Hormatly Prezidentimiz ilaty ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Bu il-ýurt ähmiýetli işe etrabymyzyň zähmetkeşleri netijeli gatnaşýarlar. Oňa üstümizdäki ýylyň geçen ýanwar aýynyň önümçilik görkezijileri hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Has takygy, geçen aýda etrabymyzyň ähli hojalyklarynda etiň 2,1 müň tonna golaýy, süýdüň 6233 tonna golaýy, ýumurtganyň hem 4 milliona golaýy öndürilip, ilata ýetirildi. Bu görkezijileriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden degişlilikde 1,1 göterim, 0,4 göterim we 7,1 göterim artykdygy bellärliklidir. Häzirki wagtda etrabymyzda gara mallaryň 95 müň başy, dowarlaryň 315,6 müň başy, guşlaryň hem 798 müňe golaý başy idedilýär. Şeýle oňyn netijeler Arkadagly Serdarymyzyň ekerançylary we maldarlary giňden goldamagy, olary has yhlasly zähmet çekmäge höweslendirmegi arkaly gazanylýar.
Biziň etrap birleşmämiziň agzalarynyň aglaba bölegi oba adamlary bolup, olaryň arasynda degişli wagyz-ündew çärelerini giňden alyp barýarys. Olarda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daýhanlary galkyndyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary hakynda buýsanç bilen gürrüň edilýär. Obalarymyzyň barha gözelleşmegi guwandyrýar, ýaşamaga yşky, zähmet çekmäge höwesi artdyrýar. Oba adamlary şeýle ajaýyp ýaşaýşy peşgeş beren Arkadagly Serdarymyza we Milli Liderimize köp-köp sagbolsun aýdýarlar.
Merdan NURMAMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň başlygy.