Durmuş-ykdysady ösüşiň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň esasy aýratynlygy onuň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändigindedir. Şu ýylyň 10-njy fewralynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen taryha giren 2022-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Ýediýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, 2023-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alýan bu resminamada durnukly ykdysady ösüşiň binýadyny düzýän makroykdysady görkezijileriň anyk kesgitlenmegi, şeýle-de ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň bellenilmegi bu ugurda ulanylan täzeçil çemeleşme bolup, ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän halk bähbitli, ýurt ähmiýetli giň möçberli işleriň dowamatynyň dowam boljakdygyndan habar berýär. 

                                                                   

Maksatnamalaýyn ösüş döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli usullarynyň biri bolup, ol durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýakyn, orta we uzak möhlete niýetlenen birnäçe maksatnamalaryň hereket etmegi geljekki ösüş ugurlarymyzyň takyk hasaplamalara, berk ylmy esaslandyrmalara laýyklykda, örän oýlanyşykly kesgitlenendigine güwä geçýär. Şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň kabul edilen we täze kabul edilýän ähli maksatnamalaryň içinden eriş-argaç bolup geçmegi guwanarlykly ýagdaý bolup, ol adam ölçegli ykdysady ösüşiň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejede saklanylmagy, şol sanda senagatda 6,3 göterim, söwdada 8,9 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 4,5 göterim, oba hojalygynda 5,7 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7 göterim, önümleriň eksportynyň 43,6 göterim artmagyna ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şeýle-de sebitleriň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaýyn çemeleşmäniň oňyn netijeleri hökmünde baha bermek bolar.  

                                                                   

Dünýä ösüşiniň häzirki döwri —  maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam edýän, beýleki döwletler bilen özara baglanyşygyň has-da güýçlenýän döwri. Durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şeýle çylşyrymly şertlerinde milli ykdysadyýetiň ösüş depginini durnukly saklamak meselesi gün tertibiniň wajyp meseleleriniň biri bolup, bu ýagdaý oňa tiz seslenmäge ukyply bolan usullaryň, çemeleşmeleriň gözlenilmegini talap edýär. Bu milli ykdysadyýeti döwrüň çagyryşlaryna laýyklykda dolandyrmagyň inkär edip bolmaýan şertleriniň biridir. Maksatnamalaýyn çemeleşme şeýle usullaryň biri bolup, onda häzirki ösüş tapgyrynda wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen maksatlary netijeli durmuşa geçirmegiň ýollaryna, gurallaryna, serişdelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Belli bir maksat bilen işlenip taýýarlanýan milli maksatnamalar häzirki zaman ösüşiniň durmuş-ykdysady häsiýetli meselelerini çözmegiň usuly hökmünde peýdalanylýar. 

  Ösüşiň täze eýýamynda ýurdumyzda maksatnamalaýyn usulyň giňden ulanylmagyna ünsüň güýçlenmegi onuň saýlanan ugurlarda tizleşdirilen ösüşi üpjün etmäge, has takygy, döwleti mundan beýläk-de berkarar etmek üçin wajyp strategik maksatlaryň kesgitlenen möhletlerde durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu kanunalaýyklyk ýurdumyzy ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasynda has aýdyň ýüze çykýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlar özüniň gurşap alýan möhüm syýasy, ykdysady, durmuş we medeni wezipeleriniň gerimi hem-de möçberi boýunça beýlekilerden tapawutlanýar. Onda göz öňünde tutulan özgertmeleriň aglaba böleginiň ilatyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglylygy ýurdumyzda geljekki 30 ýylda-da adam bähbitlerine gönükdirilen işleriň dowam etdiriljekdiginiň aýdyň güwäsidir. Hususan-da, uzak möhleti nazarlaýan maksatnamada «Adam maýasyny ösdürmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak» bilen bagly maksadyň esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenmegi ata Watanymyzda adam mertebesiniň dabaralanýandygyna şaýatlyk etmek bilen, raýatlaryň abadan durmuşy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygynyň we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.  

                                                                   

Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşyny goramak «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen ýedi maksadyň ilkinjisi bolup durýar. Ol hem tötänden däldir. Onuň düýp manysy halkyň bähbitleriniň ileri tutulýandygynyň ýene-de bir aňlatmasy bolup, şunda özenini düzýän «howpsuz ýaşaýyş» düşünjesiniň mazmunyny aýdyňlaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Ylymda bu adalga «adamyň we jemgyýetiň howpsuz ýagdaýy üçin zerur bolan şertler» hökmünde häsiýetlendirilýär. Adam tebigatynyň we durmuşynyň köptaraply, köpöwüşginli bolşy ýaly, onuň howpsuz ýaşaýşyny üpjün edýän şertler hem öz köpgörnüşliligi we köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Islendik adamyň iýmek-içmek, geýinmek ýaly dogabitdi maddy isleglerinden soňra howpsuz ýaşamak isleginiň ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýandygy ylymda subut edilen hakykat. Howpsuz ýaşaýşyň mazmuny ýönekeý dilde düşündirilende, ilki bilen, onuň raýatlaryň bähbitlerinden, erk-isleglerinden ugur alynýandygyndadyr. Olar adamyň gaz, suw, elektrik energiýasy ýaly durmuş eşretleri, ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligi, durmuş hyzmatlarynyň elýeterliligi ýaly görkezijilerden ybarat bolup durýar. Bu şertleri döretmek döwletiň paýyna düşýär. Maksatnama boýunça geljek ýedi ýylda ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek üçin uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirmek meýilleşdirilýär. Özleşdirilmegi göz öňünde tutulýan serişdeleriň howpsuz ýaşaýşy kesgitleýän ugurlara gönükdirilmeginiň ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigi gümansyzdyr. Raýatlaryň isleg-hajatlarynyň kanagatlandyrylyş derejesi näçe ýokary bolsa, şol ýurduň abadançylyk derejesiniň şonça-da ýokary bolýandygyna döwletimiziň şu günki tejribesinde göz ýetirmek mümkin.  

                                                                   

Häzirki döwürde hereket edýän 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlaryň şäherlerini we obalaryny ösdürmek boýunça zerur işleriň amala aşyrylmagy durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesiniň ýokarlanmagynyň hem çeşmesini emele getirýär. Bu işler oba ýerlerinde durmuş infrastrukturasynyň güýçli depginde ösdürilmegine ýardam bermek bilen bir hatarda, oba ilatynyň howpsuz we oňaýly ýaşaýşy üçin döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini-de tassyklaýar.  

                                                                   

Dünýä tejribesi durmuş-ykdysady ösüşde döwletiň artykmaç orun tutýandygyny görkezýär. Sebäbi döwletiň amala aşyrýan wezipeleri ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlaryny gurşap alýar we wagtyň geçmegi bilen olary yzygiderli kämilleşdirip durmak zerur şertleriň biri hasaplanýar. Hususan-da, dünýä ykdysadyýetinde özgerişlikleriň tiz bolup geçýän şertlerinde durmuş meselelerini döwlet tarapyndan kadalaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu häsiýetli aýratynlyk Garaşsyzlyk ýyllarynda işlenip taýýarlanylýan ähli maksatnamalara mahsus bolup, onuň ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda geçirilen düýpli özgertmeleriň maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylmagyna, netijede, ösüşde oňyn netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik bermegi bu usulyň netijeliliginden habar berýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döwlet syýasatynda kesgitlenen strategik maksatlaryň köpüsi ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Islendik ugurda özgertmeleri amala aşyrmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleriniň zerurdygy kanunalaýyk ýagdaý. Bu gün eziz ýurdumyz iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýan döwletleriň hatarynda tanalýar. 2022-nji ýylda, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu makroykdysady görkezijiniň 14,2 göterim artmagy amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýetinden habar berýär. 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar. Şunda ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göterimini önümçilik desgalarynyň, galan 44,4 göterimini durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Hususan-da, täze taryhy döwürde kabul edilýän maksatnamalarda adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen syýasata aýratyn ünsüň berilmegi onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýgytlaýjy orun eýeleýändigini aňladýar. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň bäsdeşlik artykmaçlyklary belli bir derejede toplanan we amala aşyrylan adam maýasy arkaly kesgitlenýär. Orta we uzak möhletlere niýetlenen maksatnamalarda ylym-bilime, saglyk ulgamyna, medeniýetiň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň uly möçberlerde göz öňünde tutulmagy, ilkinji nobatda, bu ulgamlaryň adam maýasynyň döremegine we ösdürilmegine göni täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşyklydyr.  

                                                                   

Aslynda, adam — ýaşaýan jemgyýetiniň miwesi. Jemgyýetiň agzasy hökmünde onuň, bir tarapdan, täze gymmaty dörediji, ýagny işçi güýjüniň eýesi, beýleki tarapdan, öndürilen jemgyýetçilik nygmatlaryny sarp ediji hökmünde çykyş etmegi abadan ýaşaýşy üpjün etmekde döwlet tarapyndan iki çemeleşmäniň ulanylmagyna itergi berýär: täze iş orunlarynyň döredilmegi döwletiň ykdysady kuwwatynyň artmagyny şertlendirýän bolsa, onda ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi döwletlilik esaslarymyzyň has-da berkemegine ýardam berýär. Şu döwre çenli ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipesinden ugur alýan döwlet maksatnamalarynyň ählisinde iş üpjünçiligi we durmuş çygryndaky meselelere aýratyn orun berlip gelinýändigini şu sebäpler bilen düşündirip bolar. Sebäbi maşgalanyň maddy üpjünçilik derejesini kesgitleýän iş bilen üpjünçilik girdejileri artdyrmagyň çeşmesi bolup durýar. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimde ösdürilýän senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatlary täze iş orunlarynyň üznüksiz döredilmegini şertlendirýär. Giňişleýin Hökümet mejlisinde geçen ýylda 4 müň sany täze iş orunlarynyň döredilendigi barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýratyn belläp geçmegi, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilendigini delillendirmek bilen, 2023-nji ýyl üçin kabul edilen Maksatnamada ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda birnäçe çäreleriň göz öňünde tutulmagy bu işleriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem dowam etdiriljekdigini aňladýar. 

                                                                   

Önümçiligi ösdürmek arkaly ilatyň pul girdejilerini artdyrmak täze taryhy döwrüň wajyp wezipeleriniň biri bolup, bu görkezijiniň ösüş meýline eýedigi ýurtda durnukly we sagdyn ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy, durmuş goraglylyk derejesiniň kepillendirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. 2022-nji ýylda 76 sany önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň mümkinçiligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ýolunda ädilen ynamly ädimleriň biri bolup, ol, ilkinji nobatda, adam bähbitlerini nazarlaýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň maliýe ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy resminama bolan Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginde durmuş maksatlaryna gönükdirilen maliýe serişdeleriniň möçberi munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklaýar. 2023-nji ýyl üçin tassyklanan Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 göterime golaýynyň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi ýurdumyzda eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goramak, raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukugyny ýerine ýetirmek üçin şertleri döretmek meselesine aýratyn üns berilýändigini, maksatnamalarda bellenen sepgitlerden görnüşi ýaly, geljekde hem durmuş ugurlylygyny saklajakdygyny görkezýär.  

                                                                   

Islendik döwletiň esasy baýlygyny onda ýaşaýan adamlar düzýär. Bagtly adamlaryň we bagtyýar maşgalalaryň sany köp boldugyça, döwletiň binýady şonça-da berk bolýar. Bu durmuşda subut edilen hakykatdyr.  

                                                                                                           

Maýagözel BABAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.