«Çeperiň» hyrydarly önümleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden täze görnüşli önümler öndürilip başlandy. Çagalar hem-de uly ýaşly adamlar üçin iň täze biçüwdäki egin-eşikler, dürli reňkli keltekçelerdir iş geýimleri ilatyň ýokary islegine mynasyp boldy. 

                                                                   

Fabrik boýunça geçen ýylda jemi bahasy 19 million 695 müň manada deň bolan önüm öndürilip, ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Döwrebap tikin enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi, işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde önümçiligiň ähli ugurlary boýunça 181,9 göterim ösüş gazanyldy. Häzirki wagtda fabrikde tikinçileriň, dürli hünärli işgärleriň 200-e golaýy zähmet çekip, şolaryň agramly bölegini ýaşlar düzýär. 

                                                                   

Welaýat merkeziniň gözel künjeginde hereket edýän senagat kärhanalarynyň hatarynda ýerleşýän bu fabrik adyna kybap çeper hem-de ýokary hilli önümleri, ýylyň-ýylyna gazanýan oňat zähmet netijeleri bilen tapawutlanýar. Halkara hil ölçegleriniň ösen talaplaryna laýyk gelýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek arkaly oňat ykdysady görkezijilere eýe bolmak, innowasion işläp taýýarlamalara we ýokary tehnologiýalara daýanmak, döwrebap enjamlaryň sazlaşykly işledilişini gazanmak babatda bu ýerde göwnejaý işler alnyp barylýar. Fabrigiň ykdysatçysy Dilfuza Allaniýazowa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça yzygiderli geçirilýän hojalyk-tehniki çäreleriň önüm öndürilişini ýokarlandyrmaga, uly islegli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, fabrigiň ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini maglumatlar arkaly delillendirýär.  Häzirki wagtda bu ýerde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilip, şolaryň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Geçen ýylyň dowamynda fabrik boýunça ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da Döwlet serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy. Fabrigiň çeper elli tikinçileriniň täze biçüwdäki tikin önümleri gözelligi, nepisligi, özüne çekijiligi, öwşün atýan reňkleri, döwrebaplygy bilen ilat arasynda ýokary islege eýe bolýar. Şu ýylyň ilkinji aýynda täze eýýamymyzyň talaplaryna laýyk gelýän täze görnüşli egin-eşikler, öý hojalygy üçin zerur bolan ýorgan-düşekler we beýleki tikin önümleri üçin dürli ýerlerden buýurmalaryň hem ýüztutmalaryň sany has-da köpeldi. Dürli ulgamlardyr kärhanalar bilen ygtybarly hyzmatdaşlyk etmek bolsa işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Ýokary önümçilik netijesini gazanmak, dürli görnüşli tikin önümlerini öndürmek üçin fabrikde düýpli önümçilik-tehniki, guramaçylyk işleri geçirildi, kärhana doly döwrebaplaşdyryldy, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän iň kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy.

 Bu ýerde halypa-şägirtlik ýoly mynasyp dowam etdirilip, fabrige täze işe gelýän ýaş tikinçiler halypalara berkidilýär. Çeper elli tikinçiler Täzegül Ataýewa, Dilber Hudergenowa, Aýmanjan Maşaripowa, Aýna Kulbaýewa gündelik gazanýan iş netijeleri bilen has-da tapawutlanýarlar, geçirilýän pudagara bäsleşiklere gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeläp gelýärler. «Çeper» tikin fabriginiň binasyndaky «Altyn asyr» atly dükanda kärhanada bölek-satuw üçin täze biçüwde tikilen önümleriň dürli görnüşleri, şeýle-de pudagyň beýleki kärhanalarynyň dokma önümleri müşderilere ýetirilýär. Öňdebaryjy fabrigiň ussat tikinçileri netijeli zähmet çekmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Amanmyrat SAPAROW.

                       

«Türkmenistan».