Ýurduň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag düzüminiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyz bu ugurdaky ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ulag ulgamynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirýär.
Gadymy döwürlerden bäri üstünden sebitiň wajyp söwda ýollary geçen Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň dünýä kommunikasiýa giňişligindäki möhüm ornuny pugtalandyrýar. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň yklymüsti ulag geçelgeleriniň çatrygy hökmündäki derejesi has-da ýokarlandy. Soňky ýyllarda awtomobil ýollarynyň milli ulgamy giňeldi. Halkara ulag gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegi ýurdumyzyň sebitleriniň ösüş depginine kuwwatly itergi berdi.
Bu pudagyň düzümi yzygiderli kämilleşdirilýär, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan täze howa menzilleri we köprüler gurulýar, polat ýollar, awtobanlar çekilýär. Ulag ulgamynyň üsti häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde belleýşi ýaly, ýurdumyzyň multimodal logistik mümkinçiliklerini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly we bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek zerurdyr.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, utgaşykly sebit hem-de sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňzi, Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän döwletara üstaşyr geçelgeleri gurmak boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagyny ösdürmek, dünýäniň ösen tehnologiýalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Ukrainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we awtomobil köprüsini hem-de onuň eltiji ýollaryny 2024-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Ýokary ekologik we howpsuzlyk ölçeglerine laýyk gelýän amatly gurşawy döretmegiň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalaryna bildirilýän esasy talapdygyny bellemek gerek. Hut şonuň üçin hem taslamalar taýýarlanylanda, tehniki seljeriş işini nazara almak zerurdyr we oňa ekologik nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn ähmiýet berilmelidir.
Garabogaz köl aýlagynyň üstünden guruljak täze köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag geçelgesiniň wajyp inženerçilik desgasyna öwrüler. Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoluna birikdirilýän degişli desga eltiji ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny has-da artdyrar we logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrar, wagty tygşytlar. Şeýle hem goňşy döwletler bilen halkara üstaşyr ulag we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine mümkinçilik berer.
Öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary peýdalanmak bu taslama durmuşa geçirilende esasy talapdyr.
Mälim bolşy ýaly, Ukrainanyň iri “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ulag düzümini ösdürmek boýunça möhüm taslamalary ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Lebap welaýatynda ulag-kommunikasiýa düzümine degişli birnäçe möhüm desgalar, Türkmenabat şäherindäki täze Halkara howa menzili, Türkmenabat bilen Farabyň aralygyndaky Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri hem-de beýlekiler bar.
Döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde, Ýewraziýa ykdysady zolaklarynyň baglanyşdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Ýewraziýa ykdysady zolaklarynyň birikdirilmegi Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykmak üçin zerur bolup durýar.
Täze düzümleýin desganyň gurulmagy tutuş dünýäde ýük gatnawlary bilen meşgullanýan logistika guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer. Şunuň bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan, köpriniň we oňa barýan ýoluň gurulmagy taýýar önümleri awtoulag bilen daşamakda we Garabogazyň ägirt uly baýlyklaryny özleşdirmekde wajypdyr.
Garabogaz köl aýlagy dünýäde seýrek duş gelýän künjekleriň biridir. Bu ýerde sulfat natrisiniň, beýleki gymmatly minerallaryň tebigy şertlerde kristallaşmasy bolup geçýär we ol senagat derejesinde alnyp barylýar. Bu önümler aýna, kagyz, sintetiki ýuwujy serişdeler, zyýansyzlandyryjylar, deri, demir, himiýa, dokma, gurluşyk senagatynyň önümçiliklerinde, oba hojalygynda giňden peýdalanylýar.
Balkan welaýatynda mineral we çig mal serişdelerini senagat taýdan özleşdirmek üçin häzirki zaman gaýtadan işleýän toplumlar döredilýär. “Garabogazkarbamid” kärhanasynyň gurluşygy milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň, köpugurly esasda ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime we gazhimiýa pudagyny ösdürmekde ähmiýetli tapgyra öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz aýlagyň himiki gorlaryny, tebigy aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmegiň, alymlaryň ugurdaş düzümleriň hünärmenleri bilen degişli işleri geçirmekleriniň zerurdygyna birnäçe gezek ünsi çekdi.
Ýurdumyzda Watanymyzyň yklymyň söwda ýollarynyň çatrygynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýän döwrebap we ýokary netijeli ulag düzümini döretmekde ägirt uly ähmiýeti bolan çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasy gurulýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalaryň hatarynda häzirki zaman köprüleriniň gurluşygy bar. Şol sebäpli hem köpri gurluşygynda dünýä tejribesi Arkadagly Serdarymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýar hem-de döwlet Baştutanymyz ulag-kommunikasiýa ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary öwrenmegiň, iş tejribesine ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtaýar.
Bar bolan awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we täze ulag ýollaryny gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi döwletimiziň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, şeýle hem ulag-logistika düzümini köpugurly esasda ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Bu ugurdaky bar bolan özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan döredijilikli başlangyçlary gönükdirilendir. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalar Hazar sebitiniň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyny şertlendirýär hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ekologik taýdan ygtybarly gorag ulgamyny döretmek meselelerine möhüm üns berilýär. Şunda bu sebitde täze gurulýan kärhanalaryň, senagat desgalarynyň gurluşyklary tebigaty goramak boýunça ykrar edilen talaplara doly laýyk gelmelidir.
“Açyk gapylar” we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän ýurdumyz sebit we dünýä döwletleri üçin köp şahaly üstaşyr ulag geçelgeleri döredýär hem-de täze köpri multimodal ulgamyň möhüm bölegi bolar.
Bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýän Türkmenistan sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini ýerine ýetirmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ähmiýetli çözgütleri kabul etmek boýunça umumy tagallalara ägirt uly goşant goşýar.
Sebitara we halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň gurluşygy goňşy döwletleriň tagallalarynyň üstünlikli utgaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Halkara ölçeglere laýyk gelýän köpugurly awtobanlaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny bellemeli. Bu ýol Türkmenistanyň çäklerinden ähli ugurlar boýunça geçip, ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ygtybarly ulag geçelgelerini üpjün eder. Oba ýollarynyň ösdürilmegine, ýük we ýolagçy gatnadýan awtomobil düzümleriniň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär.
Türkmenistanda ähli ulag ýollarynyň doly döwrebaplaşdyryljak, täze köprüleriň, ähli zerur düzümi bolan ýokary tizlikli awtobanlaryň guruljak wagty indi daşda däl. Şunda transmilli awtomobil ýollarynyň gurluşygynda halkara ülňüleriň berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ýollary düzümleri milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmak, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegini üpjün edýär.
Ulag pudagyny kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler adam hakdaky aladanyň, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynyň esasyny düzýär. Bu ugurdaky işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan we geljegi nazarlaýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
(TDH)