Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde telekeçilere goldaw bermek bilen bagly çözgütleri işjeň durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 4-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek, telekeçiligi höweslendirmek boýunça möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, guşçulyk oba hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda guş eti we ýumurtga, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýär. Olaryň önümçiligini tapgyrlaýyn artdyrmak maksady bilen, iýmlik bugdaýy, mekgejöweni we soýany ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça ýer bölekleri bölünip berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijilere goldaw bermek hem-de guş etiniň we ýumurtganyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekilmegi bolsa bu ugruň has-da ösmegine ýardam eder.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen bäş aýynda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim ýokarlandy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy. Ýanwar — maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Umuman, guramaçylykly işleriň netijesinde jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,2 göterim möçberde boldy. Şeýle ösüşler Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna esaslanýan bazar gatnaşyklarynyň giň gerim bilen ornaşdyrylmagynyň, hususy telekeçilere berýän hemaýat-goldawlarynyň esasynda gazanylýar.
Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmagyň Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurdaky kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmäge üns berilmegi netijesinde döredilen kanunçylyk binýady hem ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, kiçi, orta we iri telekeçiligiň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda beýik işleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Döwlet MÄMMETESENOW,
«Dor bedew» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.