Diýarymyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan «gara altynyňdyr» «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak bu binýatlyk pudagyň baş wezipesi bolup durýar. Ol Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda hem esasy şert bolup durýar. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek öňe sürülýär.
Uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini gazanmakda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Balkanabatdaky abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär. Bu ýerde iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk edýän işçidir hünärmenler konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirýärler. Kärhananyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, ýonujylarynyň, iş gurallardyr ätiýaçlyk şaýlaryny ýasaýjylarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň, demirçi ussalarynyň, ýylmaýjylarynyň... ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelýär. Kärhananyň bölümlerindäki abatlaýyş enjamlarynyň 150-ä golaýynyň hemişe gurat saklanmagy oňat netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Zawodyň ussat hünärmenleri geologiýa-gözleg işlerinde hem-de uglewodorod çig mallaryny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary (sorujylary) abatlap, olara “ikinji ömür” berip, ulanyş möhletini artdyrýarlar.
Konserniň kärhanalaryna häzirki zaman dünýäsiniň kämil tehnikalarydyr tilsimatlary ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem zawodyň abatlaýjylary, inžener-tehniki işgärleri öz hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Maddy-tehniki binýadynyň günsaýyn berkemegi, önümçiligiň döwrebap derejä göterilmegi nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň, burawlaýjylaryň işiniň netijeliligini üpjün etmäge oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerdäki bug-gazan sehindäki enjamlaryň sany 50-den geçýär. Nebitgaz senagaty we buraw enjamlaryny düýpli abatlaýyş sehinde 30-dan, mehaniki sehde 50-den gowrak, metal guýujy bölümde 20-ä golaý, rezin-mehaniki önümler bölüminde hem şonça dürli maksatly enjamlaryň jemlenmegi zawodyň hyzmat ediş çygrynyň juda giňdigini görkezýär. Zawodda halypa-şägirt gatnaşyklary hemişe üns merkezinde saklanylýar. Merkezleşdirilen nasos meýdançasynyň uly ussasy Muhammet Baýramalyýew, rezin-tehniki meýdançasynyň uly ussasy Dawut Täçmämmedow, mehaniki sehiň tokary Röwşen Saryýew, frezerçisi Amangylyç Hallygylyjow, elektrogaz bilen kebşirleýjisi Toýgeldi Aýtjanow, demir guýujy meýdançanyň ussasy Bagtygül Mämmedowa ýaly halypalar özlerine berkidilen şägirtleri ussat hünärmenler edip ýetişdirmäge çalyşýarlar.
Geçen ýyl kärhanada amala aşyrylan abatlaýyş-mehaniki işleriň pul hasabyndaky umumy möçberi 6 million 694 müň manada barabar boldy. Bu görkezijiniň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 1,7 million manada golaý artykdygyny aýratyn nygtamak gerek. Aslynda, kärhanada konserniň önümçilik düzümlerinden gelýän sargytlary öz wagtynda ýerine ýetirmek asylly däbe öwrüldi.
Pudakda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak, ulgamda heniz peýdalanylmaýan içki mümkinçiliklere aýratyn üns bermek boýunça döwlet tabşyryklary üstünlikli amala aşyrylýar. Zawodda ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýerini tutýan önümleri ýasamak, olaryň hatardan çykanlaryny gaýtadan dikeltmek işleri göwnejaý alnyp barylýar. Geçen ýyl kärhanada buraw desgalarynda oturdylýan turbalary aýlaýjy enjam hatardan çykansoň, ony gaýtadan dikeldip, ulanyşa taýýarlamak hem üstünlikli ýerine ýetirildi. Munuň özi köp möçberde maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Abatlaýjylar şu günler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem uly zähmet üstünliklerine beslemek üçin iş depginini has-da ýokarlandyrýarlar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.