Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy

Gah­ry­man Arkadagymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Arkadag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam hak­da ala­da ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ru­dyr. Mu­nuň özi äh­li ul­gam­lar­da, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­lip ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler­de, döw­let­li tu­tum­lar­da, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Türkmenistan döwletimizde adamlar hakdaky alada örän wajyp wezipeleriň biri bolup, ýylyň-ýylyna Döwlet býujetinde zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ýokarlandyrmak barada möhüm işler alnyp barylýar. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, iş orunlary, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi we beýleki meseleler babatda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeler halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagyna getirýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

ХХI asyryň başynda ýurdumyzda durmuş innowasiýalaryny goldamagyň zerurlygy ýüze çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda çykaran 11061-nji belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durmuşa gönükdirilen innowasiýa nusgasyna geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu resminamanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak, bazar-ykdysady we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşini gazanmak, durmuş ulgamynda hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirmegiň netijesinde, adamyň ruhy taýdan ösüşiniň ýokary derejelerde bolmagyny üpjün etmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatynda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere üns çekildi. 

                                                                   

ХХI asyrda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşiniň toplanan kuwwaty dürli görnüşli durmuş-ykdysady ulgamlarda (dünýä ykdysadyýetinden başlap, hojalygy alyp barmagyň aýratyn subýektlerine çenli) bolup geçen düýpli özgertmeleriň esasy sebäbini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmak  milli we ählumumy ykdysadyýetiň ösüşiniň esasy faktoryna öwrüldi. Olaryň täsiri netijesinde, aýratyn sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyndan sanlylaşdyrylan durmuş-ykdysady ulgamlaryň toplumlaýyn gurulmagyna geçmek prosesi bolup geçýär. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» zähmet we pensiýa ulgamynyň sanly hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, adamlar üçin pensiýa üpjünçiliginde özlerine dahylly maglumatlary uzak aralykdan almaga mümkinçilik döretmek, pensiýa gaznasynyň edaralarynda ilata Internetiň üsti bilen maglumatlary ýetirmegi ýola goýmak, iş üpjünçiliginde iş bilen üpjünçilik edaralarynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmak we ilatyň iş bilen üpjünçilik çygrynda sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran 2136-njy belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda» ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen ilaty durmuş taýdan goramak hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek, döwrüň talabyna laýyklykda hyzmatlaryň görnüşlerini kämilleşdirmek we artdyrmak bellenilendir. 

                                                                   

Häzirki zaman maglumat tehnologiýalary edara-kärhanalaryň we adamlaryň arasynda bolup geçýän özara gatnaşygyň hem-de zähmeti guramagyň usullaryny üýtgedýär. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, islendik edara-kärhananyň we guramanyň öňünde duran wezipeleri maglumatlary işjeň özleşdirmezden we olary dessin alyşmazdan çözmek mümkin däldir. 

                                                                   

Ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak esasynda durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek şu günki günüň ileri tutulýan möhüm wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, onuň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurlygynyň ýüze çykmagy tebigydyr. Munuň özi diňe bir durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan durmuş ugry hökmünde goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, McKinsey Global institutynyň maglumatlaryna görä, eýýäm 2036-njy ýylda adam-sagatda aňladylan işiň 2-den 50%-ine çenlisi awtomatlaşdyrylyp bilner, 2066-njy ýylda bolsa bu paý 46-dan 99%-e ýetip biler. 

                                                                   

Täzeçil sanly tehnologiýalaryň durmuş goraglylygy ulgamynyň ähli çygyrlaryna çalt ornaşdyrylmagy we olaryň aňrybaş derejede netijeli ulanylmagy üçin köne usuldan el çekmek we iş prosesini dolulygyna täze görnüşe geçirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy maglumatlary işläp taýýarlamagyň çeýeliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Ençeme asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelýän usul, ýagny ilata hödürlenýän durmuş hyzmatlary baradaky we beýleki maglumatlary, dürli görnüşli hasabatlary we beýleki görkezijileri kagyz görnüşinde çap edilmek bilen deňeşdirilende, wagt taýdan-da, serişde taýdan-da tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, elektron görnüşe geçirilen işleriň çatylyp goýlan görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda hem, islendik pursatda elýeterliliginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde hem tapawutly aýratynlygy bardyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň durmuş goraglylygy çygrynyň edaralarynyň sanlylaşdyrylan ulgamlara yzygiderli birikdirilmeginiň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini belläp geçmek gerek. Durmuş goraglylygy ulgamyna sanly döwrebap tehnologiýalaryň girizilmegi işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna dürli düzümleriň özara gatnaşyklary ýokarlanýar hem-de welaýat, şäher we etrap derejesinde çözgütleri has tiz kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga täze mümkinçilikler döreýär. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygy barada edilýän alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we bejeriş merkezleri lukmançylygyň iň döwrebap tehniki enjamlary bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.