Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini we eksportyny artdyrmak, energiýa üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ony ulanmak arkaly senagat önümçiligi kärhanalarynyň gurulmagy pudagy ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi. Alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak üçin gysga wagtyň içinde iri taslamalar amala aşyryldy. Täze kuwwatly elektrik beketleri gurlup ulanmaga berildi.
Ýurdumyzyň çäklerinden müňlerçe kilometr uzap gidýän elektrik geçirijileriň birnäçesi täzelendi. Täze energetika enjamlary oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi dünýä we sebit energetika ulgamynda ägirt uly ähmiýete eýedir. Özümizde sebitde we dünýäde deňi-taýy bolmadyk senagat kärhanalary hereket edýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, olarda elektrik energetika pudagyny ösdürmek boýunça hem wezipeler kesgitlendi.
Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda pudagyň ösüşiniň taryhy, şu güni hem-de geljegi barada jikme-jik gürrüň edilýär. Bu gymmatly kitapda Garaşsyzlyk ýyllarynda pudaga ykdysadyýetimiziň möhüm ugry hökmünde garalyp, ony ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi aýdylýar. Ýeliň, Günüň, suwuň we beýleki alternatiw çeşmeleriň energiýasyndan peýdalanmagyň gerimini giňeltmek, olary ýurdumyzda giňden ornaşdyrmak dogrusynda bellenip geçilýär.
Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary alym Arkadagymyzyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek baradaky işlerinden ruhlanyp, birnäçe ylmy işleri alyp barýar. Ýokary okuw mekdebiniň wodorod energetika merkezinde ylmy-barlaglar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu energiýa çeşmesiniň öndüriliş usullaryny seljermek, olardan ykdysady taýdan bähbitli, daşky gurşawa zyýansyz usullary saýlap almak wajyp wezipeleriň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy gözlegler energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Ene ORAZBERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.