Mukaddes topragymyzyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna hyzmat edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatly ýerleri, önümçilik desgalaryny «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde bimöçber uly işler bitirildi. Şonuň netijesinde bu durmuşy eşret welaýatymyzyň iň çetki obalarynyňdyr şäherçeleriniň ilaty üçin hem elýeterli boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde welaýatymyzda ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumynyň iri önümçilik desgalarynyň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň arasynda kuwwatly döwlet elektrik stansiýalary hem bar. Ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň berk binýadyny emele getirýän desgalaryň tebigy gazda işleýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Olary ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen gaz geçirijileri çekildi. Şonuň netijesinde häzirki wagtda biziň bölümimiziň ygtyýaryndaky gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 1517 kilometre ýetdi. Golaýda onuň üstüne uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly Üçajy — Zerger gaz geçirijisi hem goşuldy. Ol geçen ýylda Çärjew etrabynyň çäginde işe girizilen kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny we welaýatymyzyň ilatly ýerlerini tebigy gaz bilen has ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Üçajy gaz käninden gözbaş alýan gaz geçirijini desgalandyrmak işini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama müdirliginiň ussat binagärleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Olaryň diňe bir welaýatymyzyň çäginde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde nebitgaz toplumynyň möhüm desgalaryny gurmakda ýokary başarnyk we ussatlyk görkezýändiklerini bellemek ýerlikli bolar. Gurluşykçylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynda hem tutanýerli zähmet çekýärler. Hytaý döwletine türkmen tebigy gazynyň akdyrylýan möçberiniň barha artdyrylmagynda gaz gurluşykçylarymyzyň mynasyp zähmet paýlary bar.
Arkadagly Serdarymyzyň Lebap topragyna amala aşyran toý sapary ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine hemaýat berjek kämil desganyň we kuwwatly gaz geçirijiniň ulanylmaga berilmegi ýaly şatlykly wakalara utgaşdy. Täze gaz geçiriji hem uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna hyzmat eder. Tebigy gazymyz — sowulmaz ýazymyz bolup, dünýä ýylylyk we nur paýlar. Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, ähli tutumly işleri rowaç alsyn!
Geldimyrat ROZYÝEW,
«Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap bölüminiň esasy inženeri.