykyş edýän milli töleg ulgamynyň halkara töleg ulgamlaryna işjeň goşulyşmagy netijesinde töleg amallarynyň sany düýpli artýar. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň ösmegi hasaplaşyklary geçirmekde çykdajylary azaltmaga, tölegleriň we hasaplaşyklaryň usullarynyň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär.
Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenilýän nagt däl hasaplaşyklar boýunça bank hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň yzygiderli artmagy we bu kartlar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi nagt däl hasaplaşyklar ulgamynda oňyn özgertmeleriň alnyp barylýandygyny subut edýär. Bank hyzmatlarynyň has kämil görnüşleriniň girizilmegi, bu ugurda daşary ýurt tejribesiniň düýpli öwrenilmegi, şeýle-de onuň milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulyp, olaryň ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrylmagy bank işiniň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmegine, hyzmatlaryň görnüşleriniň giňemegine, bank ulgamynyň müşderileriniň sanynyň yzygiderli artmagyna we milli banklaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Maýagözel ŞABERDIÝEWA,