durnukly görkezijiler üpjün edilýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisde habar berlişi ýaly, ýakynda geçirilen ählihalk forumynda kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryndan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda berlen tabşyryklara laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Saýlaw kodeksiniň kadalary esasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar, häkimlikler, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan bilelikde bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresine taýýarlyk işleri dowam edýär.
Şu ýylyň birinji aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatdan görnüşi ýaly, geçen aýda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden
5,8 göterim köpeldi. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy
115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 97,4 göterim berjaý edildi. Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, düzümleýin we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2023-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly derejede saklamagyň, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň depginli ösmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlary diňläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, şu ýyl tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny düýpli artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek, önüm berijiligi peselen guýulary abatlamak, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Garagum derýasynyň durkuny täzelemek we kenaryny berkitmek işlerine girişmek üçin taýýarlyk görüp başlamak, bu ugurda edilmeli işleriň taslamasyny taýýarlamak, ony amala aşyrjak potratçyny gözlemek, Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek, döwrebap läbik sorujylary we ýörite tehnikalary satyn almak boýunça degişli işleri alyp barmak baradaky meseleleri üns merkezinde saklamak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisde ýanwar aýynyň deslapky netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek möhümdir. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr. Ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döretdi.
Pudak ýolbaşçylary tarapyndan işleriň belli bir derejede alnyp barylýandygyna garamazdan, heniz pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow indiki hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Mejlisde geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler, döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Sanlar, maglumatlar:
- Şu ýylyň ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.
- Hasabat döwründe öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy.
- Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 97,4 göterim berjaý edildi.
- Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
- Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim ýokarlandy.
- Geçen aýda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirildi.
- Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,2 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini bolsa 108,6 göterime barabar boldy.
- Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 114 göterim, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 106 göterim üpjün edildi.
- Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artykdyr.